kizz
17.11.2023 07:54

Dünýäde has beýik işleri ýerine ýetirmegi başarman bileris, emma ýönekeý işleri yhlas bilen ýerine ýetirmegi başarýarys.

Terasa



Käwagtlar uly işleri başarmaga bolan meýillerimiziň netijesin-de, ýönekeý bolan mümkinçiliklerimizi elimizden ýitirýäris. Birwagtlar dostlarymyň biri maňa şeýle diýipdi: «Ömrümi ynsanlara kömek etmek bilen geçirmek isleýärin, emma häzirki şertlerde başaramok. Bir gün hakykatdan hem uly wezipeli bir adam bolanymda başgalar üçin köp zatlar etmegi meýilleşdirýärin». Ýöne, şol wagt hem uly şäheriň köçeleri aç we kömege mätäç, okamagy başarmaýan sowatsyz adamlardan doludy. Birnäçe eneler çagalaryny ekläp bilmeýändikleri üçin ýardam isleýärler. Hiç kime içini dökmeýän syrly adamlar hem özlerine ynamdar dost gözleýärler. Mundan başga-da, onuň ýaly ýönekeý hem bolsa eliňizden gelip biljek ýardam mümkinçilikler bar.


Hawa, aslynda men hem akyldar Terasanyň pikirini soňuna çenli makullaýaryn. Çünki, dünýäniň durkuny üýtgetmegi başarman bileris, emma dünýämizi aýdyňlaşdyrmak biziň öz elimizde. Munda zerur bolan şertleriň iň esasysy özümizi ýönekeýje ýagşylyklary etmäge gönükdirmekdir!

12
17
kizz
16.11.2023 15:18

59 dilde gürläp bilýän adam.


«Eýsem, bir adam näçe dili öwrenip biler?» ýa-da «Näçe dilde gürleşip başarar? »

diýen soraglara jogap tapmak biziň ählimiz üçin diýseň gyzykly bolsa gerek. Maglumatlara görä, dünýäniň iň köp dil bilýän adamy 1954-nji ýylda Liberiýada doglan Ziad Fazah bolup, ol 59 dilde gürlemegi başarýar. Geçirilen synaglarda onuň 59 dildäki raýatlar bilen düşünişip we aragatnaşyk saklap biljekdigi ýüze çykarylypdyr.


Fazah Liwanda ermeni dilini öwrenenden soň, köp dil öwrenmek kararyna gelýär. Ol 1998-nji ýylda 58 dilde gepläp we okap bilýändigi üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna iň köp dil bilýän adam hökmünde hasaba alynýar.


Ýer ýüzünde 7 müňden gowrak dil bolup, olar ene dili, resmi diller, halkara diller ýaly toparlara bölünýär. Taryhy maglumatlara ser salsak, IX asyrda ýaşap geçen Al Farabynyň 70 dili suwara bilendigi aýdylýar.


Şeýle-de Ziad Fazahyň häzirki wagtda dünýäniň iň uly ýaşly poliglotydygy aýdylýar

25
146
kizz
14.11.2023 15:54

Tamamlanyp barýan güýzüň iň ýokumly nygmatlarynyň biri hem nardyr. Lukmanlar bu datly nygmatyň müň bir derdiň emidigini aýdýarlar. Naryň peýdasy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işinde hem giňişleýin aýdylyp geçilýär.


Nar ýürege barýan damarlary iýmitlendirýän, ganyň düzümindäki demri köpeldýän iýmitdir. Şol sebäpli ganazlykdan ejir çekýänlere köpräk nar iýmegi maslahat berilýär. Şol bir wagtyň özünde naryň gan-damar keselleriniň öňüni alýandygy hem aýdylýar.  Nary  köp iýmek bedeniň uzak wagtlap ýaş görünmegi üçin peýdalydyr.


Nar aşgazandyr içegeleri tämizläp, iýmitden galan galyndylary bedenden aýyrýar. Böwrekde daş döremeginiň öňüni alýar.


Naryň düzümi ýokumlara örän baýdyr. Şol ýokumlaryň biriniň süňklerimi bekedýändigi hem aýdylýar. Bir narda ortaça 700 däne bolýar. Onuň 100  gramynda bolsa 72 kilokaloriýa bardyr.


Naryň suwy dişleriň çalt düşmeginiň öňüni alýar. Sebäbi onuň düzüminde mikroblara, wiruslara garşy göreşijiler bolup, olar dişlere düşýän bakteriýalardan goraýar. Aslynda, naryň bakteriýalarynyň inçekeseliň öňüni almaga hem ukyby bardyr.


