möjek_daýy🐺
25.09.2024 11:39
Aw­tou­la­gy­myz­da­ky kä­bir düw­mä­niň ýa-da aý­ra­tyn­ly­gyň nä­me üçin goý­lan­dy­gy­ny bil­mez­li­gi­miz müm­kin. Bu­la­ryň bi­ri hem aw­tou­lag­la­ryň kö­pü­si­niň yz­ky aý­na­syn­da bar bo­lan dik we ke­se çy­zyk­lar­dyr. Eý­sem, bu gy­zyl çy­zyk­lar nä­me üçin go­ýul­ýar­ka, nä­me işi ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­kä?

Ma­şy­nyň yz­ky aý­na­syn­da­ky gy­zyl çy­zyk­lar ula­gyň di­za­ýny­na we yz ta­ra­py gör­mek­li­ge päs­gel be­rip bi­ler. Bel­ki bu aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­riň kem­çi­li­gi ýa­ly hem gör­nüp bil­ner. Ýö­ne ýag­daý beý­le däl. So­wuk ho­wa­da yz­ky aý­na­da­ky çy­zyk­lar ar­ka ta­rap­da­ky he­re­ke­ti anyk gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Aw­tou­lag­la­ra go­ýul­ýan gy­zyl çy­zyk­lar as­lyn­da def­ros­ter me­tal­dan ýa-da re­zin­den ýa­sa­lan gö­ze­nek bo­lup, aý­na­nyň ýü­zü­ne ýel­me­nip ber­ki­dil­ýär. Bu gö­ze­ne­giň için­den ga­ty in­çe sim­ler ge­çip, ula­gyň elekt­rik to­gu­na ber­ki­dil­ýär. Elekt­rik to­gy bu sim­le­riň üs­tün­den ge­çen­de, ýy­ly­lyk ön­dü­rip bil­jek gar­şy­lyk ýü­ze çyk­ýar. Bu ýy­ly­lyk aw­tou­la­gyň yz­ky aý­na­syn­da­ky bu­guň ýa-da buz gat­la­gy­nyň çalt­lyk bi­len aý­ryl­ma­gy­na müm­kinç­ilik ber­ýär.

Haý­sy ýag­daý­da iş­le­me­ýär?

Adat­ça yz­ky pen­ji­re­de gyz­dy­ry­jy­nyň iş­le­me­gi aw­to­mat ýag­daý­da bo­lup geç­ýär. Aw­tou­lag ot­la­nan­dan soň 15 mi­nu­tyň do­wa­myn­da def­ros­ter çy­zyk­la­ryn­da gyz­gyn­lyk eme­le ge­lip, bug ýa-da buz gat­la­gy aý­ryl­ýar. 15 mi­nut­dan soň, gyz­dy­ry­jy­nyň özi öç­ýär. Kä­te yz­ky pen­ji­re­dä­ki gyz­dy­ry­jy­nyň iş­le­mez­li­gi müm­kin. Bu ul­gam­da­ky nä­saz­lyk pre­doh­ra­ni­te­liň ýa­ryl­ma­gy, gyz­dy­ry­jy si­miň üzül­me­gi we re­zi­niň so­wu­ga ýa-da Gün şöhle­si­ne za­ýa­lan­ma­gy bi­len bag­ly ýü­ze çy­kyp bi­ler.
zamanturkmenistan
12
84
möjek_daýy🐺
25.08.2024 06:27
Tomiko Itoka Ýaponiýa Asiýa şäheriniň 116 ýaşyndaky ýaşaýjysy bolup, häzirki wagtda dünýäniň iň garry ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada bu kitabyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýaponiýanyň raýat golaýda 117 ýaşyndaky ispan raýaty Mariýa Branýasyň aradan çykmagy bilen dünýäniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy derejesine eýe boldy.

Tomiko Itoka Ýaponiýanyň Hiogo prefekturasynyň Asiýa şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýar. Üç aý mundan ozal, Tomika 116 ýaşyny belledi. Garrylar öýüniň işgärleri eşidiş ulgamyndaky kynçylyklara garamazdan, 116 ýaşy zenanyň aragatnaşykda bolmagy halaýandygyny belleýärler.

Tomiko Itoka 20 ýaşynda durmuşa çykyp, 4 çagasy boldy. Häzirki wagtda onuň agtyklary we çowluklary bar.

