kizz
12.12.2023 22:21
Çopantelpegiň peýdasy

Çopantelpek adamlara rahat dynç almaga kömek edýän meşhur ösümlikdir. Ony gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde ulanýarlar.

Dünýäniň köp ýurtlarynda duş gelýän bu ösümlik saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Şeýle hem ol dermanlyk otlaryň arasynda iň köp peýdalanylýanlaryň biridir. Lukmançylykda çopantelpegi agrysyzlandyryjy, köşeşdiriji, damar giňeldiji derman hökmünde ulanýarlar. Şeýle hem gyzgynyňy peseltmekde, sowuklamany bejermekde, aşgazan keselleriniň öňüni almakda hem peýdasy uludyr. Bu dermanlyk ot rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, kiçi ýaşly çagalar we uzak wagtlap dartgynly emosional ýagdaýda bolýan näsaglar üçin has-da peýdalydyr.

Çopantelpek bilen garylyp demlenen çaýa bir azajyk gara burç, bir çaý çemçesi bal garyp içmeli. Bu demleme dümewden hem-de bokurdak agrysyndan gutulmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, lukmanlar çopantelpegiň goýy demlemesini ary baly, ýumurtganyň sarysy we mindal ýagy bilen garyp, bu garyndyny birnäçe gat hasa siňdirip, ýüze daňylanda  ýüzüň ter bolmagyny, wagtyndaň öň garramazlygyňy üpjün edýändigini aýdýarlar.

Çopantelpegiň gülünden taýýarlanylýan el we saç ýuwujy serişdeler bedeniňe oňaýly täsir edýär. Ondan taýýarlanylan çaý ukunyň hilini ýokarlandyrýar. Çopantelpek çaýynyň bu häsiýeti gadymy lukmançylyk amallaryndan bäri bellidir. Bu çaýyň peýdalary dürli antioksidantlary öz içine alýandygyndan gelip çykýar. Bu antioksidantlaryň käbiri dürli keselleriň, şol sanda ýürek keselleriniň we rak keseliniň töwekgelçiligini azaltmakda uly rol oýnaýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman aýdanymyzda, ilatyň saglygyny dikeltmekde ýurdumyzyň keramatly topragynda ösýän  çopantelpegiň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giň maglumat berýän Gahryman Arkadagymyzyň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’’ atly ylmy-ensiklopediýasy diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem, halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmä öwrüldi.
28
39
kizz
12.12.2023 18:20
“Başarmarsyň’’ diýen düşünjäni unudyň!

Ynsan nä derejede gaýratly bolsada bir işe başlamak üçin ilkinji ädimi ädende tolgunmazlyk onuň elinde däl. Suwa bökmäge gaýratyňyz çatar, emma asyl gaýratlylyk suwa ilkinji gezek böküşde başlanar. Bir işi ýerine ýetirmek nähili derejede çylşyrymly bolsa bolsun ýöne ilki synanşykdan soňra başaryp bilersiňiz.

Üstünlik-meşhurlyga ýol açan netijeler bilen bir hatarda alkyşlamaga mynasyp zähmetleri hem orta goýar. Biziň wezipämiz, berkidilen işi doly derejede ýerine ýetirmek we soňunda ýüze çykan netijelere syn etmekdir. Şeýle pikirlenmek, birinji altyn ädimi ätmegi aňsatlaşdyrar. Bir gorky gursagymyzy lerzana getiren we bize “başarmarsyň’’ diýer.

Aslyna seretseň başarýanlar bu päsgelçiligi ýeňip geçenlerdir. Bir işde başarjaň bolman hem başga bir işde tapawutlanyp bilersiňiz. Bu durmuşda ähli zady başarmaly diýen zat ýok.Tebigatyň bize eçilen kanuny şeýle. Şonuň üçin hem “başarmarsyň’’ diýen düşünjäni unudyp, ilkinji altyn ädimi ätmekde haýyr bar.
29
89
kizz
11.12.2023 17:16
Baş Roždestwo arçasynyň çyrasy ýakyldy.