Deriniň arassa we sagdyn bolmagynda-da naryň täsiri uly. Howanyň sowamagy bilen ýokumlara baý, kesellere garşy göreşijiligi güýçli nar köpräk iýlende, bedeni güýçlendirip, dümew keseliň öňüni alamakda hem iň gowy serişdedir.

20
18
kizz
13.11.2023 19:09

Bir adam düýesi bilen çölde barýarka, ýeke özi içini hümledip oturan birine gabat gelýär. Ol düýesinden düşüp nätanyşyň ýanyna barýar-da, oňa salam berýär. Nätanyş salamyny alsa-da, hiç zat diýmän, başyny aşak egýär. Dymyşlyk esli salym dowam edýär. Soňra nätanyşyň näme üçin beýle gam laýyna batyp oturandygyny bilmek üçin, ýolagçynyň özi oňa habar gatyp, kimdigini soraýar. Nätanyşdan ses-seda çykmaýar. Şeýlelikde, ýene bir salym dymyşlyk dowam edýär. Onsoň, nätanyş ukudan oýanan ýaly bolup, ziňkildäp gidýär-de:


 – Menden näme sorapdyň? – diýýär.


Ýolagçy:


– «Kim bolarsyň?» diýip sorapdym – diýýär.


Nätanyş:


– Men  – diýip, sagynyp durjak ýaly edýär-de, soňra jogap berýär: – Menmi, men halallyk.


– Halallyk diýýäňmi?


– Hawa, halallyk – diýip, nätanyş sesine bat beribräk aýdýar. Ýolagçy:


– Ýeri onda, ýeke özüň çölde näme işleýäň? – diýip, soranynda ol şeýle jogap berýär: – Ir döwürler menem oba-kentlerde ýaşardym. Soňra haramlyk köpelip, demligimden ýapyşyp ugrady welin, adamlaryň arasynda çykyp gaýtmaly boldum. Ine şondan bäri hem şeýdip çölde ýeke ýaşap ýörşüm.


* * *


Halallygyň biziň aramyza gaýdyp gelmegi üçin, ilki bilen onuň aramyzda «ýaşamaýandygyna» göz ýetirmeli. Halallygyň nämedigi belli zat. Wyždanymyzyň gözüne gubar inmedik bolsa, biz ony göräýmeli. Görmeýän bolsak, diýmek wyždanymyza öz wezipesini berjaý etmäge päsgel berýän gaflat «serişdelerine» mübteladyrys. Halallyk biziň özümizçe dogry hasaplaýan zatlarymyz däldir. Halallyk Haktagalanyň gatynda «dogry diýlip» ykrar edilen zatlardyr. Şonuň üçin hem eger ýalňyş iş edýän bolsak, şony dogry diýip özümize ynandyrmagyň, depme halal etmegiň näme manysy bar?! Hakykatyň iru-giç ýüze çykjagy anyk bolsa, özem mundan gaçyp gutulyp gitjek ýerimiz ýok bolsa, onda ýüze çykjak şol hakykatyň talabyna laýyk ýaşamak, şoňa göre durmuşyňy guramak has dogry dälmi eýsem?!

22
92
kizz
12.11.2023 22:22

Aýtmaklaryna görä, bir alym çopana gabat gelip:

— Sen näme üçin ylym öwrenmeýärsiň? – diýip sorapdyr. Çopan hem oňa:

— Men ähli ylymlaryň gysgaça mazmunyny öwrendim — diýip, jogap beripdir.

— Öwrenen zadyň näme? Hany, aýt, eşideli?

— Ähli ylymlaryň gysgaça mazmuny şundan ybarat: Birinjisi, dogrulyk barka, ýalan sözlemeýärin. Ikinjisi, halal barka, haram iýmeýärin. Üçünjisi, öz aýbymdan doly saplanman, özgäniň aýbyny gözlemeýärin. Dördünjisi, Allatagalanyň ryzky barka, Ondan gaýrynyň ýanyna el serip barmaýaryn. Bäşinjisi, tä behişdiň bosagasyndan ätleýänçäm, nebsimiň we şeýtanyň hilesinden özümi aman saýmaýaryn.

— Sen ähli ylymlaryň düýp many-mazmunyny öwrenipsiň. Bu bäş häsiýete eýe bolsaň, saňa ylym we hikmet kitaplarynyň geregi ýok. Sen şolara berk ýapyş, şeýle etseň bagtyýarlygyň çür başyna ýetersiň.

