lavinya_
15.09.2024 11:16
Arzuwym o diýen ullakan zat däl:
Altyn däl, maşyn däl, ýa uçar däl,
Owadan jäjek däl, ýasama at däl,
Ilkinji dilegim — kemlikden sakla.
Hemmejämiz adam — özümiz deň däl,
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl,
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl
Şeýle bolsun: gyradeňlikden sakla.
Çagalygyň hözirinden aýyrma,
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma.
Ömrümboýy emma emläp doýurma,
Wagt geleninde emzikden sakla.
Ene-de, ata-da bir gün gitmeli,
Soň özümiz olaň ornun tutmaly.
Gözýaşdanam halas etseň et, weli,
Ýalbarýan, ýüregi doňlukdan sakla.
Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde,
Ýolukdyrma hernä bolgusyz derde.
Asly ýeke, özi çäkli ömürde
Başganyň üstünden gülmekden sakla.
Öz ýolumda ýoldaşyma ynanman,
Ýaşamaly etmäweri, eý aman!
Owal-başda öz sazyňa guwanman,
Özgäniň sazyny çalmakdan sakla.
Bu owadan dünýä — guwanjym meniň,
Ygtybar dostlarym — daýanjym meniň.
Mukaddes baýdagym — ynanjym meniň,
Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla.
Yzyňa göz aýla: nähili bolup
Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup.
Indem uly iliň şahyry bolup
Biarzy, bigadyr bolmakdan sakla.
Bir adam deregine alsalar sana,
Bolubilýär, eýsem, armanym näme?
Özgä öwüt berip danadan dana,
Soňundanam tarap çalmakdan sakla.
Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki.
Özümi daraýyn hemmeden ilki.
Märekä baş etseň, etmäweri gülki,
Aşa ýüki arka almakdan sakla.
Garaşly etmeseň özümçe ýoga,
Taýýardyryn her dem sag bol diýmäge.
Ygtyýar ber, gazanjymy iýmäge.
Azan duş etme, emgekden sakla.
Är dek çekip näme gelse başyňa;
Güýzüňden golaýlap barýaň gyşyňa...
Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime,
Oňa derek nähak ýumrukdan sakla..
Awtor: Berdinazar Hudaýnazarow
20
57
lavinya_
10.09.2024 13:36
Näme diýse, şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar:
Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!
Alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
Ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
Olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
Ýeňişi özüne çekerler hökman!
Olara duruw ýok. Olarda güýç bar,
Olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
Otluçöpüň dänesi deý sürtülýär,
Olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.
Durmuş Kiselýowyň «Algebrasy» däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, —
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.
Bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar,
Syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
Emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
Ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.
Ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
Gynansa buzdur ol, begense — otdur.
Ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
Onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.
Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse,
Tohum sepip utulan ýok, utan bar.
Il-gün üçin sähelçe-de haýr etse,
Işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!
Awtor: Gurbannazar Ezizow
13
42
lavinya_
23.08.2024 09:50
Owal-ahyr ýagşy bolmaklyk üçin,
Göwünler birneme sada bolmaly,
Ýalñyşlaryñ ýerin dolmaklyk üçin
Özüñe özüñde kada bolmaly.
Abraýyñ artmaz ýaranjañ bolsañ,
Sylagyñ kemeler gomaljak bolsañ,
Köpleriñ öñünde tanaljak bolsañ,
Ýaşlañ arasynda moda bolmaly.
,,Menem şeýle boljak..." Şeýlemiş il-ä,
Diýmekligiñ özi uly bir günä
Umydy süýrekläp, ynamy diräp,
Şolara halasgär ada bolmaly.
Özün aldaýany gezsemem geñläp,
Göwnümi ýazgardym ýüregmi diñläp,
Köp zady söz berdim, soñuny bilmän,
Bizi köseýän zat wada bolmaly...
Awtor: Baýram BEJIDOW
14
15
lavinya_
15.08.2024 15:31
Seredip doýmadym synlap daşyndan,
Jykyrdaşyp, oýnap ýören çagalaň.
Şeýle ysnyşypdyr, birek- birekden,
Aýry gamy, şatlygy-da ýok olaň .
Olar çäksiz bagtly, erkin, şadyýan,
Nur saçylýar töwerege ýüzünden.
Birmahalky çagalygmy gördüm men,
Olaň bagtdan ýanyp duran gözünde.
Şol gussasyz günlerimi küýsedim,
Ýatlamalaň gatlaryny dörüp men.
Hat-da agşam uzyn gije düýşüme
Şirin, eziz çagalygym giripdir.
Ilki kyndyr boýun almak - başyňdan,
Şagalaňly çagalygyň sowlanyn.
Soň köşeşýäň, görüp , ýeriň bireýýäm,
Eýelänne bir kiçijik oglanyň.
Awtor: Aşyr Hanow.
16
33