Nýu-Ýork şäheriniň Rokfeller merkezinde Baş Roždestwo arçasynyň çyrasynyň ýakylyş dabarasy ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Agramy 12 tonna bolan 24 metrlik arça 11-nji noýabrda Nýu-Ýork ştatynyň Westal şäherinden getirildi. Onuň bezegi üçin 50 müňden gowrak dürli reňkli lampalardan ybarat bolan, takmynan, 8 kilometr uzynlykdaky bezeg çyrasy gerek boldy.

Arçanyň çür depesini «Swarovski» -niň bahasy 3 million bolan kristaly bilen bezelen hrustal ýyldyz bezedi. Arçanyň çyralary ýakylmazdan ozal bu ýerde konsert geçirilip, oňa Şer, Barri Manilou, Hloýa Beýli, Keke Palmer, Ketrin Makfi, Manuel Turizo ýaly aýdym-saz ýerine ýetirijileri gatnaşdy.

Geçmişe ser salsak, Roždestwo arçasy ilkinji gezek 1931-nji ýylda Rokfeller merkeziniň töwereginde dikilipdir. 1933-nji ýyldan bäri çyra ýakylyş dabarasy yzygiderli geçirilýär, 1951-nji ýyldan bäri bolsa bu dabara telewideniýe arkaly halka ýetirilýär.
33
72
kizz
10.12.2023 01:01
24 sagat: Ýer ýüzünde bir günde nämeler bolup geçýär.



Biziň ýaşaýan dünýämizde 24 sagadyň dowamynda ululy-kiçili täsin wakalardyr hadysalar bolup geçýär. Biz köplenç bu wagty bolaýmaly ýaly, ähmiýetsiz hasaplaýarys, ýöne käbir jandarlar üçin Ýer ýüzüniň bir güni bütin ömürdir.

🔶 Ýer ýüzünde bir günde nämeler bolýar?

🔸7 ýertitreme, 18 müň tüweleý, 8,6 million ýyldyrym.

🔸Takmynan, 18 million adam doglan gününi belleýär.

🔸Takmynan, 365 müň adam dünýä inýär.

🔸Her gün bir agaç planetanyň iki ýaşaýjysy üçin ýeterlik bolan kislorody bölüp çykarýar.

🔸Orta hasap bilen her birimiz günde 15 gezek gülýäris.

🔸Ynsan ýüregi günde 104 müň gezek urýar.

🔸Kagyz haltalary ýasamak üçin 40 müň agaç, hajathana kagyzy ýasamak üçin 27 müň agaç kesilýär.

🔸Ösümlikleriň, mör-möjekleriň, guşlaryň we süýdemdirijileriň 150-200 görnüşi daş-töweregiň hapalanmagy, ýeriň zaýalanmagy we daşky gurşawa zeper ýetmegi sebäpli ýok bolar.

🔸Hytaýly daýhanlar 510 müň tonna tüwi ýygnaýarlar.

🔸Dünýä ýüzi boýunça 1,700,000 tonna miwe ýygnalýar.

🔸Ortaça, her bir adam takmynan 48 müň sany söz aýdýar.

🔸Bütin dünýädäki towuklar 190 million ýumurtga berýärler.

🔸Dünýädäki adamlar her gün hajathananyň suwuny 22 milliard gezek goýberýärler. Bu suw mukdaryna adamzadyň ýarysy suwa düşüp bilerdi.

▪️142 müň awtoulag öndürilýär. Eger bu täze öndürilen awtoulaglar zynjyr görnüşde hatara düzülen bolsa, olaryň uzynlygy takmynan 512 kilometre barabar bolardy.

▪️Adam her gün 23 müň gezek dem alýar.

▪️Adam bedeninde her günde 50 trillion öýjük ölüp, täzeden döreýär.

▪️Adamyň 40 — 100 aralygynda sany saçy dökülýär.

▪️Adamlar bir günde 800 million apelsin, 1 milliard alma, 1,5 milliard sany bolsa banan iýýärler.

▪️Adam saçlary 0,35 millimetr ösýär.

▪️24 sagat maýyp güjügiň gysga ömri.

🔶 Bir günde adamlar şulary satyn alýarlar:

◾570 müň sany telewizor;

◾3,4 million sany telefon;

◾540 million sany gazet;

◾820 müň sany golf topjagazy.

▪️Her günde 2753 sany kitap çap edilýär.

