lavinya_
09.02.2024 12:46
1. Kodu çözüň


2.Dogry jogaplary çykaryň


3.18 sekundyň içinde 5 tapawudy tapjak boluň.
32
187
lavinya_
09.02.2024 09:07
Ertiriňiz haýyrly bolsun 😁)
32
215
lavinya_
07.02.2024 15:04
Durmuşuňyzam bir kitap ýalakdyr her gün bir sahypasy uçup gider...
37
74
lavinya_
04.02.2024 15:59
Birinji aklyňyza gelen aýdymdan sözler ýazyň diýsem näme ýazardyňyz?
32
299
lavinya_
04.02.2024 11:33
Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam-
Dyzba-dyz otyryp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýni hetjikläp "A" -dan,
"Ýa" harpyna çenli çözläsim gelýär.
İsle zenan adam, isle-de erkek -
Sözledesim gelýär ,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdymy entek?


İň bagtly günümde duşypdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim.Giňäpdi göwün.
İşimem şowlydy ,ýüzümem ýagty,
Ýüregimiň urşy-da başgady şo gün...


Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz otyryp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
Söýgüm,
ömrüm,
aladam,
döwrüm,


Hakynda gürrüňler edesim gelýär. Özümden özgäni küýsänok ýürek .
...Häp-häzir nähili?Häzirem şeýle.
Diňe öz bilen
Gepleşmek gerek.


Awtor: Kerim Gurbannepesow.
29
54
lavinya_
02.02.2024 11:20
"Gowynyň gadyryn bilsinler!" diýip,
Erbetlik diýen zat döränmiş kem-kem
Hemmeler gowynyň gadyryn bilse-
Erbetlik äleme inmejek eken.


"Ýaşlygyň gadyryn bilsinler!" diýip,
Gojalyk ýerinden turanmyş kem-kem.
Hemmeler ýaşlygyň gadyryn bilse-
Gojalyk gojalyp öljegem eken.


"Söýginiň gadyryn bilsinler!"diýip
Hasrat gözlerini açanmyş kem-kem.
Hemmeler söýginiň gadyryn bilse-
Hasrat ukudanam turmajak eken.


"Saglygyň gadyryn bilsinler!"diýip
Kesel diýen zat döränmiş kem-kem
Hemmeler saglygyň gadyryn bilse-
Äleme inmezdim-diýýärmiş -kesel.


"Adamyň gadyryn bilsinler!"diýip
Gaharlanyp Ölüm inenmiş Ýere.
Her kim bir biregiň gadryny bilse-
Ölüm gelen ýerne gitjekmiş ýene.

Awtor:Kerim Gurbannepesow
24
74
lavinya_
01.02.2024 08:57
Herkesle kahve içilmez
çünkü kahve yalnızlıktır.
Beraber kahve içtiğin kişi yalnızlığını
bozduğunu değmeli...

Natsume Soseki.
23
28
lavinya_
30.01.2024 13:02
Köp zat islemedim pany dünýeden,
Derdimiň derdinden dumanly serim,
Uçmagy arzuwlan göwnümi güýmäp,
Maňa symrug guşuň ýelegini beriň!.


Herne üzülen ýaly mähir damarym,
Gursagym gussaly, ýürek ýamaly,
Ykbalym süzenok ýagşy ýamany,
Durmuşyň süzgüçli elegini beriň!.


Belki geçmişimde galsyn şo günler,
Eger gaýdyp gelse dörär düwünler,
Kanagatym synýar soňky döwürler,
Kalbyma sabyryň çelegini beriň!.


Herkim bir - biregi duzlaşyp barýar,
Geljek ýalan bilen sazlaşyp barýar,
Uzakmy bu ýollar ? azaşyp barýan,
Ýapyşyp ýöräre kelebni beriň!.


Awtor:Baýram Bejidow
21
34
lavinya_
25.01.2024 08:45

Hytaýda iň köp ulanylýan familiýa👆🏻 (suratyň üstüne bassaň ulalýa)


A Türmenistanda haýsy familýa has köp ulanylýaka? (Okaýan, işleýan, ýaşaýan) ýerleriňizde haýsy familiýa has köp ulanylýar?(Teswirlerde galdyryň kyn görmeseňiz)

33
298
lavinya_
23.01.2024 13:53
1. BŞŇ GKD BLS-D , TPRG TGZM ET!

2. BZDN SWK DNÝD ÝRGŇ SSS BLMS ÝŞMK KN DŞR.

3. GR B GJ ZMNŇ STND GDRT BR BLS, L GDRT - JDR.

4.GZLRŇ ÝLGRŞ RH DNÝNŇ DRWZSDR.

5
MGTMGL, B DNÝNŇ NMSN,
ÝGP- DÝRP, ÝL BRDM HMSN!
PKR DRÝSN KL GMSN
BTRMŞM, ÇK BLMN NÝLÝN

6.HKK SNGT NSN RH GÝÇ BRÝ DRMNDR

7.HR KM BL, Z ŞŇ SST BL.

8. HR ZDŇ GDR- GMMT HKD ÝTRP , SŇNDN ÝLNÝRS

9.LDN ÝGŞ SZŇ, GLR ÝZŇ, ÇK GWNŇ GSGNM

10.
SN SÝDM SÝP BR GZ BÝGLDM
SN SÝDM HS GŇD B DNÝM.
Z ÝŇLS GLGM GZPL BLDM.
Z DRMŞ RNM ND DŞNÝN

11.Ň GSGNÇ DM -LDN SLMN GSGNÝN DMDR.

12.KTP KMK -SHBTDŞLKDR

13.KMK, WRNMK - DRMŞ HKD HS DÝPL ÝLNMKDR

14.MRŇ Ň SŇND PŞMN, KNÇ, HMR, RMN BLN TMMLMZ ÝL ÝŞ!

15.
N TNN ŞHRT MZN TP,
ŞNÇ ÝK DÝMN GLÝR BR DM.
BR MSGL ŞHRT GZN TP,
PRSPKT SGMN GLÝR BR DM.

16. SZ ÝRKDN ÇKS GÝÇL.

17. PKRŇM DR,GWNŇM DR, GZŇM DR BLSN!

18.RHBLNTLK-MKSD ÝTMGŇ Ň GSG ÝLDR.

19.LM GMMTN GÇRMÝN BR GMMTLKDR.

20.
GN DGR , Ý DGR Z WGT BLN,
Z WGT GLND SÝJR LMLR
BŞGÝ DRMŞD DRKM, KLBM,
GSSNM HMM ZT ÝRB- ÝR BLR.
23
157