mandarin
22.11.2024 15:19
Ant içipdik söýgi, diýlen senadan.
Ençe gezek, gorapdymam beladan.
Emma birden ýakyn, boldy del adam.
Dirikäm dowzahy berdiñ jezalap.

Seni söýdüm  biwelalyk etmändim,
Barlyrak tapýançañ, ýalan gepläpsiñ.
Bilip hakykaty galmady bir dem,
Pyçak guýrukdaka döwűldi birden.

Bagta ýet baýlykda, sönmesin kôzüñ.
Ýüzlerne sylsynlar, degmesin gözem.
Wah menem ýürekden, pozjak bolaryn.
Görmäniñ gowydyr, sessiz solanym.

Alla söýen gulun, synandyr belki.
Göwün gaýgylydyr, şatlygam  ýetir.
Hasapsyz zat ýok,bolmaryn ejiz.
Ykbalym özgerer, eýlese nesip.

Iñ soñky sözlerim señ üçin wajyp
Şuny berk bellegin  duýsañam ajy.
Bir gűn tabşyrañda iñ süýji jany.
Men senden razydyryn
                                        műñde bir razy.

Awtor:Kerim Nurberdi(864455085)
8
45
mandarin
18.08.2024 10:41
Kaka.

Kiçikäm gahryman, ulukam arkam
Kakamjan artykdyr,hormatym, sarpam.
Halal zähmetiñe,   Allada ýalkan.
Ýaşa ýűzden geçip, saglykly gez kän.

Çagajykkam, işe gitseñ aglardym.
Birzat alaý kaka ,diýip nalardym.
Garaşyplar,ýollaryña garardym.
Şeýdip bolanjañdan, bazar eýlardiñ.

Urmasañ-da ,çekinerdik  kiçikäk
Terbiýe berersiñ, manyly  bir çäk.
Söziñ iki bolmaz, nokat ýeketäk.
Hojalyk, maşgala, işiñ ýeke däp.

Adyñ agzasalar , tűweleme sen.
Gűlki paýlaýarsyñ, töwerege sen.
Gyzyña-oglyña berýäñ, söýgi deñ
Alla aýyrmasyn, seni hiç bizden.

Eger eden bolsak, durmuşda hata.
Gûnälermiz geçir, bagyşla kaka.
Edil ene ýaly,  mukaddes ata.
Ýoluñdan gitmäne, bergin ak pata

author: keşa(mandarin)
12
35
mandarin
08.08.2024 08:43
Parlaýan ýyldyz , aýratyn ýol sen.
Sesiñem jadyly, durnukly bol ses.
Kiçäde  ýörelge, köneden zor sen.
Ýeriñe özgesi , edilmez taý-deñ.

Tanamadyk barmy? ýokdyr elbetde.
Sözler ajy kakýa! çakyr şerberten.
Bir sözűñ, müñ alaw, kalby eretýän.
Ussat sen halypa, täsin senetkär.

Syke-Däli, Tm-rapde şir-gaplañ.
Ady Oraz, asly Gyzylarbatdan.
Uly gaş, akyl baş, hemem gűr sakgal.
Däliñ aýdymlary, çykmaýar ýatdan..

Döret sungatyñdan, gitmegin ýitip.
Gűlýän göriplere, şägirtleñ ýetik.
Işiñde, durmuşda, artsyn gurbatyñ.
Muşdagyñ adyndan, kabul et notum.
41
457
mandarin
06.08.2024 21:59
"EJEMDIR"
Agyr gűnler, başyñyzdan geçendir.
Balalaryna nur, mährini seçendir.
Biz şat bolsak, göwűniñiz guçandyr
Ol zenan, käbämdir,mährem ejemdir.

Dilleriñ bal, sűyji söze, soñuñ ýok.
Mylaýym gujagyñ, hiçem sowanok.
Gejeler eglensem,  dertsiz oñañok.
Balam diýip, gujaklajak ejemdir.

Ýűzleriñiz-de, muhabbetli, iman kän.
Eden dogan, haýyr işe sebäpkär.
Uzak ýaşy,  dilejek műmkin däl.
Sen bir ýaşa diýjek, ýene ejemdir.

