möjek_daýy🐺
29.03.2024 07:10
Şahyr! Şahyrlygyñ çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyñ çuñ bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.
Hem akyl ber, hem iliñden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyñ demiñ bilen ýakyp al,
Soñ ýene-de ýeriñ süýdün emip git.
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseñ, dodagyna damyp git.
Ýol agyrdyr: müñ ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garşy yñyp git.
Bagt paýlansa, üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soñ tapylar, galan zady zyñyp git.
Dost paýlansa “Äber” diýip gyssanma,
Alañdan soñ – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse –
gözlerñi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oñup git.
Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseñ bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doñup git.
Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi
bir gyñaja dañyp git.
Gözelligi
sor bagryña, öýkenñe.
Söýülseñ söý, söýülmeseñ süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüñi, öz közüñi goýup git.
Ýeñip ýaşa: ahyrda ýeñ, başda ýeñ,
Tomusda ýeñ, ýazda, güýzde, gyşda ýeñ.
Söýgiñde ýeñ, gaýgyñda ýeñ, işde ýeñ –
Bir oguldan
ýeñilip hem ýeñip git.
Ýeñsin ogul
dil bilen däl, iş bilen.
Señkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeñse ogul –
gözüñ rahat ýumup git.
Gözüñ sürtüp merhum enäñ alnyna,
Bir aglapdyñ. Indi beri aglama:
Öz balañy eliñ bilen jaýlama,
Nobatyñda mele ýere sümüp git.
Dünýä gelmegiñ-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiñ-de
nobaty ýagşy.
Men diñe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyñ gonup git.
Başarsañ – köplügiñ içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
“Žiguliñ” içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen avtobusa münüp git.
Köpelsin öýüñde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eñip git.
Şeýle dostlar bilen gezseñ birsellem –
Ýetersiñ iñ uly matlaba çenlem.
Gadamyñ giñden ur!
Entekler ellem
Hol öñde-le... Ýaş hakynda dymyp git.
Haly wagtyñ meñzemegin kilime,
Diri wagtyñ gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyñ öýkünmegin çilime -
Içi közli ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriñ astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siñip git.
Kerim Gurbannepesow
38
59
möjek_daýy🐺
28.03.2024 03:40
Eliňden gidirip arzyly zadyň,
Dünýäň derdi bilen aglap gördüňmi?
Gözden gam inende,
Soralsa halyň,
"Aý, gowy-la" diyip aldap gördüňmi?
Gijelerne ýalňyz galyp gördüňmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyň?
Gülkiňe gussaňy garyp gördüňmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?
Gördüňmi ýodany yzarlap ýüp deý,
Nämedir bir zady küýsän mahalyň?
Awunyp gördüňmi minnetli gepden?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyň?
Käte-käte adam gözläp gördüňmi?
Elewräp gördüňmi ýüregiň gysyp?
Uzak menzillere ugrap gördüňmi,
Kiçijik haltaňy arkaňdan asyp?
Daňlyp gördüňmi soňsuz soraga,
Jogap tapman, ýüregiňi çişirip?
Garaşyp gördüňmi kimdir birine,
Gije-gündiz garap ýatyp işige?
Bulutdan syrygyp, ýagyş ýaganda,
Gussalaň bar zatdan çykýarmy üstün?
Çyndanam şeýlemi?
Gutlaýan onda-
Biz meňzeş ekenik,
Hoş geldiň, dostum!
Aşyr HANOW.
45
109
möjek_daýy🐺
24.03.2024 07:39
Danalar dostluk hakda
Iň uly betbagtçylyk – hakyky dostlaryň bolmazlygydyr.
F.Bekon
Seniň üçin hemme zada taýýar adamy hiç haçan ynjytma.
F.M.Dostoýewskiý
Sadyk dostuň şypasy ýaraňa melhem bolar,
Dönük dostuň jepasy bagryňa hanjar bolar.
Nyzamy Genjewi
Dostuňy köteklemek dost gazanmakdan ýeňildir.
Abu Derda
Adam üçin iň agyr jeza onuň dostunyň ýa-da ýakyn adamsynyň oňa igenmegidir.