Mälim bolşy ýaly, Tomiko Itoka 2023-nji ýylyň dekabrynda 116 ýaşyndaky Fusa Tasumi aradan çykandan soňra Ýaponiýanyň iň garry raýaty boldy.
11
15
möjek_daýy🐺
24.08.2024 15:37
2009-njy ýylyň 24-nji awgustynda Halkara Astronomiýa Bileleşigi Plutonyň kesgitlemesini üýtgedip, asman jisimini planeta däl-de, “girdenek” planeta diýip atlandyrýar. Şeýlelikde şol güne çenli Gün ulgamynyň iň uzakdaky hem-de 9-njy planetasy bolan asman jisimi planeta adyny ýitirýär. Häzirki wagtda Gün ulgamynda 8 planeta bar.
1915-nji ýylyň 19-njy martynda Gün ulgamynyň 9-njy planetasyny tapmak üçin edilýän synanyşyklaryň netijesinde Plutonyň ilkinji fotosuraty alyndy. O diýen dury bolmadyk bu suratda Plutonyň nähili asman jisimidigi doly kesgitlenmändi. 1930-njy ýylda asman jisimi planeta diýlip kabul edilýär.
zamanturkmenistan
12
16
möjek_daýy🐺
23.08.2024 09:33
Dünýäde iň seýrek duşýan ses diapazonynyň eýesi bolan Milen Karanýan öz güýçli sesi bilen tanyşdyrmak üçin Ermenistana geldi.

14 ýaşynda ol dünýäde rekord goýup, zenanlaryň arasynda iň ýokary wokal nota üçin baýraga mynasyp boldy. Milen indi Ermenistanyň rekordlar kitabyna girdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

16 ýaşly Karanýanyň sesi oňa islendik jandaryň sesine öýkünmäge mümkinçilik berýär, mysal üçin, ol delfinleriň ýa-da ýer astynda körsyçanlaryň aragatnaşyk dilini gaýtalamagy başarýar.
Iň ýokary wokal sesiň eýesi degişli güwänama mynasyp boldy. Hünärmenler onuň sesiniň 170 desibele deňdigini, munuň gaty seýrek duşýandygyny belleýärler.

Milen Moskwada ýaşaýar, ol hemişe-de ermeni kompozitory Ara Geworkýan bilen duşuşmagy arzuw edipdi. Ol indi Ýerewanda kompozitor bilen duşuşdy. Ara Geworkýanyň «Meniň Şarlym» diýen aýdymyny dünýäniň köp dillerinde adýarlar. Kompozitor Milene bu aýdymy rus dilinde ýerine ýetirmegi teklip etdi.
TurkmenPortal.com
11
13
möjek_daýy🐺
22.08.2024 21:26
Dünýä futbolynyň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo diňe bir meýdançada däl, meýdançanyň daşynda-da rekordlar goýmagyny dowam edýär. Dünýäde sosial mediada iň köp yzarlaýjysy bolan 39 ýaşyndaky Ronaldo “YouTube”-de hem öz hasabyny açdy. Portugaliýaly ýyldyz hasaby açanyndan soň, 1 million yzarlaýja ýetmek üçin oňa 90 minut ýeterlik boldy. Bu görkeziji “YouTube” üçin rekord hökmünde hasaba alyndy. Her minutda yzarlaýjy sany artýan Ronaldonyň entek 24 sagat hem dolmanka 18 milliona golaýlap barýar. Ronaldonyň “Instagram”-da 636 million, “Facebook”-da 170 million, X-de 112,5 million yzarlaýjysy bar.
zamanturkmenistan.com.tm
23
157
möjek_daýy🐺
18.08.2024 09:44
Dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji «üçlüginden» diňe amerikalylar orun aldy. «Bloomberg» bu sanaw barada dolulygyna maglumat berdi.

1) Ilon Mask — 235 milliard dollar baýlygy bilen reýtingiň öňbaşçysy bolmagynda galýar.

2) Jeff Bezos ikinji ýeri eýeledi, onuň baýlygy 193 milliard dollara barabar.

3) Mark Zukerberg 188 milliard dollar baýlygy bilen üçünji orny eýeledi.

4) LVMH eýesi Bernard Arno 184 milliard dollarlyk aktiwleri bilen reýtingiň dördünji ornunda.

5) Bill Geýts özüniň 154 milliard dollarlyk baýlygy bilen 5-nji orna geçdi.

