maral
10.08.2024 09:44
Dürüşde geçmişiñ tagamyn dadyp,
Boşap galan öz dünýäme gygyrdym
Unudylyp galan çäýnek mysaly,
Gaýnadym,
Döküldim.
Soñam bugardym.

Ýasama ýylgyrşyñ nikabyn geýip,
Käte syrly, kä ýarymam düñledim,
Şeýdip kem-kem ýalñyzlyga imrigen -
Ýüregimiñ sedasyny diñledim.

Köp gezdiler dogan ýaly gatnaşyp,
Soñunda barybir "ýat ogly" boldum
Iller "Şatlyk" bilen söýüşýärkäler,
Men "Gamgynlyk" bilen adagly boldum.

Her kim gatnawynda gitýärem welin,
Ykbalym wokzala meñzeýän ýaly...
Henizem bir petek eýesiz ýatyr,
Ýaradan bir ýerde egleýän ýaly...

Ylham Gurbanalyýew
16
28
maral
09.08.2024 21:39
Ilkinji duşuşyk!Ir säher bilen,
Men işe barýaryn, undup dünýäni,
Şonda gözleriñe gözüm düşüpdi,
Şol garaýşyñ üýtgedipdi dünýämi.

Gara geýinsemem "ýyldyrym urdy",
Seniñ otly nazaryña çaknyşyp,
Señ köçäñde barýan trolleýbus men,
Öz sadaja umytlamdan aslyşyp.

Nirä barýanymam unutdym şonda,
Ýaşaýyşam şol pursatda başlady,
Özgelerden nämesi artyk? diýmäñ!
Wah ol gyzyñ ýaradylşam başgady.

Bolmasa şadyýan, gamsyz ömrümi,
Pida edip "yşk kepenin" geýmezdim,
Oñ nämesi artyk, düşündir? diýmäñ!
Düşündirip bilýän bolsam söýmezdim.
18
38
maral
09.08.2024 11:52
Ynam-wagtyñ geçmegi bilen döreýär. Gorky-bir pursatda. Ynamy bir pursat öldürýär. Gorkyny aýyrmak üçin wagt gerek.
15
45
maral
09.08.2024 07:45
Bilmeýän zadyñy soramak geñ däl,
Akyldyr ölçeýän ýaşan ýaşyñy.
Biljek bolýan, menem bir bigeleñ däl,
Aýt, bileniñ, dünýä gören ýaşuly.
************
Ýol soradym, salgy berdi ötegçi,
Menem ol ötegçä ýol salgy berdim.
Barjak ýerne dogry bardy ötegçi,
Menem öz isleýän ýerime bardym.
************
"Arkadaşlyk örän oñat zat, guzy,
Bileniñi öwret, bilenden öwren."
Diýdi maña perişde deý ýaşuly,
Ýaşap gelýän eken bu pähim öñden.
************
Yrýasy ýok öñden gelýän pähimleñ,
Şol mydam ojaklañ közün köreden,
Günden gaýdyşy deý ýiti şöhläniñ,
Gözbaş alyp gaýdýar täze köneden.

Atamyrat Atabaýew
16
44
maral
08.08.2024 17:59
Derýa bormy kenaryndan çykmasa?
Ýaşlyk bormy agmasa ol kenardan?
Derýa bu gün kenaryndan agypdyr.
Ýaşlyk aýrylypdyr sabry-karardan.

Deñizem möwç urýar, juwan ol, ýöne
Megerem täleýi gargap gidipdir.
Sebäp, agyp bilmän öz kenaryndan,
Ýaşlygyn ýitirmän garrap gidipdir.

Atamyrat Atabaýew
11
40
maral
08.08.2024 09:16
Nesimi ye sormuşlar: "O yar ile hoş musun?"
"Hoş olayim olmayim. O yar benim, kime ne?"
14
46
maral
07.08.2024 22:01
Elmydama ýüregñe-de ynanma,
Ýüregiñem käte-käte aldaýar,
Soñra öz-özüni aldanyn duýup,
Ýürek giñ gursaga sygman, aglaýar.

Durmuşdyr, kyn günem bolar depäñde,
Bilmersiñ sen kim dadyña ýetişer,
Ýamandyr öýdeniñ-eder ýagşylyk,
Iñ ýakyn diýeniñ depäñi deşer.

Atamyrat Atabaýew
16
19
maral
07.08.2024 18:39
Binlerce göz bakar da yüzüne, gözlerin yine o gözleri arar__
14
51
maral
06.08.2024 15:30
Kitaplaryny, öýüne sygmaýanlygy sebäpli köçede goýýan adamdan " kitaplarñyz ogurlanar öýdeñzokmy ?" diýip sorapdyrlar. Ol adamyñ jogaby şeýle bolupdyr: "Kitap okaýan adamlar-a ogurlyk edenok, ogurlyk edýän adamlaram kitap okanok !
17
92
maral
05.08.2024 14:29
" Adamlañ arasynda - sözleri bilen, bakyşlary bilen, hereketleri bilen başgalaryny peseltmäge çalyşýanlar bardyr. Ine şu zatlary edýän kişileriñ aslynda özleri pesdir..."

- Anonim
14
48