▪️Ýer ýüzünde 24 sagadyň dowamynda Gün bir gezek dogup, bir gezek batýar. Şeýle-de bolsa, Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) astronawtlary günde 16 gezek Günüň doguşyny we 16 gezek Günüň batyşyny görýärler.

▪️Ýer togalagymyzda her günde bolup geçýän wakalar örän köp bolsa-da, köplenç olara ähmiýet bermeýäris. Bir günde köp sanly janly-jandar dünýä inýär we ölýär, ekinler ösýär we miweler bişýär, köp mukdarda önüm öndürilýär. Tebigatyň ýaşaýşy yzygiderli ösüp-ýetişip dowam edip dur, adamzat işleýär, kämilleşýär.

▪️24 sagadyň içinde milliardlarça jandar üçin ýaşaýyş üpjün edip, ullakan özgerişler sikli başdan geçirilýär. Bu zatlaryň ählisi planetamyzy her pursatda ajaýyp wakalaryň bolup geçýän ýerine öwürýär.
23
109
kizz
30.11.2023 14:14

47 ýyldan soň gazanylan ýeňiş



«Championat.com» -yň habar bermegine görä, Italiýanyň milli ýygyndysy Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçirilen tennis boýunça Dewisiň kubogynyň final oýnunda Awstraliýanyň toparyny ýeňmegi  başardy.


Ilkinji duşuşykda Matteo Arnaldi 7:5, 2:6, 6:4 hasabynda Alekseý Popyrini ýeňdi. Ikinji oýunda bolsa Ýannik Sinner 6:3, 6:0 hasaby bilen Aleks de Minaurdan üstün çykmagy başardy. Ýekelikde geçirilen iki oýnuň jemi boýunça deňme-deň netije alnan ýagdaýynda jübütleriň arasyndaky duşuşyk meýilleşdirilipdi.


Awstraliýanyň milli topary üçin Mettýu Ebden bilen Maks Pýorsell, Italiýanyň topary üçin bolsa Sinner bilen Simone Bolelli oýnamalydy. Italiýanyň milli ýygyndysy taryhda ikinji gezek Dewisiň Kubogyny utdy.


Ýatlap geçsek italiýalylar 47 ýyl mundan öň – 1976-njy ýylda ýeňiji bolupdylar. Awstraliýa Dewisiň Kubogynda 28 gezek ýeňiş gazanyp, 2003-nji ýyldan häzirki wagta çenli hiç hili kubok gazanyp bilenok.

19
58
kizz
30.11.2023 06:20

Dişleri agartmak üçin täze usullar

Aslynda, tebigy usullar arkaly günde birnäçe minudyňyzy sarp edip, dişleriňiziň akja bolmagyny gazanyp bilersiňiz.


Öý şertlerinde tebigy usullar bilen saralan dişleriňizi ýagtylandyrmak öz eliňizde. Ilki bilen üns bermeli ýeke-täk zadyňyz, dişleriňiziň arasynda galan galyndylaryň we çüýremeginiň öňüni almak üçin iýip-içeniňizden soňra agzyňyzy gowy edip ýuwuň.


🔸Antibakterial gazlandyrylan garyndy. 1 çaý çemçesi hamyr sodasyna deň mukdarda zeýtun ýagyny goşuň we üstüne birnäçe damja limon gysyň. Alnan garyndy bilen dişleriňizi ýuwuň. Hepdede iki gezek ulanjak bu gazlandyrylan garyndy, dişleriňiziň reňkini ýeňilleşdirer we agzyňyzdaky bakteriýalary ýok eder. Bu amal üçin aýratyn diş çotgasyny ulanyň.


🔸Darçyn. Bir çaý çemçesi adatyja we bir çaý çemçesi tozan darçyna birnäçe damja limon goşuň. Bir käsede gowy garylan maddalar bilen dişleriňizi ýuwuň. Bu usuly hepdede 3 gezek gaýtalaň.


🔸Ýertudana. Orta ölçegli ýertudanany gowy edip ýuwup, dişleriňize sürtüň. Her gije ýatmazdan ozal bu usuly bir hepde yzygider gaýtalaň.


🔸Gliserin. Diş çotgaňyza birnäçe damja gliserin goşuň. Dişleri aklaýan gliserin, bakteriýalary ýok etmek bilen dişiň çüýremeginiň hem öňüni alýar.