Mälim bolşy ýaly, «Bloomberg» 2012-nji ýylyň mart aýyndan «Bloomberg Billionaires Index»-i neşir edip gelýär. Onda planetamyzyň 500 sany iň baý adamlarynyň baýlygy hakynda maglumatlar bar.
turkmengazet.com
10
26
möjek_daýy🐺
08.08.2024 16:18
Ýylyň birinji ýarymynda Russiýa syýahatçylyk maksady bilen baran daşary ýurtly raýatlar barada maglumat ýaýradyldy. Rus metbugatyna görä, alty aýyň dowamynda jemi 584 müň 600 syýahatçy Russiýa barypdyr. Bu syýahatçylaryň ýaryndan gowragyny – 301 müňüsini hytaýlylar emele getiripdir. 31 müň 200 türkmenistanly syýahatçylyk maksady bilen Russiýa baryp, bu ugurda ikinji orny eýeläpdir. Üçünji orundaky Türkiýeden 16 müň 800 syýahatçy Russiýa barypdyr. Alty aýyň dowamynda Russiýa baran nemesleriň sany 24 müň 200-e ýetipdir. Bäşinji ýeri Birleşen Arap Emirlikleriniň raýatlary (19 müň 300) eýeläpdir.
Ilkinji onluga degişlilikde, Saud Arabystany, Eýran, Hindistan, Gazagystan we Kuba jemläpdir.
14
45
möjek_daýy🐺
10.06.2024 15:46
Bagry agyryly çig şugundyry et üweýänden geçirip, suwuny içmeli.

Çopantelpek gaýnadylan suwa birki çaý çemçesi bal garyp içseň, peşew gowy ýörär.

Nahardan doýan çagany şolbada ýatyrmaly däl.

Bogazyň agyranda, horaz çorbasy haýyrly, içiň ýellenende-de onuň nepi örän oňat.

Ökjäň ýarylanda, oňa towuk ýagyny sogan suwuna garyp çalmaly.

Oňat gaýnadylan tüwi aşgazan üçin has ýaramlydyr.

Ýanan ýeriňe ýumurtga çalsaň, teniň awuşamagyny kiparladýar.

Ýumurtganyň sarysyny bala garyp, ýüze çalsaň, ondaky düwürtiklerden nam-nyşan galmaz.

Aloýeniň ýapragyny gaýnadyp, suwy bilen agzyňy çaýkasaň, dem almagyň gowulanar.
23
325
möjek_daýy🐺
08.06.2024 08:08
Dünýäde iň uly haýwanlar süýdemdirijilere degişlidir. Olaryň iň äpedi gök kitdir. Onuň uzynlygy 33 metre, agramy 150 tonna barabardyr. Gök kitiň ýüreginiň agramy 700 kilograma, böwrekleriniň agramy bolsa 1 tonna, diliniň agramy 2 tonna deňdir. Kitiň aşgazanynyň uzynlygynyň 3 metre, içegeleriniň uzynlygynyň bolsa 250 metre ýetýändigi geň galdyryjydyr. Täze doglan kitiň uzynlygy 8 metre, agramy 6 tonna ýetýär.

Kitleriň kiçi görnüşleri hem bar. Olaryň käbirleriniň uzynlygy 1,5 metr, agramy bolsa 50 kilogramdyr.

Gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň arasynda iň ulusy Afrikada ýaşaýan pildir. Onuň agramy 6 tonna, beýikligi 4 tonna ýetýär, uzynlygy bolsa 4,5 metrdir.

Dünýäde iň beýik haýwan žirafadyr. Onuň beýikligi 6 metre, uzynlygy 2,5 metre, agramy 500 kilograma barabardyr.

Dünýäde iň uly kebelek Braziliýada ýaşaýar. Ol ganatyny ýaýanda, 27 santimetre ýetýär. Ondan sähelçe kiçi kebelek Hindistanda, Zond adalarynda ýaşaýan tawusgöz kebelekdir. Onuň ganatynyň uzynlygy 25 santimetre deňdir.

Iň uly ýerde-suwda ýaşaýan jandar salamandradyr. Onuň uzynlygy 1,5 metre ýetýär. Özem 130 ýyl töweregi ýaşaýar.

