Ahwal
Kalpda ot uçguny damjalar bilen
Bir bedende. Ynha, başlady darkaş.
Diňe sen derdimi aňan bolmaly,
Ýagşyňy ýagdyryp, tebigat gardaş.
Sen bu gün ne beýle alňasap dursuň,
Ýa has ýanmagymdan heder etdiňmi?
Başgalara aýan bolsa ahwalym,
Söýmek hem söýülmek ýiter öýtdüňmi?
***
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler,
Olar aşyk bolýa gaýta-gaýtadan.
Ejizdir olaryň gorag galkany,
Gözellikden gaýdan ýiti naýzadan.
Kä ýapraga, käte güllere aşyk,
Hatda tikeni-de söýüp göýbärler.
Gorkmaz öz kalbynyň ynjamagyndan,
Ajyny-süýjini duýup görýäler.
Eger gijelere aşyk bolsalar,
Gökden ýyldyzlaram alasy geler.
Arşda Aýy bagra basaýyn diýip,
Kä olaň Gagarin bolasy geler.
Garaz, ýekän-ýekän sanap çykardan,
Olaryň söýjegi şeýle kändirler.
Şahyr her gün bu barlyga aşykdyr,
Şoň üçin bir gezek söýýän däldirler.
Kerim ATÇAPANOW