Ine bu gün size gürrüň berjek wakam hakyky bolun geçen wakadyr. Tomus paslynyň ilkinji aýydy we şol wagtlar hem koronowirus ýokanjy sebäpli ahli yerlerde edaralarda, hassahanada cagalar bagynda umuman hemme ýerlerde hem karantin dowam edýärdi.Ine şol wagty biz hem hassahana düşdik we belli bir wagtda karantinda galmaly bolduk.Hassahana günde dürli syrkawlary alyp gelýädiler.Ine sol hassahana gelýän adamlaryň arasyndan bir aýal bir gün biziň gapymyzy kakdy biz girmegine rugsat berdik.Ol aýal telefondan peýdalanmaga rugsat sorady men şol aýala telefonymy uzatdym.Aýal telefondan peýdalanyp bolandan soň minnetdarlyk bildirip telefonymy maňa tarap uzatdy telefony alamdan soň aýal biz bilen edil birnäçe ýyllyk köne tanyşlar ýaly saglyk amanlyk soraşyp stola geçdide otyrdy.We özüniň telefonyny gorkezip öçüp galdy name sebapden bilemok tiz tizden öçüp galýar diýdi.Soň aýal bize siz säherlimi diýip sorady.Men ýok biz obadan geldik diýip jogap berdim.Ýene aýal men sizin ýanynyza gelmänke beýleki adamlardan telefon soradym ýöne olar bermedi diýip ýenede gürrüňini dowam etdi.Olar maşgalasy bilen hassahana düsendigini we oglyny ýakynda öýerendigini ogluna şaherli gyzy alyp berendigini aýtdy.Onsoň aýal şäherli bolsada gelinim diýseň gowy mylakatly edepli we elinden ähli iş gelýär.Maňa başda garyndaslarym ýakyn tanyş adamlarym şaherden gelin alma şäheriň gyzlary gowy däl.Olar iş edip bilenok diýip halys ýüregime düsdiler.Ýöne gelinim şaherli bolsada obanyň gyzyndan kem ýeri yok men ýenede beýleki oglumada şäherli gyzy alyp bererin kabir adamlaryň sözlerine seredip durjak däl.Şäherli gyzlaryň obanyň gyzlaryndan hiç hili kem tutarly ýeri yok eken diýip asta ýuwaşlyk bilen biz bilen hoslaşyp gitdi.