Iň uly gurbagalar žabalardyr. Olar Orta Aziýada, esasan hem, Türkmenistanda, Günorta Afrikada ýaşaýarlar. Olaryň bedenleriniň uzynlygy 25 santimetre, göwresiniň ini 12 santimetre, agramy bir kilograma golaýdyr.

Türkmenistanda we Gazagystanda ýaşaýan žabalar diňe suwly ýerde däl, eýsem, çöllükde-de duş gelýärler.

Iň uly ýylan Günorta Amerikada ýaşaýan suw gömülgenidir. Onuň uzynlygy 10-15 metre ýetýär. Suw gömülgeni Amazonka derýasynyň batgaly kenarlarynda duşýar. Günorta Aziýada ýaşaýan anakondanyň uzynlygy 10 metre, agramy 100 kilograma barabardyr.

Iň uly pyşdyllar Hindi, Ýuwaş we Atlantik ummanlarynda ýaşaýarlar. Olaryň agramy 600 kilograma, bedeniniň uzynlygy 2 metre deňdir. Gury ýerde ýaşaýan pyşdyllaryň iň äpetleri Ýuwaş ummandaky Galapagos adasynda ýaşaýarlar. Olaryň uzynlygynyň 1,5 metre, agramynyň bolsa 200 kilograma ýetýänleri hem bar.

Türkmenistanda ýaşaýan zemzenleriňem äpetleri duş gelýär. Olaryň käbirleriniň uzynlygy 1,5 metre ýetýär.
22
30
möjek_daýy🐺
02.06.2024 22:18
BARY BIDEREK

Bir ýeriň ynjasa ýüzüň gülünmez,
Hassalyk derdi hiç kime dilenmez.
Durmuşyň gyzygy göze görünmez,
Saglygyň bolmasa bary biderek.

Toý ýasyňda adamlary sanap gör,
Öz ornuňy il deňinde barlap gör.
Käteler özüň özüňi synap gör,
Hormatyň bolmasa bary biderek.

Arzuw etmegiňem öz çaky bardyr.
Öz hakyna kaýyl bolýanlar azdyr.
Her adam hars urup her zada zardyr,
Nesibäň bolmasa bary biderek.

Gyz-gelinler ýüzüne çalynar reňkin,
Üýtgetjek bolarlar hakyky görkün.
Dogry, çala bezeg bermegem mümkin,
Mähir, nur bolmasa bary biderek.

Nahal ek topragyňa her pasyl,
Boý alyp ýapraklap öwüsse ýaşyl.
Ýöne miwelemän bermese hasyl,
Bakjaly bagyňdan bary biderek.

Eklenç üçin, gazanç üçin işleseň,
Arzuw eden hünäriňe yetmeseň.
Edýän işiň ýüreginden söýmeseň,
Höwesiň bolmasa bary biderek.

Dost diýende daşyň dolup dursa-da,
Saňa şöhrat diläp hormat goysa-da.
Gabat gelseň eger-de kyn pursada.
Halyň soramasa bary biderek.

Ejeň ak süýdüni ödäp bilmeseň,
Kyblaň kakaň ak patasyn almasaň.
Hossarlaryň gadyryny duýmasaň,
Razy bolmasalar bary biderek.

Alty dogan bir düşege sygdylar,
Ulalyp öýlenip goňşy boldylar.
Oňuşman aradan haýat dikdiler,
Hany agzybirlik, bary biderek.

Karza batyp soňky maşyn edinip,
Gymmat baha eşiklerden geýinip.
Aýlanyp ýör köçä sygman öwünip,
Öýi çatma ýaly bary biderek.

Käbir gyzlar pul baýlyga gyzarlar,
Mynasyp däl ýa:ra özün dözerler.
Soňra puşman çekip aglap gezerler,
Durmuşy bagtsyz bary biderek.

Wagtynda okaman okuwhanada,
Hiç kitap okaman kitaphanada.
Soňra işgär bolup bir edarada,
Işini bilmese bary biderek.

Köpler öz iýen duzuna degmeýär,
Şol bolşuna ile göwni ýetmeýär.
Asly ýaşaýyşa akly çatmaýar,
Düşünjäň bolmasa bary biderek.

Iki sözi dogry çatyp bilmänler,
Köpler özlerine şahyr diýýäler.
Bolar bolgusyz zat hakda düzýäler,
Manysy bolmasa bary biderek.

Awtor: Döwlet Berdigylyjow
17
32