manolya
12.01.2024 10:51
Manyly sözler.......🍃

Içiňdäki kiri suw däl ,diňe göz ýaş ýuwar ..

Möwlana...

Mekirlik Akyllylyk däldir ....

Euripidies

Hakykatyň reňki çaldyr...

Andra Gide

Görübilmezçilik adamyny kör ,ker ,kalpsyz eder...

Said Nursi..
29
80
manolya
11.01.2024 18:52
Ýylgyrtýan degişmeler, güldürýänçi däl🙂

1. ATSAŇ


Atajan Annaberdi bir meýlisde otyrka, kelte ýarag göterýän diýip, öwünýän göterimiň biri:
“Haýsyňyz aýdanymy etmeseňiz,

ataryn” diýip, oturanlara haýbat atyp başlapdyr. Şonda şahyr göwni bir ýaly ýylgyrypdyr-da:

- Aý, inim, atsaň, at, ýöne haýbat bir atma – diýipdir.


2. ABRAÝ


Atajan Annaberdi toýa alyp gitmek üçin ökde akkordeonçy dosty Annadurdy Amanyňka barypdyr. Annadurdy geýinip

çykyberjek bolupdyr welin, Atajan dulda duran akkordeony görkezip:

- Anna jan, “abraýyňam” alaýaly – diýipdir.


3. ÝUMURTGA ÝAGYSY


Atajanlara gelen zorruk sesli ýaş bagşylaryň biri ýumurtga baryny deşişdirip içipdir-de: “Wah, ýene-de 10-15 sany çig ýumurtga

bolaýs-a, hezil bererdim” diýipdir. Öňki içiren ýumurtgalaryna-da jany ýanyp duran Atajan:

- Aý, inim, gygyrybersene, ýumurtga bilen bagşy bolunýan bolsa, towugyň... o taýy bilbil bolardy – diýipdir.


4.SEN ARAGYŇY GOÝAN BOLSAŇ...


Atajan Annaberdiniň öýüne 4-5 sany myhman gelipdir. Ol iki-üç çüýşe arak alaýyň diýip, dükana barsa, içgi ugrundan

zat ýok eken. Dükanyň işiginde sataşan alkaş obadaşy arak almaga gelenini Atajana duýdurmajak bolup: ―Obadaş,

men-ä aragymy birçak goýandyryn‖ diýipdir. Aragyň ýoklugyna jany ýanyp duran Atajan: ―Aý, sen aragyňy goýan

bolsaň, şu dükanda arak bolardy-la‖ diýip, geçip gidiberipdir.

5. EJEŇDEN SORA


Orta mekdebi tamamlaýanlaryň duşuşygynda bir gyz Atajan Annaberdiýewden ―Söýgi näme?‖ diýip, sorapdyr.

Sowaly ýerliksiz hasaplan şahyr agraslyk bilen başyny galdyryp:

-Olar ýaly zady, uýam, hiç kim ýokka ejeňden sorarlar – diýipdir.


6.PENJIRÄNI DYRNAÇAKLAP DURSA-DA...


Atajan Annaberdi bir meýlisde derçigip oturan eken. Keýpini köklän sürüjileriň biri oňa: ―Atajan kaka, çöle çykyp

towşan awlaly-la. Ähli zadymyz taýýar. Gidelimi?‖ diýipdir. Atajan tüýjümek süpürgiç bilen maňlaýynyň derini

sylypdyr-da: ―Men-ä, inim, towşan bary penjiräni dyrnaçaklap dursa-da, daş çykyp birini tutjak däl‖ diýipdir.


7.AZAT EÝLE...


Bir pulmesi Atajan Annaberdini oturlyşyga çagyrypdyr. Ol Atajana ilki goşgy okadypdyr. Soň bolsa saz çaldyryp,

aýdym aýtdyrypdyr.
Garaz, daň agarýança şahyryň lütüni çykarypdyrlar. Şonda-da pulmesi: ―Näme iýjek, içjek bolsaň

duýdur-da, hezil beriber‖ diýip, Atajany dynç almaga goýmandyr. Sütüni süýnen şahyr ýaşyl akkordeonyny egninden

sypyryp, gapdala goýupdyr-da:

- Ähli iýen-içen zatlarymyň bahasyny restoranyň nyrhyndan töläýin, ýöne, gardaş, indi meni azat eýle – diýipdir.


8. ARMAN, ŞAHYR BOLAÝÝAŇ...


Bir obadaşy Atajan Annaberdini töwella äkidipdir. Gyzy gaçan adam Atajanyň goşgularynyň muşdagy eken.

