Bedene dynç bermek, immuniteti güýçlendirmek hem-de pikirleri täzelemek üçin uklamak zerur. Uky durmuşda adaty zatlaryň biri ýaly bolup görünse-de, adam üçin, janly-jandarlaryň islendigi üçin örän derwaýysdyr. Bilermenleriň bellemegine görä, çagalar her gün 9-12 sagat, uly ýaşlylar 7-8 sagat uklamaly. Bütindünýä uky gününiň bellenilip geçilmegi geň görünýän hem bolsa, dünýäde ukusyzlykdan ejir çekýänleriň sany az däl.
Taryhy
Bütindünýä uky güni 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän halkara çäreleriň biridir. Her ýyl bahar paslynda gije-gündiziň deňleşýän gününiň (21-22-nji mart) öňýanyndaky anna gününde Bütindünýä uky güni bellenilip geçilýär. Bütindünýä uky güni ukusyzlykdan ejir çekýänlere ýardam etmek, uky ýetmezçiligine getirýän keselleri bejermek maksady bilen yglan edilýär. Bu halkara baýramçylyga 70-den gowrak ýurt gatnaşyp, dünýäniň dürli künjeginde toparlaýyn lukmançylyk maslahatlarydyr ýüzlerçe çäre geçirilýär. Tehnologiýa taýdan ösen häzirki döwrüň esasy meseleleriniň biri hem uky bozulmalary hem-de uky ýetmezçiligidir. Daşky gurşaw, iş şerti, saglyk ýagdaýy hem-de maşgala aladalary ukynyň hiline täsir edýär. Amerikan uky birleşiginiň habaryna görä, häzirki wagtda 50-70 milliondan gowrak adam uky bozulmalaryndan, 25 milliondan gowrak adam bolsa, ukusyzlyk keselinden ejir çekýär. Bu ýyl «Global saglyk üçin uky deňligi» şygary astynda geçirilýän Bütindünýä uky gününde saglyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, uky bozulmalaryna getirýän sebäpleri tapmak, bejermek we öňüni almak maksat edinilýär.
Bütindünýä uky gününi
nähili geçirmeli?
Bütindünýä uky gününi, elbetde, ýatyb-a geçirip bolmaz. Bu gün her kim özüne dynçlyk we rahatlyk berýän pişesi bilen meşgullanmaly. Öý we şahsy arassaçylyk işlerini ýerine ýetirmeli. Sagdyn uky üçin, ilki bilen, arassaçylyk zerurdyr. Esasan hem, ýatylýan otagy we ýorgan-düşekleri arassalamak Bütindünýä uky gününde edilmeli esasy işleriň biridir. Belläp geçsek, bilermenler irden turan badyňa ýorgan-düşegi ýygnamagyň zyýanlydygyny aýdyp, penjiräni açyp, ýatylýan otagyň howasy çalşandan soň, ýorgan-düşekleri ýerli-ýerine goýmagy maslahat berýärler. Öýleri howalandyrmak hem kadaly uky üçin zerurdyr. Bütindünýä uky gününde özüňize görä gün tertibini düzmeli. Fiziki işjeňligi artdyryp, wagtly-wagtynda dynç almaga we kadaly uklamaga endik etmeli. Iş arasynda birnäçe gezek arakesme edip, arassa howadan dem almaga üns bermeli. Kadaly uklamak üçin, esasan hem, agşamara elektron enjamlardan uzaklaşmaly. Ýatylýan otagyň temperaturasyny 16-19 dereje aralygynda salkyn saklamaly. Ýatmazdan ozal beýnini köşeşdirmek üçin kitapdyr çeper eserleri okamaly.
zamanturkmenistan