mandarin
01.06.2024 21:51
Menden goşgy sowgat saña Maýsajan
Pesde goýma goý göwnűñi bay hasap
Synagdyr bu dűnýe däldirem añsat.
Bir gűn ylgap gezýäs, bir gűnem añsap.

Dűnýede bagt bil janyñ saglygy
Şűkir bil berenine etman azlygy.
Allajan kem etmez rysgal sandygy.
Bagtyña buýsan, sen juwan gyzlaryñ.

Ejizleme hijem ýeke galañda
Uýalañ Käbäñ bar seniñ ýanyñda.
Baýlygyñ bagtyñdyr gűlűp aglañda.
Agtygam soýdirsin atañ ýaşynda.

Goşgym kabul eýle uýañ Gűlşatdan.
Gam çekme hiçhaçan jigim gűl şatlan.
Ýadyña salma hiç geçen arhiwlañ.
Gywada űns berme ýalan o zatlar.

avtor:M_🍊_n_d_🍊_r_i_n (haýyştlar boýunça)
17
71
mandarin
12.05.2024 16:29
Uzak ýaşa!!!
30
188
mandarin
01.05.2024 21:21
Pul bilen göziñi gapdylar birden.
Gep bilen aldylar tamiz duygylañ .
Bilmen kim haklyka bu söýgimizde!
Ynanana  kynmy,  yada allana?

Sen garyşdyñ ýalan bilen balyña,
Men yapyşdym  alaw bilen galama.
Nähili jogap bor şeyle soraga !
Gidene gowmyka, ýa-da galana?

Göz yaşlarym bilen yűzűmi ýuwdym.
Senli arzuwlary, gecmise goýdum.
Söýýäkäñ sebapsiz, nahili doydyñ!
Ýa señçűn  ýaşaýşyñam soñumy?

Ýa söýmän ýönekeý etdiñmi oýun,
Menden soñ başgada gitdimi dowam.
Süýji arzuwlarña bir ajy jogap!
Köp isläp azdan galsañ gowymy?

Awtor:mandarin
32
208
mandarin
04.04.2024 23:24
Goşgy ýazmak isläp, söýen bagtyma.
Mynasyp sen, gymmadyndan artyga.
Gir ýűregime, gel ömrűmi ýagtyla.
Her dűýşűmde, seniñ adyñ nygtaýan.

Ýazdym ýűregime, Merjenim diýip.
Sadadan asylly, duýgylar beýik.
Girseñ ýùregime, bir meni söýűp.
Unudylar gaýgylar, ýeñlener bu ýűk.

Alnyma ýazykdyr, giçem duşmagyñ.
Tawusy sen, iñ owadan guşlaryñ.
Gir ýűregime, çytdyrmaryn gaşlaryñ.
Ýazlanar ýűregim, ýylar gyşlarym.

awtor:mandarin
31
190
mandarin
20.03.2024 13:49
awtor.🍊

Dogry mende, okuwam ýok akylam.
Içki dűnýäm, öz garaýşym akymym.
Setirlerime paýlaýaryn ýakymym.
Gyzykly däl ýakanlaram, ýykanam

Tebigi zehinim Alladan sowgat.
Ýyldyzlar astynda ýazylýa sungat.
Pesde saýanlaram ýigreniñ gowrak.
Gyzykly däl maña artykmaç gybat.

Eýesiz gybatlar eşdilýär maña.
Ýűzimde gűlki bar, ýűrekde ýara.
Gar ýaly ak bolsam, diýerler gara.
Gyzykly ýeri ýok. gep geler garaz.

Aslynda sada men,  bilşiñ ýaly däl.
Edilýän geplerem, bil şoñ ýaly däl.
Aýaga çolaşýan, göriplerim kän.
Gyzykly däl dp, gezmegim bir däp
45
201
mandarin
17.03.2024 10:59
''Aydaýöziñ'' Keşa, janyñ sagbolsun.
Gulakda däl, ýűreklerde sen barsyñ
Gűlýänje göripleñ,bary sem bolsun.
Size taý ýok bro, sözde jeñ bolsa.