Çaýlaşypdyrlar. Atajan çaý başynda: ―Aý, garyndaş, bular ýaly zatlar han beglerde-de bolýandyr. Gyzyňyzy alyp

gaçanyň kakasy şu. Näme alsaňyz alyň-da, ylalaşyň‖ diýipdir.
Beýle teklibe garaşmadyk öý eýesi: ―Şumy şol

haramzadaň kakasy?‖ diýip, çarhlap goýan paltasyny krowadyň aşagyndan sogrup alypdyr welin, Atajanyň çaý içen

bolup ýatan ýoldaşy köwşüni-pöwşünem geýmän, ökjäni göteripdir.
Sandyraklap duran öý eýesi bolsa hyrçyny dişläp,

başyny ýaýkapdyr-da, Atajana garap:

--Seňňem edäýmeliň-ä belli welin, arman, şahyr bolýaň – diýipdir.


9. BATAREÝEM ÇALÝAR


Ýazyjylaryň bir oturlyşygynda Atajan Annaberdä saz çaldyrjak bolupdyrlar, ýöne syrdambitin garmon tapylmandyr.

Oturanlaryň biri: ―Goňşymyzda köne garmon-a bolmaly, çalyp bilerin diýse getireýin‖ diýipdir. Bir yş açylaryna

garaşyp oturan Atamyrat Atabaýew: ―Getir, getir, garmon bolsa çalar Atajan. Garmon ýok bolsa, ol jaý gyzdyrylýan batereýam
çalýar-a diýipdir.
34
272
manolya
11.01.2024 12:26
Düzgünlerde adamyň şahsyýetini kemsitmeli däl diýýär !Hany onda progyň
editory gowja okamadymyka ýa sözüniň yzynda durup bilenokmyka teswir ýazyp soňam pozýar , gaýrat ediňde ilki bilen
progyň düzgünlerini maňa duýdurmaňda
özüňiz okaň ,postyma dis bas -da ,sebäbini ýazda geç , şahsyýete at dakmaň, köpçilikde
ýazan zadyňam yzynda durmajak bolsaň ýazma ....!!!!

Postlarada şahsy öz suratlaryny goýýarlar ,hany barlag ...?!
29
166
manolya
11.01.2024 09:33

Prşebuz -Çehiýa respublikasynyň günbatarynda ýerleşýän, ilaty 71 adam bolan

şäherdir....


Mikky mousy döreden Uolt Disney syçanlardan gorkýan eken...


Öz -özüňi gyjyklap gyjygyňy getirip

bolmaz... bu maglumaty eşidip özümi gyjyklap gördim-ä 😅🤦🤦


Doňuz 1 kilometri 5 minutda geçýär...


Syçanlar gaýtaryp bilmeýär...

24
145
manolya
10.01.2024 21:05

🐜 Garynjalar hiç wagt ýatmaýar ....


Ýupiteriň agramy ýeriň agramyndan

318 esse agyrdyr....


🍑 Gadymy wagtlarda ýewropada şetdaly

\"\"pars almasy \"\"ady bilen tanalypdyr...


⚽️ Iň tiz salynan gol 3 sekuntda salynýar...


🚘 Şanhaýda gyzyl reňkli awtoulag edinmek

kanuna laýyk gelmeýär...


👩‍🦲çagajyklar ululardan 20 esse köp gūlýärler


Adam hor çekýän wagty düýş görüp bilmeýär...


Tarakan kellesiz 9 gün ýaşap bilýär .Ondan soň açlygyndan ölýär...


Jadyly söz abrakadabra ilkinji gezek ýokary derejeli gyzgyny bolan hassalaryň gyzgynlaryny peseltmek üçin ulanylypdyr..


Iň agyr agramdaky doglan çaganyň agramy

11 kilogramdyr...

31
220
manolya
10.01.2024 11:26
Dünýä belli ispan heýkeltaraşy Pablo Pikassanyň doly ady-
""Pablo Diýego Hose Fransisko de Paulo Huwan Nepomuseno Mariya de los Remediyos Kipriyano de la Santisima Trinidad Martir Patrisio Klito Ruiz Pikassodyr ""
38
620
manolya
08.01.2024 19:14
Gylyjyň başarmaýan zadyny adalat başarar..

@Kanuny_Soltan_Süleýman.

Köp suwyň ekinleri öldürişi ýaly,
gülmek hem kalby öldürýär.

@Hz_Osman.

