maral
16.08.2024 19:57

Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy.
Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara.
Baglaň pyntyk ýaryşy deý mart aýy,
Ähli duýgularyň pyntygyn ýarar.

Şeýdip, maňa düşer ýigdekçe, ine.
Nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar.
Düşüner ol aýyň gözelligine,
Lukman bolup güller bilen sözleşer.

Aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn:
Şol wasp eder otyr ýerdäki aýyn.
Demigip gürrüň biýr saňa günuzyn,
Ol uzyn gijä-de taýyndyr taýyn.

Köňül öwşün atmaz yşkyň nuruna —
Aşyklar duşmasa biri-birine.


Aşyklar duşmasa biri-birine,
Bir deňze guýmasa ol goşa derýa,
Ähli umyt siňer ýeriň şoruna,
Ähli geljek göni geçmişe barýa.

Men seni soraglap gezýän dünýäni,
Seni tapjak bolýan şamu-säherden.
Bu gün bu şäherden otla münýärin
Taparyn diýp başga oňat şäherden.

Sorag belgisi deý, garaňky gökde,
Egri aý soragly bakýar gözlerme,
...Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda,
Uzaklygy çalym edýär gözlerňe.

Ýürekler almasa söýgüden paýy,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.

Gurbannazar Ezizow
11
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.