Ows ibn Harysa
Bir adamyň göwnüne degip, ony özüňe duşman tutunyp, müň adamy dost tutunma.
Dawut alaýhyssalam
Çyn dostuň bilen didarlaşmaga sebäp bolýan zady nesibä ýorup bolar.
Abdylla ibn Mübärek
Dost-dosty görmeklik ömür bahardyr. Dostluk armagy bilmez, dostlugyň näçe gadymy bolsa, ol şonça-da ýakymlydyr.
Siseron
Mümkin boldugyça dost sanyn köp et,
Olar kyn günüňde hemaýat, kömek.
Ýene azdyr – dostuň bolsa müň ynsan,
Emma köpdür saňa ýekeje duşman.
Hezreti Omar
Dostuňdan ganyňy we malyňy gysganma, garyndaşyňdan sowgadyňy we zyýaratyňy kesme, duşmanyňdan adalatyňy we ynsabyňy aýyrma.
Mahmyt Zamahşary
Dostuň bahylçylygy dostlugyň keselligindendir.
Seniň dostlaryň üçdür, duşmanlaryň hem üçdür. Dostlaryň: — dostuň, dostuň dosty we duşmanyň duşmany. Duşmanlaryň: — duşmanyň, duşmanyň dosty we dostuň duşmany.
Hezreti Aly
Abraýly dost dostuň dostuny hem söýýän dostdur.
Ruh ibn Zenbag
Dostuň üç zada çydamalydyr:
1. Gahar zulma;
2. Hata zulma;
3. Çyn zulma.
Abdylla ibn Mübärek
Kim saňa kömek edýän bolsa we seniň hajatlaryňa tagalla-gaýrat edýän bolsa, seniň dostuňdyr.
Dostuň halamaýan zadyny söýmek dostlukdan däldir.
Şehr ibn Huşyp Eşgary
Dostuň — saňa özüniň sözünden öňürti gözi bilen düşündirýän kişidir.
Abu Süleyman
41
57
möjek_daýy🐺
21.03.2024 06:25
Remezan aýy musulman dünýäsinde mübärek aýlaryň biri hasaplanýar. Bu aýda agyz beklenip, agzaçar sadakasy berilýär. Oraza tutulanda uzak günüň dowamynda bedeniň deňagramly işlemegi we iýmit zerurlygyny dogry kanagatlandyrmagy üçin selälikde we agzaçarda iýmitleniş kadalaryna üns bermeli.
Nahar bişirilende, esasan hem, gaýnatmak we buglamak usullaryny peýdalanmaly. Gaýnadylan we buglanan nahar bedene agram salmazdan tiz özleşip, gowrulan hem-de köze daglanan iýmitlere görä çalt siňýär. Orazada gowrulan, kakadylan we tiz tagamlary iýmekden gaça durmaly.
Agzaçarda nahary az-azdan haýaljakdan iýmeli. Howlugyp, birbada köp iýmekden saklanmaly. Esasan hem, iýmiti gowy çeýnemäge üns bermeli.
Agzaçarda süýt önümlerini hem-de dürli miweleri iýmäge hem üns bermeli. Şekerli şerbetleriň we ýagly desertleriň deregine süýt önümlerinden taýýarlanan içimliklerdir süýjülikler kabul etmeli. Şeýle hem nahardan soň köpräk gök önüm we miwe iýmäge çalyşmaly. Mümkin boldugyça hurma, badam, hoz ýaly gury ir-iýmişleri iýmeli.
Selälikde ýagsyz et, peýnir, pomidor, zeýtun we ýumurtga ýaly iýmitleri iýmek uzak wagtlap bedeni zerur bolan energiýa bilen üpjün edýär. Muňa gök önümlerden taýýarlanan çorbalary we işdäaçarlary hem goşup bilersiňiz.
Agzaçar bilen seläligiň aralygynda arassa suw, miwe şerbetlerini we ösümlik çaýlaryny köpräk içmeli. Gazly içimliklerden gaça durmaly. Şeýle hem agzaçardan soň ýörelende ýanyň bilen suw almagy hem ýatdan çykarmaly däl.