34
305
kizz
11.11.2023 22:02

Bir adam başga bir adamdan öý satyn alypdyr. Alyjy ýaňky öýi ýykyp, ýerine täze jaý gurjak bolup ýörkä, öýüň diwarynyň aşagyndan hazyna çykypdyr. Ol tapan hazynasyny öýüň öňki eýesine äkidip, oňa:


— Men senden satyn alan öýümiň diwarynyň aşagyndan baýlyk tapdym. Men senden bu altynlary däl-de diňe öý satyn alypdym — diýipdir. Öýüň öňki eýesi bolsa:


– Men ol öýi öňki eýesinden satyn aldym, meniň bu baýlykdan habarym ýok. Men muny alyp biljek däl. Meniň onda hiç hili hakym ýok – diýipdir. Olar şol hazynany patyşa eltip, ýurduň bähbidine ulanar ýaly oňa tabşyrmaklygy dogry hasaplapdyrlar. Olar altynlary patyşa eltip, bolan wakany aýdypdyrlar. Emma patyşa hazynany almakdan geçen, gaýtam, olaryň üstüne gygyrypdyr:


— Siz orta gatlakdaky adamlar bu puly almaklygy rowa görmeýän halyňyza, halky dolandyrýan, gerdeninde Beýik Ýaradanyň agyr ýüküni göterýän patyşa bolup, neneň edip alaýyn?!


Şonda öý eýeleri:


— Siz, patyşa. Biz bu işiň hötdesinden gelip bilemizok. Bu meseläniň çözgüdini siziň adyl dolandyryjylygyňyza tabşyrýarys – diýipdirler.


Patyşa olara biri-biri bilen guda bolmagy maslahat beripdir. Satyjynyň gyzy alyjynyň bolsa ogly bar eken. Gyzy oglana nikalap beripdirler. Hazynany bolsa ýaş çatynjalara gowşurypdyrlar. Şeýdip, patyşa özüniň adalatlylygyny görkezipdir. Ol özüniň adyl soltanlygyna zulum, hyýanat lekesiniň ýokmagyny islemändir.

30
203
kizz
10.11.2023 14:47

Dünýädäki iň gowy zat


Kimligiňe, näme isleýändigiňe garamazdan, bir zady ýürekden isleseň sen şoňa hem ýetersiň. Esasy zat ýürekden islemekdir we hereket etmekdir.


Ol ülkäniň meşhur suratkeşlerinden hasaplansa-da, öz döreden eserlerinden göwni suw içenokdy. Bir gün ol özüniň «iň gowy eserini» döretmegi ýüregne düwdi. Ýöne ençe günläp çekjek suraty barada oýlansa-da, kellesine hiç bir ajaýyp pikir gelmedi. Gözleýänini tapjak bolup, ýeke özi telbe ýaly obanyň çetinde aýlanyp ýörkä, öňünden çykan bir gojadan:


— Dünýäde iň gowy zadyň suratyny çekmekçi bolýaryn. Emma näme çekjegimi bilemok. Maňa kömek edip bilersiňizmi? — diýip sorapdyr.


Goja suratkeşe garap:


— Dünýäniň iň gowy zady ynamdyr. Ynamsyz ýaşap bolmaz, oglum! — diýip jogap beripdir. Suratkeş ýola rowana bolupdyr. Şäherde Bagt köşgünden çykyp gelýän ýaş çatynjalara duşupdyr. Olardan hem:


— Siziň pikiriňizçe, dünýäde iň gowy zat näme? — diýip sorapdyr.


Gelin adamsyna mähirli garap:


— Söýgi. Söýgi garyplygy baýlyga, gözýaşlary ýylgyrşa öwürýär — diýip jogap beripdir.


Suratkeş eşidenleri barada oýa batyp gelýärkä, ýolda bir esgere gabat gelipdir. Suratkeş oňa-da bu sowal bilen ýüzlenipdir. Köp hupbatlary başyndan geçiren esger ikirjiňlenmän:


— Dünýäniň iň gowy zady asudalyk we parahatçylykdyr. Iň erbet zady bolsa uruşdyr. Parahatçylygyň bar ýerinde gowulyk hem bardyr — diýip jogap beripdir.


Suratkeş:


— Ynam, söýgi, asudalyk we parahatçylyk. Men bulary nädip bir suratda ýerleşdirsemkäm? — diýip, öýüne gaýdypdyr.


Haçan-da ol öýüne gelip, gapyny açyp içeri girende, dünýädäki iň gowy zadyň nämedigini bilip galypdyr.


