manolya
21.12.2023 00:00
SÖÝGI HAKDA SOÑKY GOŞGY
Diýdiler: - Sen ýigit, elenip, nalap,
Urnup ýörsüň, söýgi sözüň gaýtalap.
Ol gopbam gyz söýýän diýip agzanok,
Haýran men, söýdüň şoň nämesin halap?!
Diýdi: - Söýýänligin agzamaýar, ýar,
Ony mähir, eda bilen duýdurýar.
Öz gymmatyn bilip, agras gözleýşi,
Aklym alýar, elendirýär, söýdürýär.
...Tebygy kanun bi, haýran galmaly,
Bilbil maýyl, gül hem kaýyl bolmaly.
Geldimyrat SEÝIDOW.
31
83
manolya
15.12.2023 17:49
Sen barybir düşünmersiň
Belki, şol pursat agladygym bolar,
Ýyldyrymlap, gök gümmürdän çagynda.
Tebigat sözlemden simfonýa düzer,
Bilbill ýerne ýetir Bagdat bagynda.
Jumalagyma-da ýaň boljak borun,
Öwrüljek bolaryn her bir dile-de.
Nilde yşkym hakda goşgy okaryn,
Adyňy ýazaryn Ortaýere-de.
Gussamy düzerin piramida deýin,
Bolar gullarda-da bolmadyk ahwal.
Ýuwaşjadan derdim döküp başlasam,
Sfinkisden gözýaş dammagy ahmal.
Redaksiýa bererin syrymdan bölek,
Ýeňlenjek bolaryn ezýetlerdenem.
Ýüregimi alyp okajak borsuň,
Tapmansoň köpüsin gazetlerdenem.
Maňlaýmy Ak deňze ýuwjak bolaryn,
Belki-de, garanyň gider-le ýary.
Kalbymdaky odam sönmänkä, bir gün
Şatlanjak bolaryn indeýler ýaly...
Ylham GURBANALYÝEW.
32
80