manolya
05.01.2024 16:27
Gel gyz.

Gel gyz , bu bagtyma bol sen sebäpkär,
Menem seni bagtly edeýin ömürlik .
Bagtly bolmana juda sebäp kän ,
Gitme gözel gursagymdan sogurlyp .

Gelişiň ömrüme iň uly öwrüm ,
Durmuşymy bagta tarap öwürdiň .
Ýylgyrşyňa joşup gaýnady göwnüm ,
Entek mende ýaşalmadyk ömür sen .

Gel ýumur sen gussalarmyň binasyn ,
Döredeli bile başga dünýäni .
Gel sen meni sensizlikden halas et ,
Soň ýaşabereli başgalar ýaly .

Sen maňa sowgat et gaýgy hem gülki ,
Saňa bolan söýgüm soňlanmasynla .
Gitseň goşgylarym jemlener belki ,
Gitme bu goşgymam jemlenmesinle.

(08.02.2023).
Gerçeknazar Amannazarow
33
123
manolya
5 Yanwar 2024
@medik_, başlasam soň linkde habarlaşsam bolarmy bilmedik ýerimi,kyn görmeseňiz eger)
manolya
5 Yanwar 2024
@tmcell, 😌
manolya
5 Yanwar 2024
@tmcell, 😁🤦 hakyky ,
manolya
5 Yanwar 2024
@flowers_, 💙😋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.