Hoşlaşyk.
Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Söz nämä gerekmiş aýrylmak üçin..
Aslynda ,söz
Ulanylýar
Bialaç
Düşünşip bolmasa aýdylmak üçin.
Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym.
Bolardy bolmanda diýemde"Hoş gal"
Ýöne,
Biz bar zada gözden başlapdyk.
Başlapdyk bu yşka dilleri goşman.
Owadan söz bilen hoşlaşylmaýar,
Gülkünç bagt dilemek galdyryp gamda,
Men saňa bir sözem aýtman gaýtdym.
Emma sen bar zada düşündiň şonda...
Aşyr Hanow.