kizz
11.11.2023 22:02

Bir adam başga bir adamdan öý satyn alypdyr. Alyjy ýaňky öýi ýykyp, ýerine täze jaý gurjak bolup ýörkä, öýüň diwarynyň aşagyndan hazyna çykypdyr. Ol tapan hazynasyny öýüň öňki eýesine äkidip, oňa:


— Men senden satyn alan öýümiň diwarynyň aşagyndan baýlyk tapdym. Men senden bu altynlary däl-de diňe öý satyn alypdym — diýipdir. Öýüň öňki eýesi bolsa:


– Men ol öýi öňki eýesinden satyn aldym, meniň bu baýlykdan habarym ýok. Men muny alyp biljek däl. Meniň onda hiç hili hakym ýok – diýipdir. Olar şol hazynany patyşa eltip, ýurduň bähbidine ulanar ýaly oňa tabşyrmaklygy dogry hasaplapdyrlar. Olar altynlary patyşa eltip, bolan wakany aýdypdyrlar. Emma patyşa hazynany almakdan geçen, gaýtam, olaryň üstüne gygyrypdyr:


— Siz orta gatlakdaky adamlar bu puly almaklygy rowa görmeýän halyňyza, halky dolandyrýan, gerdeninde Beýik Ýaradanyň agyr ýüküni göterýän patyşa bolup, neneň edip alaýyn?!


Şonda öý eýeleri:


— Siz, patyşa. Biz bu işiň hötdesinden gelip bilemizok. Bu meseläniň çözgüdini siziň adyl dolandyryjylygyňyza tabşyrýarys – diýipdirler.


Patyşa olara biri-biri bilen guda bolmagy maslahat beripdir. Satyjynyň gyzy alyjynyň bolsa ogly bar eken. Gyzy oglana nikalap beripdirler. Hazynany bolsa ýaş çatynjalara gowşurypdyrlar. Şeýdip, patyşa özüniň adalatlylygyny görkezipdir. Ol özüniň adyl soltanlygyna zulum, hyýanat lekesiniň ýokmagyny islemändir.

30
203
kizz
11 Noýabr 2023
@owrenmeli, dogry
kizz
11 Noýabr 2023
@owrenmeli, bah. Nirde bu wagt
tmyigit76
11 Noýabr 2023
@owrenmeli, @0878, ok 👍🏻
kizz
11 Noýabr 2023
@owrenmeli, Hudaya sukur gou. Yitip gitdin senema
tmyigit76
11 Noýabr 2023
@owrenmeli, wah beýtmeli dälä 😊 başga zat bolsa turzarsyňyz
tmyigit76
11 Noýabr 2023
@0878, 😊🤣
tmyigit76
11 Noýabr 2023
Waheeý maňa beräýmelä 🤣🤣🤣
kizz
11 Noýabr 2023
@gggh, salam. Ozunizem goumy
gggh
11 Noýabr 2023
Salam gowymysyňyz
kizz
11 Noýabr 2023
@owrenmeli, goumy yagdayyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.