Gam-gussalar, gelmesinle birjigem
Garramañ siz, agtyk söýüñ ençeme.
Daşda däldir ol, günleri görjegiñ.
Bagtyma guwanjak,ýeke ejemdir.


awtor:mandarin
19
110
mandarin
04.08.2024 20:00
Ýok....ýok... Ol maña biwepalyk etmedi.
Özűniñ: maña söýgi berip bilmejegini bilip.
Özgesini (dogry ýoly)saýlady😌😌😌
25
158
mandarin
04.08.2024 16:32
Okuwçy döwrümiz, ýeser samsykdym.
Şo döwűrler, seniñ bilen tanşypdym.
Söýgi sözűn, goýman dillerimizden.
Biderek zada-da hergün urşypdyk.

Boşaýançañ garaşardym, bir sagat.
Wah wagta hichaçan, etmezdi takat.
Mekdepde dideler, gawat geläýse.
Ýűregim tapardy, ullakan rahat.

Özgä baksam,kän gezegem tutardyñ.
Gűna mende, borla diyip utardym.
Söýgä gyzyp seni, öpjek diýäýsem.
Tä açynçañ çornyda-da ýatardym.

Duşuşýan ýerimiz, hasam gizlindi.
Ýatlasam kän, şol döwűrler hezildi.
Okamanym űçűn gündeligime
Mugallymlar ikilikler düzerdi.

Habaram barýandyr,öýe barýançam.
Dur ejejan, dűşindirjek diýýänçäñ.
Jezama   kaýyldym, çörek iýmäkäm.
Bar alada, kakamjan bir bilmäýsin.

Diñe okuw, olam bir hepdä çekýär.
Bilmedim birzada özűñe çekýär.
Söýdim seni ynan, ýönekeý gep däl.
Käte ýatlaýaryn, geçmişim sepläp.

awtor:mandarin
24
91
mandarin
04.08.2024 11:56
Salam eziz agzalar! Dűýn  meniñ doglan gűnűm hic ýetisip bilmedim gijem bolsa goýaýyn didim 03.08.98
23
363
mandarin
31.07.2024 23:28
Ölmeklik hak,hakykata ýok şekim.
Göműlýäs asmana, uçýa bir şekil.
Sagdan-çepden, soraglarlar, sen kim.
Diniñ näme, kimdir seniñ, ymmatyñ.

Açylar şo wagta, amal depderim.
Bäş gűn ýalançyda, näme etdigim.
Dil açar  birbada, oniki sűtűnim.
Sogabym gűnälem , bar etmişlerim.

Ýene birzat, görűner maña uzakdan.
Ýöremeli  gyldan, inçe syratdan
Ýapyşyp bolmaýar, tutup hic zatdan.
Imanym päk bolsa, geçerin çaltdan.

Gijeler içinde,edip kän zikir.
Geç gűnäm, Jan Allam jennete ýetir
Dogalam gowluga, Hudaya şűkir.
Ýuwulsun garalar, ýűrekdäki kir.

  awtor:mandarin.
20
44
mandarin
30.07.2024 10:58
Toýuñuzy gutlap,  geldik uzakdan.
Arzuwlar aýdaýyn , sözi uzaltman.
Ataş& Çeper  bagtly, boluñ ymyklam
Durmuş başlaýandyr, nika ýűzűkden.

Söýűp-söýlűp ýaşañ, mynasap jűbűt.
Ýanyñ-da syrdaşyñ, bagtlysyñ ýigit.
Ýűzleriñiz solmasyn, gelmesin hic gep.
Göwnűñiz-de beslän, maksatlara ýet.

Arzuwlar kän heniz, dilejek artyk.
Käbäñe-Kyblaña, söýdűriñ agtyk.
Size gowlyklaryñ, isleýäs nagtyn
Guwan saýlanyña,  daş ýarsyn bagtyñ.

Beýle bagt hemme,  kişä berilmez.
Alla gorawersin, görip  şerinden.
Rysgal gelsin,ojagyñyza egsilmez.
Goşgy sowgat, BÄŞ_DAŞ ,kärdeşleriñden.
15
76
mandarin
02.06.2024 00:53
Şugun owrenmela girenime laýyk bir ýyl boldy
18
77