lavinya_
30.01.2024 13:02
Köp zat islemedim pany dünýeden,
Derdimiň derdinden dumanly serim,
Uçmagy arzuwlan göwnümi güýmäp,
Maňa symrug guşuň ýelegini beriň!.


Herne üzülen ýaly mähir damarym,
Gursagym gussaly, ýürek ýamaly,
Ykbalym süzenok ýagşy ýamany,
Durmuşyň süzgüçli elegini beriň!.


Belki geçmişimde galsyn şo günler,
Eger gaýdyp gelse dörär düwünler,
Kanagatym synýar soňky döwürler,
Kalbyma sabyryň çelegini beriň!.


Herkim bir - biregi duzlaşyp barýar,
Geljek ýalan bilen sazlaşyp barýar,
Uzakmy bu ýollar ? azaşyp barýan,
Ýapyşyp ýöräre kelebni beriň!.


Awtor:Baýram Bejidow
21
34
lavinya_
30 Yanwar 2024
@flowers_, Wah näsine aýtýaňyz sessiz sessiz hezil bolardy)❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.