D.S.K diýdirip, öñlerem barsyñ.
Aýdaýöziñ diýip hiphapy ýardyñ.
Öñki kyn gűnleriñ,ýönekeý barlag.
Alla kem etmedi, sylag-serpaýdan.

Agam  seni artyk öwip durjak däl.
Janly sesde, şanly şowhun geçirýäñ.
Señ ýeriñe başga deñäp biljek däl.
Aýdaýöziñ dp baryn öçirýäñ.
 
46
451
mandarin
10.03.2024 18:09
Elýa Baýnazarowa🧡

Aý gyz seniñ görkiñ ajap bilýäñmi
Baharda açylan gűller mysaly.
Aý gyz seniñ gűlkűñ ajap bilýañmi.
Saýrak bilbilleriñ owazy yaly.

Nädip döredikä beýle gözellik.
Señ o keşbiñ, jennetde bir gönezlik.
Dik başyñda, elleriñde bilezik.
Zerurlugy ýogam, size bezenmek.

Kime sowgat etdiñ syrly dűnýäñi
Içgi dűnýäñ unutdurýa ölmäni
Käbäñ ejeñ, sen guwanyp bilýäni.
Mydama bagtly bol, gezme gaýgyly


awtor.🍊🧡🍊🧡
49
210
mandarin
05.03.2024 00:00
Bäşinji mart senesi📅
Űç çaganyñ enesi(👨‍👧‍👦👩‍👧)
Ýoldaşynyñ  ýekesi,☝️❤
Bagtly  ýaşañ Bitanem🧕

Dogdyk mekany şäherden🏙
Dolup dur ol mähirden🔥🔥
Doglup dur ol baharda. 🏞
Ýaz dek ýaşañ  Bitanem.🧕

Hormatyña ýűrek  joşdy.💗
Siz paýhasly, göwűn hoşly☺
Ula kiçä wesýet tawşyr.🤷‍♀️🤦‍♀️🙋‍♀️🙇‍♀️
Uzak ýaşañ Bitanem.🧕💯

Gutlajak goşulsun maña. 🙋‍♂️
Kän ýaş diläp ýeters daña.💁‍♂️
Bagtdan gelsin göz ýaş saña.🤷‍♂️
Gùlűp ýaşañ Bitanem.🧕

Awtor🍊Gutlaýas uzak ýaşañ.👏👏👏
46
247
mandarin
29.02.2024 22:14
Salamyñ manysy, ýönekeý söz däl
Ol söziñ taryhy, gaýdyndyr öñden
Alym ulamalar, aýdandyr kelam.
Allañ bir adyna, diyilyar salam .

Salamyñ gymmaty, hormatyda bar.
Duşmanyñam bolsa, bermeli salam.
Ýada myhman bolsañ, nätanyş űlkä
Gel geçden öñűnçä, bererler salam .

Salamyñ şeýle bir, hűmmetide bar.
Ula bol kiçi bol, ùýtgemez parhy.
Dogsandokuz esse salam berene.
Bir esse alana,  sogapdyr nyrhy.

Bizem köneleriñ, nusgasyn alyp.
Edebiñ başyny, ediliñ salam.
Geljek nesillere, päk öwit edip.
Mukaddes bilsinler, diýsinler salam
55
216
mandarin
26.02.2024 08:34
Özim ýeke duýanymda.
Eje mana dusinyan yok.
Käte derde uçranymda
Dertlerimi paýlaşjak  yok

Ýada soyga yansam oda
Carhy pelek arasynda.
Koses balam sowaş diyip.
Mañlaýymdan sypajak ýok.

Osislerde yetsem beyige
Durmysaysam ustunlige
Ýykylaýsam birden  ýere
Bilýän sen deýin elenjek yok

Şaýat maña yer hem asman.
Dostam mana  etmez ahmal.
Ýone gije gozler gyrpman
Geler diýip ýatmajak ýok.

Wagty ýetse ýerem ýuwdar. 
Bilyan ölmi datmajak ýok
Diýdi şahyr ýaram unudar.(Kerim Hally)
Bagryn ýakyp aglajak ýok

Awtor.mandarin
53
159