lalahan
15.03.2023 11:21
Hezreti Aly "Men bir gezek: Eý Allam meni hiç bir adama mäteç etme " diýenimde. -Pygamber Alaýhyyssalam :. - Eý , Aly hiç haçan beýle diýme , adama mätäç bolmajak ýokdur diýdi. Men :. - Onda näme diýeýin diýip soranymda. - Ol:. - Eý Allam meni adamyň namardyna mäteç etme diýip aýt diýdi. - Men:. - Adamyň namardyny nähili tanaýyn diýip soranymda. -Ol:. - Olar sadaka berse minnet edýän, kömek berse diline çolaýan adamlardyr -diýip jogap berdi.
13
103
lalahan
14.03.2023 08:41
Bürgütden sorapdyrlar: "Asmandan ýere gaçmak "ýaly gorkyň barmy diýip. Bürgüt gülip : Men adam däl ,çala beýgelemde özüme guwanyp, göterip bilmän howada gaýar ýaly......Men asmanda wagtymam gözüm hemişe aşakdadyr.
8
79
lalahan
13.03.2023 19:34
Gahar bagra.Hasrat öýkene.Gynanmak aşgazana.Stres ýürege we beýne.Gorky böwreklere agram salýar.Bular bedende dowamly bolsa we köpelse ol organ hassa bolýar.
11
99
lalahan
12.03.2023 10:05
Durmuşda hiç bir duşuşma tötänleýin däldir.Durmuşyňyza giren her bir adam ýa synagdyr ýada bir jeza....Alladan bize bir sowgatdyr...Alla hemmämizi dogry wagtda dogry adamlara duşursyn.
9
29
lalahan
11.03.2023 00:08
Ynsanlaryň arasyndaky hakyky ýakynlyk.Olar birek -birekden uzaklaşanlaryndan soň peýda bolýar.
8
62
lalahan
10.03.2023 16:58
Dünýä bazaryna bardym...Kyýamatyň nyrhy göterilipdir,nebis arzan köp adam satyp otyr."" Ynsaby" hiç ýerden tapyp bilmedim. "Dostluk"diýen nikaplar şeýle bir köp, "Söýgi" diýen oýnawaçlar hem bir giden.Adamlaryň aýagynyň aşagynda " Gadyr" toprak ýaly seçilip ýatyr.... Azyrak beýleräkde "Ýürek" diýen dilegçini gördüm ellerini uzadyp "mähir sadaka ediň" diýýärdi....
8
40
lalahan
09.03.2023 08:21
Dälihanadaky dälileri barlagdan geçirmek üçin kluba alyp gidýärler soňra ellerine gazet berýärler we boýalan oturgyçlarda oturtýarlar.Şonda bir däli aşagyna gazet ýazyp otyrýar.Bula akyllanypdyr diýip gelip näme üçin aşagyňa gazedi ýazdyň diýip soraýalar.Däli boýum kiçi görünmeýär diýip jogap berýär.
10
270
lalahan
07.03.2023 15:41
Kümüş saçly mamalarymyz,mähriban enelerimiz, eziz ejelerimiz, hormatly uyalarym we jigilerim sizin ählinizi ýetip gelýän halkara zenanlar baýramy 8 nji mart güni bilen tuýs ýürekden gyzgyn gutlaýaryn.Siziň ählinize berk jan saglyk, maşgala ojagyňyzda agzybirlik, iş, durmuş, okuw ýolunyzda hemise üstünlik hemranyz bolmagyny arzuw edýärin.Elmydama owadanja ýüzünizden şatlyk aýrylmasyn,gözleriňizden hem dineje bagt gözýaşlary damsyn. Ýenede bir gezek mahriban hormatly aýallar sizi ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlaýaryn.
9
62
lalahan
06.03.2023 21:29
Ine bu gün size gürrüň berjek wakam hakyky bolun geçen wakadyr. Tomus paslynyň ilkinji aýydy we şol wagtlar hem koronowirus ýokanjy sebäpli ahli yerlerde edaralarda, hassahanada cagalar bagynda umuman hemme ýerlerde hem karantin dowam edýärdi.Ine şol wagty biz hem hassahana düşdik we belli bir wagtda karantinda galmaly bolduk.Hassahana günde dürli syrkawlary alyp gelýädiler.Ine sol hassahana gelýän adamlaryň arasyndan bir aýal bir gün biziň gapymyzy kakdy biz girmegine rugsat berdik.Ol aýal telefondan peýdalanmaga rugsat sorady men şol aýala telefonymy uzatdym.Aýal telefondan peýdalanyp bolandan soň minnetdarlyk bildirip telefonymy maňa tarap uzatdy telefony alamdan soň aýal biz bilen edil birnäçe ýyllyk köne tanyşlar ýaly saglyk amanlyk soraşyp stola geçdide otyrdy.We özüniň telefonyny gorkezip öçüp galdy name sebapden bilemok tiz tizden öçüp galýar diýdi.Soň aýal bize siz säherlimi diýip sorady.Men ýok biz obadan geldik diýip jogap berdim.Ýene aýal men sizin ýanynyza gelmänke beýleki adamlardan telefon soradym ýöne olar bermedi diýip ýenede gürrüňini dowam etdi.Olar maşgalasy bilen hassahana düsendigini we oglyny ýakynda öýerendigini ogluna şaherli gyzy alyp berendigini aýtdy.Onsoň aýal şäherli bolsada gelinim diýseň gowy mylakatly edepli we elinden ähli iş gelýär.Maňa başda garyndaslarym ýakyn tanyş adamlarym şaherden gelin alma şäheriň gyzlary gowy däl.Olar iş edip bilenok diýip halys ýüregime düsdiler.Ýöne gelinim şaherli bolsada obanyň gyzyndan kem ýeri yok men ýenede beýleki oglumada şäherli gyzy alyp bererin kabir adamlaryň sözlerine seredip durjak däl.Şäherli gyzlaryň obanyň gyzlaryndan hiç hili kem tutarly ýeri yok eken diýip asta ýuwaşlyk bilen biz bilen hoslaşyp gitdi.
11
117
lalahan
04.03.2023 16:30
Kalba zyýan berýän iki zat bardyr:gam we gaýgy. Gam uky getirer,gaýgy bolsa uklatmaz.
15
96