maral
17.08.2024 14:33
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy,
Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan,
Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy?
Bu ýeke-täk ýolmy ýollaň baryndan?
Söýgi hasrat däldir.
Ýürekde dörän,
Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak.
Men söýgini belent göterdim örän,
Misli maňa tabşyrylan al baýdak.
Men ölerin.
Şeýdip mazaram dörär.
(Alaç barmy — tebigatyň emri bu).
Söýgim gelip mazaryma büdürär
Hem bir ädim uzaldar meň ömrümi.
Söýgim gözýaş döker üstümde günde,
Her hal säher tüm çetinden jyklanda.
Her hal säher tüm çetinden jyklanda,
Suwy süýjän alma kimin daň atar.
Şeýdip ýarym dünýe gezen, ykmanda
Günüň mis naýzasy zemine ýeter.
Sen meniň bagtymmy ýa meniň gaýgym?
Bagtymmy?
Gaýgymmy?
Ony kim bilýär.
Seslen sen, seslen sen, eý meniň söýgim,
Saňa oňat sözler aýdasym gelýär.
Men sensiz şatlykda ýaşadym, arman,
Örän köp şatlykdan ýadadym-irdim.
Seni tapsam, şat şäherde ornuň bar,
Gussa şäherimi bagta öwirdim.
Şonda bagtym üste uly gün dogar,
Rugsat berenden soň haýbatly horaz.
Gurbannazar Ezizow
15
33
maral
16.08.2024 19:57
Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy.
Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara.
Baglaň pyntyk ýaryşy deý mart aýy,
Ähli duýgularyň pyntygyn ýarar.
Şeýdip, maňa düşer ýigdekçe, ine.
Nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar.
Düşüner ol aýyň gözelligine,
Lukman bolup güller bilen sözleşer.
Aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn:
Şol wasp eder otyr ýerdäki aýyn.
Demigip gürrüň biýr saňa günuzyn,
Ol uzyn gijä-de taýyndyr taýyn.
Köňül öwşün atmaz yşkyň nuruna —
Aşyklar duşmasa biri-birine.
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Bir deňze guýmasa ol goşa derýa,
Ähli umyt siňer ýeriň şoruna,
Ähli geljek göni geçmişe barýa.
Men seni soraglap gezýän dünýäni,
Seni tapjak bolýan şamu-säherden.
Bu gün bu şäherden otla münýärin
Taparyn diýp başga oňat şäherden.
Sorag belgisi deý, garaňky gökde,
Egri aý soragly bakýar gözlerme,
...Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda,
Uzaklygy çalym edýär gözlerňe.
Ýürekler almasa söýgüden paýy,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.
Gurbannazar Ezizow
11
28
maral
16.08.2024 00:17
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary,
Özi bolsa gidip otyr ummana.
Indi seni baky dünýeden bäri
Görüp biläýjegim örän gümana.
Ýöne mahal-mahal iňrik garalyp,
Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar,
Azaşan ýolagçyň geýmine girip,
Meniň söýgim meniň gapymy kakýar.
Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:
Mydam köňül arzuwyna ýetme ýok.
Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,
Ýaşamagam iki gezek berlenok,
Her günüň — bir ömür, bir uly sene —
Söýgi günleriniň adaty, ine,
Söýgi günleriniň adaty, ine:
Her günüň — açyşdyr,
her günüň — şatdyr.
Onuň algebrasyn çözersiň. Ýene
Birini ýazansyň, ikisem ýatda,
Meniň söýgim şeýle kämil çykypdyr,
Eger sen dönäýen bolsaňam daşa,
Söýgim gursagyňa girip, diýerdi:
«Sen meni ýaratdyň. Indem sen ýaşa!»
Bir görsem-ä, saňa elim ýetenok.
Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý.
Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly,
Ikimize welin, ýeterlik olar.
Ýatlama-da sary, gussa-da sary.
Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy.
Gurbannazar Ezizow
15
33
maral
15.08.2024 23:33
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler,
Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary.
Gysdy penjesine ölümli günler,
A men, nämüçindir, ýene-de diri.
Buguň eteginde ýazyldym ýere.
Öldüm. Soň seretsem, ýene-de diri.
Berliniň öňünde öldüm men ýene,
Öldüm. Soň seretsem, ýene-de diri.
Seň bilen ýylyndym çygly zeminde,
Seň bilen, eý, meniň şatlygym, görgim,
Ähli ölümleri öldürdim şonda,
Özüm üçin, hemem seň üçin, serwim.
Töwerek gümmürdi, töwerek däri.
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.
17
41
maral
15.08.2024 18:30
Ömrüň agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüň eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl — gaýdyp gelere.
Her kimiň geçenden bir ahmyry bar.
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz,
Seniň ruhuň bilen ederin mydar,
Meniň bar ruhumy direlden, serwim.
Ýolumyzyň çatak düşeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi götergin merdem,
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.
Düşün, ýatlamalar, köňlüme häli,
Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly,
Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly,
Solgun ýatlamalar giripdir köňle.
Uçurdyň eliňden arzyly ýary,
Indi bir ýatlamaň söhbetin diňle.
Köpler kimin, duşmasam-da ýara men,
Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş.
Päklige düşündim şo duýgy bilen,
Şoň bilen başlandy iň gözel durmuş.
Duýmadym şoň bilen gussa-gaýgyny,
Soradym halyňy her bir geçenden.
Öňde-soňda iň päk — asyl duýgymy
Alyp çykdym suwuň, oduň içinden.
Ýollar kimin uzap barýar bu günler,
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler.
Gurbannazar Ezizow
17
40
maral
15.08.2024 14:11
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler,
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.
Söýgi günleriniñ adaty, ine:
Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy,
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.
Her hal säher tüm çetinden jyklanda,
Rugsat berenden soñ haýbatly horaz,
Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar!
Söýülse, Gün – dogsa dogmaly wagty,
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty!
Gurbannazar Ezizow
18
48
maral
14.08.2024 22:28
Ýaz ýeline ýüzümizi ýuwardyk,
Leýlisaçlaň gujagyna gysylyp.
Ýygralygyň geçip bilmän ýüzünden,
Durmazdyk biz boýunlardan asylyp.
Gülki bilen günlerimiz gyzardy,
Şol wagtlar bagt bilen aşnadyk.
Ýüreklerde ýokdy gaýgy, aýralyk,
Ýokdy biziň arzuwlarmyz paşmadyk.
Seýilgähi yşgymyza bürärdik,
Oýnap ýören çagalara meýil edip.
Ýadyňdamy? «Oglum bolsa…» diýeniň,
Şonda neçün «Ikimiziň!» diýmediň?
Bir perişdäň gulagyna ilişdi,
Meni telim örtän, ýakan hyýalyň.
Şol günden soň men-ä gezdim dommaryp,
Senem bolduň bir bagtlyň aýaly.
Aýralyga dözüm etdik, ýaşadyk,
Sen ogul dogurdyň, men bolsa gussa.
Düýnden ýakymsyz ýel öwüsdi durdy,
Men seni ýatladym ýüregim gyssa.
Barybir aýňalyp bilmedim soňam,
Wah, neneň gyýanyň duýmadyň şonda!
Biz aşna dälmidik bagtymyz bilen?
Neçün «Ikimiziň!» diýmediň şonda?!
Aşyr Hanow
13
26