Kakaňa hormat goỳ,
ogluňam saňa hormat goýsun

@Hz_Ali.

Jesediň rahatlygy az iýmekdedir,
Diliň rahatlygy az geplemekdedir,
Ruhyň rahatlygy mal -mülkiň azlygyndadyr..
Kalbyň rahatlygy ar alma duýgusynyň azlygyndadyr.

@La Edri

Düşünmek başga ,bilmek başgadyr,
Müň zat bilenden ,bir zada düşünmek
has ýegdir.

@M.Fethullah Gülen,
29
144
manolya
06.01.2024 21:05
iller köýnek tikýär,ýaka çyzýar ,surat çekýär,
jorap örýär,köke-keksi bişirýär,goşgy,makala ýazýar ,a men bolsa 2 sany kiwi bilen
1 sany almany tarelka dowrap goýýan .🤦‍♀️😅
40
373
manolya
05.01.2024 22:17
Kolonializm

«...Iç dökmеgi, bissimylla, «Kolonializm nämеdir?!» diýеn sowaldan başlalyň. Kitaplaryň tеrarlaşyşyna görä, ol «harby, ykdysady, syýasy güýje daýanmak bilеn kolonial halky ezmеk syýasaty» bolmaly. Ýönеkеý dildе aýdanymyzda, muňa «dürrе gamçy», «süýjülije kökе» wе «kaşaňlyk» syýasatlary bilеn halky dolandyrmak rеžimi diýilýär. Türkmеn halkynyň soňky 110 ýyllyk bakna günеmasy kolonializmiň şu Bеrdum üçburçlygynyň içinde gеçdi. Ynha, bu Bеrmudyň «dürrе gamçy» burçuny alyp görеliň. Boýnuna kolonial boýunturygy dakmajak bolany üçin patyşa Orsyýеtiniň kolonizatorlary Gökdеpе galasyny goraýjylary aýal-ebtat, çaga-çuga diýmän, okdan, gylyçdan gеçirdi. Kolonializmе garşy baş götеrеn 1916-njy ýyldaky gozgalaňa gatnaşanlardan rеhimsiz öç alyndy. Şol ýyl pälä adam ibеrmеjek bolandyklary üçin kolonizatorlaryň jeza bеriji otrýady etrеk ýomutlaryny elhenç gyrypdy, mal-gara, öý-söý, şaý-sеp diýmän bar zatlaryny talapdy. 1921-1933-nji ýyllarda täzeki has zabun kolonial rеžime çydaman guma siňеn, sеrhеtdеn aşjak bolan obalaryň ençеmеsi ýеnе gülläň astyna düşüpdirlеr. 1937- 1938-nji ýyllarda öňi bilеn gulçulyk durmuşyna sähelçе nägilеligi duýlan türkmеnlеriň kastyna çykypdar. Türkmеn milli ruhuny sähelçе gorajak, dikеltjek bolan Mäti Kösäýеw, Baýmuhammеt Garryýеw ýaly nazarkеrdе adamlary gözеnеgе salmak, Gaýyp Nеpеsow Kakajan Muhamеtmmеtbеrdiýеw ýaly taryhçylary yzarlamak-da, Şaja Batyrow ýalylary oňat işläp ýörkä-de, okuwa ibеrmеk, başga birini dälihanalara ýollamak-da kolonial halkyň ýürеginе gorky salmak, ony gorky gulyna öwürmеk üçin ulanylýan dürrе gamçy syýasatydy \"\"

Awtor :Batyr Galabaýew.
34
102
manolya
05.01.2024 16:27
Gel gyz.

Gel gyz , bu bagtyma bol sen sebäpkär,
Menem seni bagtly edeýin ömürlik .
Bagtly bolmana juda sebäp kän ,
Gitme gözel gursagymdan sogurlyp .

Gelişiň ömrüme iň uly öwrüm ,
Durmuşymy bagta tarap öwürdiň .
Ýylgyrşyňa joşup gaýnady göwnüm ,
Entek mende ýaşalmadyk ömür sen .

Gel ýumur sen gussalarmyň binasyn ,
Döredeli bile başga dünýäni .
Gel sen meni sensizlikden halas et ,
Soň ýaşabereli başgalar ýaly .

Sen maňa sowgat et gaýgy hem gülki ,
Saňa bolan söýgüm soňlanmasynla .
Gitseň goşgylarym jemlener belki ,
Gitme bu goşgymam jemlenmesinle.

(08.02.2023).
Gerçeknazar Amannazarow
33
123