🔸Süýümli gök önümler we miweler. Brokkoli, alma we hyýar ýaly süýüme baý gök önümler hem dişleri agartmakda hem diýseň täsirli usuldyr.

22
148
kizz
29.11.2023 20:35
Suratda ilkinji gören haýwan şekiliňiz…
Bu suratda görýän ilkinji haýwan şekiliňiz sizde agalyk ediji şahsyýetiňizi açmaga ýardam edýär. Şahsyýet synaglary häsiýetimizi, zerurlyklarymyzy we daşky gurşawymyza dogry çemeleşmegimizi aňladyp biler. Häsiýet aýratynlyklarymyz hakda köp maglumat berýän bu synaglar geň galdyryjy netijeleri hem berip biler. Aşakdaky suraty üns bilen synlap, haýsy haýwany görendigiňizi anyklaň:

Onda, siz haýsy haýwany ilki gördüňiz?

◾Bars – güýçli. Suratda ilkinji gören haýwanyňyz bars bolsaň, onda siz gaty güýçli şahsyýetsiňizdir. Dolandyrmagy gowy görýärsiňiz. Siz örän batyr we kynçylyklara garşy döz gelip bilýän adamsyňyzdyr. Kynçylyk – bu siziň üçin durmuş pelsepesi we siz ondan baş alyp çykmagy gowy görýärsiňiz. Adamlar size aşa köp ynanýarlar.

◾Düýe – sabyrly. Eger-de, siz ilki bilen düýäni gören bolsaňyz, bu ýagdaý sizde duýgy häsiýetiňiziň bardygynyň aňladylmasydyr. Sabyrly ädimler bilen maksatlaryňyza dogry barýarsyňyz. Başdan geçirýän kynçylyklaryňyz sizi hiç wagt gorkuzyp bilmez. Elmydama kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýoluny tapýarsyňyz. Erkinligiňizi gaty gowy görýärsiňiz. Käwagt birneme passiw bolup bilseňizem, hukuklaryňyza gezek gelende nädip gürlemelidigini oňat bilýärsiňiz.

◾Žiraf – pespäl. Gören haýwanyňyz žiraf bolsa, onda sizde kiçigöwünlilik bar bolmaly. Siz hem garaýşy boýunça ýokary bolup, ýönekeý durmuşda ýaşamaga çalyşýan adamsyňyz. Durmuşda üstünlige ynanýarsyňyz. Aslynda üstünlik gazanjakdygyňyzy bilýärsiň we ulumsylyk etmän ýuwaşlyk bilen öňe gidýärsiň. Ýaşyňyzdan kiçi adamlary halamaýan tebigy aýratynlyk hem size mahsusdyr.

◾Doňuz – ýiti akylly. Ünsüňizi çeken haýwan doňuz bolsa, onda sizde ýiti garaýyşy bolan adam häsiýeti bardyr. Ýagdaýlar nähili bolsa-da, ýiti akyl bilen bir çykalga tapýarsyňyz. Güýçli erkiňiz bilen başaryp bilmejek zadyňyz ýokdur. Her niçigem bolsa, isleýän üstünligiňize ýetersiňiz. Bu beýleki adamlaryň size haýran galmagyna hem sebäp bolup biler.

◾At – garaşsyz. Haýwanlaryň arasyndan aty gören bolsaňyz onda siziň şahsyýetiňiz garaşsyzdyr. Erkin siziň üçin örän möhümdir. Üstünlik gazanmak hem siziň üçin erkinlik ýaly möhümdir. Şonuň üçin käbir meselelere giň nukdaýnazardan seredýärsiňiz.

◾Tazy – wepaly. Ilkinji gören haýwanyňyz tazy bolsa, diýmek siz gaty wepaly adamsyňyzdyr. Wepalylyga ýokary baha berýärsiňiz. Gatnaşyklaryňyzda iň möhüm zat size wepalylykdyr. Ynam we hormat siziň üçin durmuşyň manysydyr. Duýgularyňyz has güýçlidir. Çuňňur şahsyýetiňiz bolup, durmuşyňyza girjek adamlary gözden geçirýärsiňiz.