Agzaçardan soň gyşarmak ýa-da dynç almak maksady bilen ýatmak beden üçin zyýanlydyr. Agyz açylyp, naharlanylyp, bir sagat çemesi wagt geçenden soň 1-2 sagat haýal ýöremek iýmit siňdirişe kömek edýär.
zamanturkmenistan
41
71
möjek_daýy🐺
15.03.2024 13:14
Bedene dynç bermek, immuniteti güýçlendirmek hem-de pikirleri täzelemek üçin uklamak zerur. Uky durmuşda adaty zatlaryň biri ýaly bolup görünse-de, adam üçin, janly-jandarlaryň islendigi üçin örän derwaýysdyr. Bilermenleriň bellemegine görä, çagalar her gün 9-12 sagat, uly ýaşlylar 7-8 sagat uklamaly. Bütindünýä uky gününiň bellenilip geçilmegi geň görünýän hem bolsa, dünýäde ukusyzlykdan ejir çekýänleriň sany az däl.
Taryhy
Bütindünýä uky güni 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän halkara çäreleriň biridir. Her ýyl bahar paslynda gije-gündiziň deňleşýän gününiň (21-22-nji mart) öňýanyndaky anna gününde Bütindünýä uky güni bellenilip geçilýär. Bütindünýä uky güni ukusyzlykdan ejir çekýänlere ýardam etmek, uky ýetmezçiligine getirýän keselleri bejermek maksady bilen yglan edilýär. Bu halkara baýramçylyga 70-den gowrak ýurt gatnaşyp, dünýäniň dürli künjeginde toparlaýyn lukmançylyk maslahatlarydyr ýüzlerçe çäre geçirilýär. Tehnologiýa taýdan ösen häzirki döwrüň esasy meseleleriniň biri hem uky bozulmalary hem-de uky ýetmezçiligidir. Daşky gurşaw, iş şerti, saglyk ýagdaýy hem-de maşgala aladalary ukynyň hiline täsir edýär. Amerikan uky birleşiginiň habaryna görä, häzirki wagtda 50-70 milliondan gowrak adam uky bozulmalaryndan, 25 milliondan gowrak adam bolsa, ukusyzlyk keselinden ejir çekýär. Bu ýyl «Global saglyk üçin uky deňligi» şygary astynda geçirilýän Bütindünýä uky gününde saglyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, uky bozulmalaryna getirýän sebäpleri tapmak, bejermek we öňüni almak maksat edinilýär.
Bütindünýä uky gününi
nähili geçirmeli?
Bütindünýä uky gününi, elbetde, ýatyb-a geçirip bolmaz. Bu gün her kim özüne dynçlyk we rahatlyk berýän pişesi bilen meşgullanmaly. Öý we şahsy arassaçylyk işlerini ýerine ýetirmeli. Sagdyn uky üçin, ilki bilen, arassaçylyk zerurdyr. Esasan hem, ýatylýan otagy we ýorgan-düşekleri arassalamak Bütindünýä uky gününde edilmeli esasy işleriň biridir. Belläp geçsek, bilermenler irden turan badyňa ýorgan-düşegi ýygnamagyň zyýanlydygyny aýdyp, penjiräni açyp, ýatylýan otagyň howasy çalşandan soň, ýorgan-düşekleri ýerli-ýerine goýmagy maslahat berýärler. Öýleri howalandyrmak hem kadaly uky üçin zerurdyr. Bütindünýä uky gününde özüňize görä gün tertibini düzmeli. Fiziki işjeňligi artdyryp, wagtly-wagtynda dynç almaga we kadaly uklamaga endik etmeli. Iş arasynda birnäçe gezek arakesme edip, arassa howadan dem almaga üns bermeli. Kadaly uklamak üçin, esasan hem, agşamara elektron enjamlardan uzaklaşmaly. Ýatylýan otagyň temperaturasyny 16-19 dereje aralygynda salkyn saklamaly. Ýatmazdan ozal beýnini köşeşdirmek üçin kitapdyr çeper eserleri okamaly.
zamanturkmenistan
45
40