Salamyñ manysy, ýönekeý söz däl
Ol söziñ taryhy, gaýdyndyr öñden
Alym ulamalar, aýdandyr kelam.
Allañ bir adyna, diyilyar salam .
Salamyñ gymmaty, hormatyda bar.
Duşmanyñam bolsa, bermeli salam.
Ýada myhman bolsañ, nätanyş űlkä
Gel geçden öñűnçä, bererler salam .
Salamyñ şeýle bir, hűmmetide bar.
Ula bol kiçi bol, ùýtgemez parhy.
Dogsandokuz esse salam berene.
Bir esse alana, sogapdyr nyrhy.
Bizem köneleriñ, nusgasyn alyp.
Edebiñ başyny, ediliñ salam.
Geljek nesillere, päk öwit edip.
Mukaddes bilsinler, diýsinler salam