möjek_daýy🐺
08.06.2024 08:08
Dünýäde iň uly haýwanlar süýdemdirijilere degişlidir. Olaryň iň äpedi gök kitdir. Onuň uzynlygy 33 metre, agramy 150 tonna barabardyr. Gök kitiň ýüreginiň agramy 700 kilograma, böwrekleriniň agramy bolsa 1 tonna, diliniň agramy 2 tonna deňdir. Kitiň aşgazanynyň uzynlygynyň 3 metre, içegeleriniň uzynlygynyň bolsa 250 metre ýetýändigi geň galdyryjydyr. Täze doglan kitiň uzynlygy 8 metre, agramy 6 tonna ýetýär.

Kitleriň kiçi görnüşleri hem bar. Olaryň käbirleriniň uzynlygy 1,5 metr, agramy bolsa 50 kilogramdyr.

Gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň arasynda iň ulusy Afrikada ýaşaýan pildir. Onuň agramy 6 tonna, beýikligi 4 tonna ýetýär, uzynlygy bolsa 4,5 metrdir.

Dünýäde iň beýik haýwan žirafadyr. Onuň beýikligi 6 metre, uzynlygy 2,5 metre, agramy 500 kilograma barabardyr.

Dünýäde iň uly kebelek Braziliýada ýaşaýar. Ol ganatyny ýaýanda, 27 santimetre ýetýär. Ondan sähelçe kiçi kebelek Hindistanda, Zond adalarynda ýaşaýan tawusgöz kebelekdir. Onuň ganatynyň uzynlygy 25 santimetre deňdir.

Iň uly ýerde-suwda ýaşaýan jandar salamandradyr. Onuň uzynlygy 1,5 metre ýetýär. Özem 130 ýyl töweregi ýaşaýar.

Iň uly gurbagalar žabalardyr. Olar Orta Aziýada, esasan hem, Türkmenistanda, Günorta Afrikada ýaşaýarlar. Olaryň bedenleriniň uzynlygy 25 santimetre, göwresiniň ini 12 santimetre, agramy bir kilograma golaýdyr.

Türkmenistanda we Gazagystanda ýaşaýan žabalar diňe suwly ýerde däl, eýsem, çöllükde-de duş gelýärler.

Iň uly ýylan Günorta Amerikada ýaşaýan suw gömülgenidir. Onuň uzynlygy 10-15 metre ýetýär. Suw gömülgeni Amazonka derýasynyň batgaly kenarlarynda duşýar. Günorta Aziýada ýaşaýan anakondanyň uzynlygy 10 metre, agramy 100 kilograma barabardyr.

Iň uly pyşdyllar Hindi, Ýuwaş we Atlantik ummanlarynda ýaşaýarlar. Olaryň agramy 600 kilograma, bedeniniň uzynlygy 2 metre deňdir. Gury ýerde ýaşaýan pyşdyllaryň iň äpetleri Ýuwaş ummandaky Galapagos adasynda ýaşaýarlar. Olaryň uzynlygynyň 1,5 metre, agramynyň bolsa 200 kilograma ýetýänleri hem bar.

Türkmenistanda ýaşaýan zemzenleriňem äpetleri duş gelýär. Olaryň käbirleriniň uzynlygy 1,5 metre ýetýär.
21
30
okyyjy
8 Iýun 2024
+++Gök kitler Remezan aýynda edil musulman adamlar ýaly oraza tutýarlar. Piller 4 dyzly ýeketäk jandarlardyr.
ideallider
8 Iýun 2024
Ikinji abzasyň iki we üçinji setirine düşünmedik diňe menmi?!🤷‍♂️👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.