◾Pil – joşgunly. Ilkinji gören haýwanyňyz pil bolsa, durmuşyňyzy öz instinktleriňize görä ýaşaýarsyňyz. Şonuň üçin birine ynanýan bolsaňyz, elmydama olaryň ýanynda bolarsyň. Dostluk siziň üçin iň möhüm zatdyr. Ony ýitirmezlik üçin elinden gelenini etmegi maksat edinýän täsin gurluşyňyz bar. Durmuşdaky ownuk zatlar hakda hiç wagt alada etmeýärsiňiz. Bir mowzuk siziň üçin ýeterlik derejede möhüm däl bolsa, şol mowzuga üns hem bermeýärsiňiz.

◾Aýy – deňi-taýy bolmadyk güýç. Suratlaryň arasyndan aýyny görmegi başaran bolsaňyz, siziň deň-duşlaryňyzyň arasynda özboluşly we güýçli şahsyýetiz bardyr. Hemmeleriň ünsüni özüňize çekmegi başarýarsyňyz. Siziň mähirli we gülkünç tarapyňyzyň bardygyny hem bellemek zerur. Şonuň üçin köp adamly akyl oýunlaryny halamaýarsyňyz. Adamlaryň siz bilen doly dogruçyl bolmagyny isleseňiz, şol bir aç-açanlyk bilen çemeleşmegi özüňize makul bilýärsiňiz. Iň esasy zat şahsy çäkleriňizdir. Munuň artykmaç bolmagyna hiç wagt rugsat bermeýärsiňiz.
30
251
kizz
29.11.2023 06:36
Romeo we Julietiň täsirli sözleri

Romeo we Julietiň sözleri edebiýaty söýýänler üçinem, öz söýgüsini dünýäniň iň meşhur aşyklarynyň sözleri bilen beýan etmek isleýänler üçin iň köp ulanylýan çeşmeleriň biridir. Ine, William Şekspiriň meşhur eserinden toplanan täsirli sözler:

Bosgun ölümiň başga bir ady. Ölümi «sürgün» diýip atlandyrmak, kellämi altyn palta bilen kesmek, soň bolsa öldürilen zarba ýylgyrmak.

Söýgi kömek etdi, jaňymy pyşyrdady. Ol maňa maslahat berdi, menem onuň gözi boldum. Men deňizçi däl, ýöne uzak deňizlerde ýuwulýan tükeniksiz kenarlardan uzakda bolsaňyzam, size ýetmek üçin deňizlere çykardym.

Bu zatlardan gorkýandygym üçin, ýanyňyzda duraryn. Bu garaňky gijäniň köşgüni mundan beýläk terk etmerin. Ine, şu ýerde size hyzmat edýän mör-möjekler bilen galaryn. Bu ýerde baky dynç alaryn, bu dünýä ýadaw bedeni erbet ýyldyzlaryň boýuntyrygyndan halas ederin …

Gel, ajy derman, gel, ýakymsyz gollanma! Eý umytsyz kapitan, bu deňiz keselini, ýadaw gämini dik gaýalara goý! Söýgümiň hormatyna!

Men seniň guluň boldum. Geçiren sagatlarym hiç zat däl, meni islemeseňiz, hyzmatlarym biderek.

Gözlerim we ýüregim seniň gözelligiň olja üçin ölüme garşy göreşýär; Gözlerim seni görmez ýaly ýüregimi kowýar, gözlerimi paýlaşmaýandygym üçin ýüregim isleýär.

Iň süýji bal hem dadylanda içgysgynç bolýar, şonuň üçin ony ortaça söýmeli.

Gel, eý, mylaýym, gara gözli gije. Maňa Romeony ber. Men ölenimde al-da, kiçijik ýyldyzlara böl. Asmany şeýle bezärler. Bütindünýä indi gijä aşyk bolmaz we ajaýyp güne ybadat eder.

Zeper ýetmedik biri ýarany masgaralaýar.

Ýeke-täk söýgim ýekeje ýigrenjimden döräpdi! Ir gören we tanamaýan, tanamaga gijä galan birini. Birden ýigrenýän duşmany söýenimde ajaýyp söýgi dünýä indi.

Seniň gidýändigiňe özümi ynandyryp bilmeýändigim üçinmi ýa-da her gezek geleniňi ýada salmaýandygym üçinmi?

