mandarin
18.08.2024 10:41
Kaka.

Kiçikäm gahryman, ulukam arkam
Kakamjan artykdyr,hormatym, sarpam.
Halal zähmetiñe,   Allada ýalkan.
Ýaşa ýűzden geçip, saglykly gez kän.

Çagajykkam, işe gitseñ aglardym.
Birzat alaý kaka ,diýip nalardym.
Garaşyplar,ýollaryña garardym.
Şeýdip bolanjañdan, bazar eýlardiñ.

Urmasañ-da ,çekinerdik  kiçikäk
Terbiýe berersiñ, manyly  bir çäk.
Söziñ iki bolmaz, nokat ýeketäk.
Hojalyk, maşgala, işiñ ýeke däp.

Adyñ agzasalar , tűweleme sen.
Gűlki paýlaýarsyñ, töwerege sen.
Gyzyña-oglyña berýäñ, söýgi deñ
Alla aýyrmasyn, seni hiç bizden.

Eger eden bolsak, durmuşda hata.
Gûnälermiz geçir, bagyşla kaka.
Edil ene ýaly,  mukaddes ata.
Ýoluñdan gitmäne, bergin ak pata

author: keşa(mandarin)
12
35
mandarin
18 Awgust 2024
@Karaleva_, howwa
mandarin
18 Awgust 2024
Sps karalewa we beylekiler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.