lavinya_
10.09.2024 13:36
Näme diýse, şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar:
Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!


Alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
Ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
Olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
Ýeňişi özüne çekerler hökman!


Olara duruw ýok. Olarda güýç bar,
Olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
Otluçöpüň dänesi deý sürtülýär,
Olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.


Durmuş Kiselýowyň «Algebrasy» däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, —
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.


Bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar,
Syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
Emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
Ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.


Ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
Gynansa buzdur ol, begense — otdur.
Ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
Onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.


Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse,
Tohum sepip utulan ýok, utan bar.
Il-gün üçin sähelçe-de haýr etse,
Işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!


Awtor: Gurbannazar Ezizow
13
42
geldiyevna
10 Sentýabr 2024
👍❤️
beghanym
10 Sentýabr 2024
Super manyly
alma___
10 Sentýabr 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.