Ah! Juliet! Romeo bu barada hiç haçanam pikir etmedi … Gün ýaşandan soň, ertire garaşmak, nirä düşjekdigimi bilmän … Irden gitmek … Nälet…

Ölüm saňa aşyk boldumy? Söýgüli bolmagyňyz üçin sizi bu garaňkylykda gizländigine ynanmalymy?

Ýer ýüzünde ýaşaýan iň zyýanly zat hem bu topraga aýratyn peýda getirýär. Iň peýdaly zat, nädogry ulanylsa, zyýan getirip, dogry netijäni ýok edip we öndürip biler. Ony nädip ulanmalydygyny bilmeseňiz, ýagşylyk erbetlige öwrülýär, erbet bolsa käwagt sypaýy ýaly beýgelýär. Bu kiçijik gülüň täze baldaklarynda zäher we derman bar. Ysly bolsa, adamyň her bir bölegine güýç berýär, eger dadyp görse, ýüregi saklaýar.
33
151
kizz
28.11.2023 19:39
Çalt karar berip bilýärsiňizmi?

Psihologiki synaglar özüňiz we dünýä bilen nähili gatnaşygyňyza has gowy düşünmegiň gyzykly we açyk usuly bolup biler. Bu aýratyn hem şahsyýet synaglary, karar bermäge nähili çemeleşýändigiňizi açmagy maksat edinýär. Çalt karar berip bilýärsiňizmi ýa-da howlukmak isleýärsiňizmi? Aşakdaky suratda ilkinji gezek seredeniňizde gören haýwanyňyz siziň bu ugurda nähili hereket edýänligiňize jogap tapmaga kömek eder. Siz surata seredeniňizde ilki nämäni görýärsiňiz?

At

Ilki aty görýän adamlar köplenç çalt pikirlenýärler. Duýdansyz üýtgeşmelere çalt uýgunlaşýarlar we gysga wagtyň içinde çözgüt kabul edip bilerler.  Ýyldyrym tizliginde ýagdaýlary seljermek we ynam bilen karar bermek ukyby bar. Aty görmegi başaran adamlar islendik zatlarda jogapkärçililikli çynlakaý çemeleşýändikleri we kyn işlerden gaça durmaýandyklary üçin, köplenç, ynamly we ygtybarly hasaplanýar.

Gurbaga

Gurbagany ilki görýän adamlar adatça ugurtapyjy bolýarlar.  Karar berende uzak wagtlap pikir edýärler we herekete geçmezden ozal her tarapdan pikirlenmegi makul bilýärler.  Olar sabyrly we çylşyrymly işleri ýerine ýetirip bilýärler.  Bu şahsyýetli adamlar durmuşynda täzelikleri gözläp tapmaga ukyply bolýarlar. Şeýle hem ýokary derejeli analitiki rollar ýaly sabyrlylygy we jikme-jikliklere üns bermegi talap edýän şertler üçin has amatlydyr. Bu hili şahsyýetli adamlar, jogapkärçiliklerine çynlakaý çemeleşýändikleri üçin köplenç ynamly bolýarlar.
24
250
kizz
28.11.2023 00:40
Ahwal

Kalpda ot uçguny damjalar bilen
Bir bedende. Ynha, başlady darkaş.
Diňe sen derdimi aňan bolmaly,
Ýagşyňy ýagdyryp, tebigat gardaş.

Sen bu gün ne beýle alňasap dursuň,
Ýa has ýanmagymdan heder etdiňmi?
Başgalara aýan bolsa ahwalym,
Söýmek hem söýülmek ýiter öýtdüňmi?

***

Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler,
Olar aşyk bolýa gaýta-gaýtadan.
Ejizdir olaryň gorag galkany,
Gözellikden gaýdan ýiti naýzadan.

Kä ýapraga, käte güllere aşyk,
Hatda tikeni-de söýüp göýbärler.
Gorkmaz öz kalbynyň ynjamagyndan,
Ajyny-süýjini duýup görýäler.

Eger gijelere aşyk bolsalar,
Gökden ýyldyzlaram alasy geler.
Arşda Aýy bagra basaýyn diýip,
Kä olaň Gagarin bolasy geler.

Garaz, ýekän-ýekän sanap çykardan,
Olaryň söýjegi şeýle kändirler.
Şahyr her gün bu barlyga aşykdyr,
Şoň üçin bir gezek söýýän däldirler.

Kerim ATÇAPANOW
20
18