maral
10.08.2024 09:44
Dürüşde geçmişiñ tagamyn dadyp,
Boşap galan öz dünýäme gygyrdym
Unudylyp galan çäýnek mysaly,
Gaýnadym,
Döküldim.
Soñam bugardym.

Ýasama ýylgyrşyñ nikabyn geýip,
Käte syrly, kä ýarymam düñledim,
Şeýdip kem-kem ýalñyzlyga imrigen -
Ýüregimiñ sedasyny diñledim.

Köp gezdiler dogan ýaly gatnaşyp,
Soñunda barybir "ýat ogly" boldum
Iller "Şatlyk" bilen söýüşýärkäler,
Men "Gamgynlyk" bilen adagly boldum.

Her kim gatnawynda gitýärem welin,
Ykbalym wokzala meñzeýän ýaly...
Henizem bir petek eýesiz ýatyr,
Ýaradan bir ýerde egleýän ýaly...

Ylham Gurbanalyýew
16
28
maral
10 Awgust 2024
@Serwi, 🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.