maral
05.06.2024 21:09
Gözümden ýitseñem, göwnümden ýitme.
Yşky bilen ýüregime han bolan...
Aşyk bolanlaryñ söýgüsi gitse,
Adam bolmaz, gezip ýören san bolar.

Hyýaldan gitseñem, umytdan gitme,
Umytly guş Käbä ýeter soñunda,
Kalba ýara bolda hiç wagt bitme,
Gyş bolsañ bol, ömür-ahyr sowulma.

Dünýämden gitseñem, dünýeden gitme,
Bir ýerlerde barlygyñda bardyryn.
Aýralyk awusy hiç wagt ötmez,
Bil, hemişe didaryña zardygym.

Gülşirin Hanowa
17
42
maral
03.06.2024 17:18
Ýalançylyk, galplyk bilen baýlyk toplamak - çägeden öý guran ýaly bir zat. Ol kän durmaz.

" Baýlygyñ 10 syry " kitabyndan
17
57
maral
30.05.2024 19:28
Bir alym kölüň kenarynda oturanmyş. Ol teşnelikden ýaňa heläk bolup barýan bir itiň suwuň gapdalyna gelip, soňam gorkup yza çekilişini görüpdir. Alym bu ýagdaýa esli salym syn edip durýar. Dogry, köpek suwa teşne, ýöne özüniň suwuň ýüzündäki keşbinden heder edip, oňa ýakynlaşyp bilenok. Ýöne teşneligi gorkusyndan rüstem gelen köpek ahyrsoňy özüni suwa urýar. Elbetde, tolkunlaryň arasynda sudur hem ýitip gidýär. Ol şondan soň suw içip, teşneligini gandyrýar. Häliden bäri köpegi synlap duran alym öz ýanyndan: «Bu ahwalatdan öwrenere zat bar — diýip pikir öwürýär. — Islendik adamyň isleglerine böwet bolýan zat içindäki gorky eken. Içki dünýäňde ulaldylan böwedi ýeňip bilseň, islegleriň amala aşýar». Ýene biraz pikirlenen alym bu ahwalatdan başga has uly bir hakykata göz ýetirýär. Bu hakykat adamyň, hatda ol alym hem bolsa, köpekdenem öwrenip biljek zadynyň barlygydyr. Şonuň üçin bilýänleriňi paýlaş, adamlaryň senden hem öwrenip biljek zady bardyr.

Hasan Ýylmaz "Şu kitaby okap görüñ mugallym"
32
118
maral
29.05.2024 22:53
Gowa ýormak gowulyk getirer. Sen göwnüñi we niýetiñi gowa ýoranyñdan soñ garga-da saña şowlulyk getirer.
13
51
maral
29.05.2024 17:52
Bagyşlamagyñ güýji

Orta mekdepleriniň birinde ýokary synplary okadýan mugallym bir gün okuwçylaryna şeýle teklip bilen ýüzlenipdir:
— Bir durmuş tejribesine goşulmak isleýärsiňiz mi? Okuwçylar örän sylaýan mugallymlarynyň bu teklibine dessine razy bolýarlar.
— Beýle bolsa, mundan soň men näme diýsem, ýerine ýetirjekdigiňize söz beriň!
— Elbetde, okuwçylar söz berýärler. — Indi bolsa ertirki öýe berlen ýumuşlara taýýar boluň. Ertir her biriňiz bir plastiki gap we 5 kilogramdan ýeralma getiriň. Okuwçylar mugallymyň näme etjek bolýanyna känbir düşünmeselerem, ertir synpda ýeralmalardyr torbalar taýýar boldy. Mugallym özüne uly gyzyklanma bilen seredýän gözlere seredip şeýle diýdi:
— Indi şu güne çenli bagyşlamadyk her bir adamymyz üçin bir ýeralma alyň-da, ýeralmanyň ýüzüne onuň adyny ýazyp, gaba goýuň. Okuwçylar işe girişýär. Az salymdan kimsiniň torbasynda iküç ýeralma görünýän bolsa, käbiriniň torbasy agzyna çenli ýeralmadan doly diýýär. Mugallym özüne: «Ýeri, indi näme bolarka?» diýýän nazar bilen seredýän okuwçylaryna bakyp, işiň indiki ädimini yglan etdi — Bir hepdäniň dowamynda nirä gitseňizem, bu ýeralmaly torbalar ýanyňyzda bolsun. Ýatanyňyzda, awtobusda, synpda, garaz, hiç bir ýerde olary gapdalyňyzdan goýmaň. Ezýetli hepde geçýärem welin, okuwçylar mugallym synpa girip-girmänkä, şikaýat ýagdyryp başlaýarlar:
— Ýoldaş mugallym, beýle agyr torbany ähli ýere süýrekläp ýörmek juda kyn.
— Ýeralmalar porsap başlady. Adamla indi maňa birhili seredýär. Ýüregimize düşdi, ýadadyk. Mugallym ýylgyrdy-da, okuwçylaryna şeýle diýdi:
— Görýäňizmi, kimdir birini bagyşlamazlyk bilen, aslynda, özüňizi jezalandyrýarsyňyz. Özüňizi ruhy dünýäňizde agyr ýüki daşamaga mejbur edýärsiňiz. Bagyşlamazlyk ar almakdyr öýdüp pikir edýärsiňiz, ýöne bagyşlamak, ilkinji nobatda, özümize edýän ýagşylygymyzdyr.

Hasan Ýylmaz " Şu kitaby okap görüñ mugallym" 📚
21
135
maral
28.05.2024 22:47
Özümden uzak, ýüregime ýakyn bir ýerde sen...
16
67
maral
28.05.2024 15:47
Adamdan şu üç zady gözläñ:
1. Ýürek
2. Akyl
3. Dogruçyllyk
Ýöne eger onda 3-nji ýok bolsa, başdaky ikisini gözläp azara galmañ...

- Audrey Hepburn
24
100
maral
28.05.2024 00:03
Iñ uly ýalñyşlyk - öz ýalñyşyñy bilmezlikdir.

- T Carlyle
23
52
maral
27.05.2024 23:23
O günler...

O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da
Şeýlemikä bagtly günleň ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.

Köňül - ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.

Häzir meň şeýle bir sussum pes, hatda
Aglara agy ýok, gülere gülki.
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.

Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp,
Iň oňat ýerinde oýanan ýaly.

awtor: Atamyrat Atabaýew
18
47
maral
27.05.2024 19:44
Bagt nämedeka diýip oýlandym... Belki-de gözlerimizi açanymyzda dogan güniñ şohlesindedir... Şemal öwsen wagty gaýyp ýören ýapraklardadyr... Bir bahar güninde açylan gülde... Ýaz gijesiniñ mylaýym şemalyndadyr... Belki-de güýzdäki ýapraklaryñ sarysyndadyr... Gyşyñ ilkinji garyndadyr... Erkinlikdedir... Belki-de ýakynlarmyzyñ, söýýänlerimiziñ gülküsindedir bagtlylyk. Daş töweregimizi synlap bilmegimiz, bolýan zatlara akyl ýetirip bilmegimiz, zähmet çekip bilmegimiz, şu wagtky alyp duran demimiz bagtlylyk dälmi eýsem?! Bagty uzaklardan gözlemäliñ. Janymyzyñ sag, söýýänlerimiziñ ýanymyzda bolan her bir pursady bagtlylykdyr.
17
50