«Kaka jan» diýip, gujagyna dolan gyzynyň gözündäki ynamy görüp, beýik Taňra ýüzde müň şükür edipdir. «Hoş geldiň!» diýen aýalynyň didelerindäki nurly söýginiň şöhlesi onuň kalbyny ýyladypdyr. Ojagynyň asudalygyna hem-de parahatçylygyna buýsanypdyr.


Ol derrew reňklerine ýapyşypdyr. Az salymyň içinde «Maşgala» atly ajaýyp surat taýýar bolupdyr. Bu surat onuň arzuw edýän iň gowy suratydy.

25
67
kizz
09.11.2023 14:52

Meşhurlardan galan meşhur aýtgylar.


Durmuş iki zat bilen gözelleşýär, matematika bilen meşgullanmak we ony okatmak bilen.


Simeon PUASSON.


Beýleki ylymlar bilen meşgullanýanlar diňe matematiki subutnamalaryň kömegi bilen belli bir zada göz ýetirip bilerler.


Rodjer BEKON.


Adamlar eýýäm jemgyýetler döräp başlandan sanap başladylar, olar gürrüňsiz öz maşgala agzalarynyň sanyny bilipdirler. Öz ýaşan günlerini, ýyllaryny bilipdirler, sürüleriniň sanyny ýöredipdirler.


Wiktor BUNÝAKOWSKIÝ.


Eger adamzadyň tebigatyndan sanlary aýran bolsalar, biz hiç haçan hem paýhasly bolup bilmezdik.


Platon.


Diňe meseläniň şertine düşünmek ýeterlik däldir, ony çözmek üçin isleg zerurdyr. Örän kyn meseläni güýçli isleg bolmasa çözmek mümkin däl, emma şeýle isleg bolsa çözmek bolýar. Isleg nirede bolsa oňa ýol tapylýar.


Dýord POÝA.


Geometriýa müsürliler tarapyndan açylypdyr we ýer ölçemekde ýüze çykypdyr. Bu ölçegler Niliň joşmaklygy we onuň araçäkleri bozup durýanlygy üçin zerur bolupdyr.


Ewdem RODOSSKIÝ.


Gözellik simmetriýa bilen berk baglanyşyklydyr.


German WEÝL.

16
62
kizz
08.11.2023 14:33

Okuwcylaryň ýetişiginiň pesligi köplenç halatda onuň üşüginiň  kemliginden, mugallymyň sapak düşündirip bilmeýänliginden ýa-da sapagyň kynlygyndan däldir. Munuň düýp sebäbi mugallymyň öwrediş usuly bilen okuwçynyň öwreniş usulynyň gabat gelmeýänligidir.


Alişan Kapaklykaýa


***


Käte bir çaganyň durmuşyny ýekeje mugallym üýtgedýär, Käbir çagalar mekdebe şu gün diňe şol mugallym üçin gelýär. Ana, şol mugallym siz boluň! Özi-de her gün boluň…


***


Okuwçy mugallymyny gowy görse, onuň sapagyny hem gowy görýändir. Ýagny ilki ýürege, soňra beýnä täsir edip bolyar.


Dogan Jüjelogly


***


Bu günki okuwçylar ertirki nesildir. Ertirki nesil bolsa Mugallymlaryň eseridir.

30
73
kizz
07.11.2023 08:34

ISLEG


Aň goýalyp, pana akyl ýetirip,


Meň kakama juda meňzäsim gelýär.


Ojagma biminnet çörek getirip,


Meň kakama juda meňzäsim gelýär.


*****


Höwes edýän halal gadam urşuna,


Zähmetden gollary dönen gurşuna,


Ýygyrtly ýüzüni synlap durşuma,


Meň kakama juda meňzäsim gelýär.


*****


Sylagy essedir hormat goýana,


Ejize el berer (gurpa daýana),


Galamymy çalşyp çopan taýaga,


Meň kakama juda meňzäsim gelýär.


*****


Müdimilik çöle çykmalam bolsam,


Sowatsyzlyk ýükün çekmelem bolsam,


Ýigrimiden kyrka bökmelem bolsam,


Meň kakama juda meňzäsim gelýär.


*****


Bu sözlem ýürekden, däldir ýasama,


Beýik arzuwlarmy gysyp, gysyma,


Ýagşy ynsanlygyñ hatyrasyna,


Meň kakama juda meňzäsim gelýär.


 


Kerim HALLYÝEW.

20
19