maral
29.05.2024 17:52
Bagyşlamagyñ güýji

Orta mekdepleriniň birinde ýokary synplary okadýan mugallym bir gün okuwçylaryna şeýle teklip bilen ýüzlenipdir:
— Bir durmuş tejribesine goşulmak isleýärsiňiz mi? Okuwçylar örän sylaýan mugallymlarynyň bu teklibine dessine razy bolýarlar.
— Beýle bolsa, mundan soň men näme diýsem, ýerine ýetirjekdigiňize söz beriň!
— Elbetde, okuwçylar söz berýärler. — Indi bolsa ertirki öýe berlen ýumuşlara taýýar boluň. Ertir her biriňiz bir plastiki gap we 5 kilogramdan ýeralma getiriň. Okuwçylar mugallymyň näme etjek bolýanyna känbir düşünmeselerem, ertir synpda ýeralmalardyr torbalar taýýar boldy. Mugallym özüne uly gyzyklanma bilen seredýän gözlere seredip şeýle diýdi:
— Indi şu güne çenli bagyşlamadyk her bir adamymyz üçin bir ýeralma alyň-da, ýeralmanyň ýüzüne onuň adyny ýazyp, gaba goýuň. Okuwçylar işe girişýär. Az salymdan kimsiniň torbasynda iküç ýeralma görünýän bolsa, käbiriniň torbasy agzyna çenli ýeralmadan doly diýýär. Mugallym özüne: «Ýeri, indi näme bolarka?» diýýän nazar bilen seredýän okuwçylaryna bakyp, işiň indiki ädimini yglan etdi — Bir hepdäniň dowamynda nirä gitseňizem, bu ýeralmaly torbalar ýanyňyzda bolsun. Ýatanyňyzda, awtobusda, synpda, garaz, hiç bir ýerde olary gapdalyňyzdan goýmaň. Ezýetli hepde geçýärem welin, okuwçylar mugallym synpa girip-girmänkä, şikaýat ýagdyryp başlaýarlar:
— Ýoldaş mugallym, beýle agyr torbany ähli ýere süýrekläp ýörmek juda kyn.
— Ýeralmalar porsap başlady. Adamla indi maňa birhili seredýär. Ýüregimize düşdi, ýadadyk. Mugallym ýylgyrdy-da, okuwçylaryna şeýle diýdi:
— Görýäňizmi, kimdir birini bagyşlamazlyk bilen, aslynda, özüňizi jezalandyrýarsyňyz. Özüňizi ruhy dünýäňizde agyr ýüki daşamaga mejbur edýärsiňiz. Bagyşlamazlyk ar almakdyr öýdüp pikir edýärsiňiz, ýöne bagyşlamak, ilkinji nobatda, özümize edýän ýagşylygymyzdyr.

Hasan Ýylmaz " Şu kitaby okap görüñ mugallym" 📚
21
135
zina
29 May 2024
♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.