kizz
08.02.2024 18:11
Suw üýtgedimi ýa-da adamlar?

Bir sapar Musa pygamberiň halypasy Hydyr adamlara şeýle duýduryş bilen ýüzlenipdir:

― Günlerde bir gün dünýäde ýörite ýygnalan suwdan başga ähli suwlar ýok bolar. Soňra onuň ornuna başga suw geler. Ony içen adamlar aklyndan azaşarlar.

Diňe bir adam bu sözleriň asyl manysyna düşünipdir. Ol suwy başardygyndan köp toplap, ynamdar ýerde gizläpdir. Şeýdip, ol suwuň üýtgemegine garaşyp başlapdyr. Hakykatdan-da, aýdylan güni derýalaryň suwy çekilip, guýular gurapdyr. Ýaňky adam gaçybatalgasyna girip, özüniň taýýarlap goýan suwundan içip başlapdyr. Birnäçe wagt geçenden soňra suw ýene gaýdyp gelipdir. Ýaňky kişi hem adamlaryň ýanyna barypdyr. Şonda olaryň öňkülerinden başgaça gürleýändiklerini, başgaça pikir edýändiklerini, özlerine ozal berlen duýduryşy unudandyklaryny görüpdir. Ýaňky kişi adamlar bilen gepleşjek bolanda, olaryň özüne düşünmän, duşmançylykly garaýandyklaryna, özüni aklyndan azaşan adam ýaly kabul edýändiklerine göz ýetiripdir.

Ol adam başda täze suwa barmagyny hem batyrman, her sapar özüniň aýap saklaýan suwuna gaýdyp gelipdir. Ýöne ahyrsoňy ol hem täze suwdan içmegi ýüregine düwüpdir. Sebäbi özgeleriňkä meňzemeýän hereketi we pikirlenişi onuň ýaşaýşyny çydamaz derejedäki ýalňyzlyga uçradypdyr. Ol täze suwdan gana-gana içip, beýlekiler ýaly adama öwrülipdir hem-de öňki toplan suwuny bütinleý unudypdyr. Töweregindäki adamlar bolsa ony gudrat bilen öz derdinden açylan diwana hökmünde kabul edipdirler.
31
65
kizz
07.02.2024 19:13
Iň güýçli pasportly ýurtlar


Alty ýurt, şol sanda dört Ýewropa we iki Aziýa döwleti iň güýçli pasportyň eýesi boldy diýip, «Henley & Partners» halkara maslahat beriş kompaniýasy habar berýär.

Halkara maslahat beriş kompaniýa täze reýtingi çap edip, şoňa görä alty ýurt – Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Singapur we Ispaniýa iň güýçli pasportly ýurtlar diýlip ykrar edildi. Bu ýurtlaryň ýaşaýjylary seljerilen 227-den 194 ýurda we sebite wizasyz baryp bilýärler.

Ikinji orunda 193 wizasyz ugur bilen Finlýandiýa, Günorta Koreýa we Şwesiýa durýar. Iň güýçli pasportlaryň sanawynda ilkinji üçlüge Awstriýa, Daniýa, Irlandiýa we Niderlandlar hem girdi.

Şeýle-de, sanawda 104-nji orny Owganystan eýeläp, ýurduň raýatlary 28 ýurda wizasyz syýahat edip bilerler.
28
135
kizz
22.01.2024 00:03
Söýgüde ädigem zerur

Bilemok, nämüçin ýatdan çykanok,
ÝA başga ýatlama tükenäýdimi?
On bäş ýyl soň ýene düýşüme girdi,
Polýak ussalarnyň tiken ädigi.

Mollamurtuň «Nesihatyn» ýat tutup,
Ekzamene taýynlanýan wagtymyz.
Satylýar — diýdiler — modaly ädik,
Beýle ädik — ýetginjegiň bagtydyr.

«Nesihat», ekzamen huşumdan uçdy,
«Birini alaýyn nädiibem bolsa.
Şo gyz meni söýer — diýdim içimden, —
— Geýer ýaly gowy ädigim bolsa.

Bir gowy gyz bardy, biçak owadan,
Klasdaşlar bolup, şony söýdük biz.
Dostum şol ädigi alan dessine,
Bagtym menden ýüz öwrendir öýdüpdim.

Gowy ädik nesibämde ýok eken,
Hatda aýagma-da görmedim deňäp.
Başga oba göçüp gitdi ol gyz hem,
Näme sebäp boldy, bilmedim men-ä.

Henizlerem söýýärin şol gözeli,
Kalbymda dogadyr, möhriban ady.
Durmuş-da bu, dostlar, erkiň ýetenok,
Käte ol gysganýar bolgusyz zada.

Ynjalyk berenok, ýatdan çykanok,
Ykbalyňdan bir zat gädilen bolsa.
Göwnüme bolmasa, söýjekdi-le şol
Illeriňki ýaly ädigim bolsa.


Çary Ýegenmyradow.
16
25
kizz
21.01.2024 23:59

Saç dökülmesiniň sebäpleri


Saç dökülmeginiň dürli sebäpleri bar. Demir ýetmezçiligi hem-de ganazlyk saç dökülmeginiň iň uly sebäpleriniň biridir. Şeýle-de, gormonal üýtgeşmeler, stres, iýmit we genetika ýaly birnäçe faktorlar hem saç dökülmegine sebäp bolup bilýär. Esasan-da, stres saçyň ösüşiniň haýallamagyna we dökülmegine zyýan ýetirip bilýär.


Saç dökülmeginiň öňüni alyp bolarmyka? Elbetde, munuň üçin saça wagtly-wagtynda ideg edip durmaly. Sebäbi dogry ideg we durmuş ýörelgeleriniň kadalaryna eýerip, saç dökülmelerine netijeli gözegçilik edip bolýar. Aslynda, beloklara, witaminlere we omega-3 ýag kislotalaryna baý deňagramly iýmitler saçyň sagdyn ösmegine kömek edýär.

15
43
kizz
20.01.2024 12:43
Garyplyk we baýlyk


Garyplykdyr Baýlyk ikisi bir adamyň ýanyna gelip, oňa:

— Biziň haýsymyz has owadan? — diýen sowal bilen ýüzlenipdirler.

Bu sowal ýaňky adamy alada goýupdyr. “Eger Garyplyk owadan diýsem, Baýlyk menden öýkelär-de, meni terk eder. Baýlyk owadan diýsem bolsa, Garyplyk menden gaty görer hem-de maňa ejir berer” diýip oýlanypdyr. Soňra bolsa ýagdaýdan çykalga tapmak üçin olara şeýle teklip edipdir:

— Siz bir duran ýeriňizde dursaňyz, men belli bir karara gelip bilmeýärin. Gowusy, siz eýläk-beýläk ýöräň!

Garyplyk bilen Baýlyk onuň aýdany bilen bolupdyrlar. Olary içgin synlap oturan adam ahyrsoňy belli bir netijä gelip, şeýle diýipdir:

— Sen, Garyplyk, aňyrlygyna giden wagtyňda arka tarapyňdan örän owadan görünýäň. Baýlyk, sen bolsa, bärligine gelýän wagtyň örän ajaýyp.
23
92
kizz
20.01.2024 01:20
Men dünýäni düzetjekdim…


Men dünýäni düzetjekdim,
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim,
Bolmady.
Soňam giç boldy.

Gözedürtme gijelerde
Diňledim arşyň demini.
Juda kän kösendim ýerde
Tapman köňlümiň emini.

Soň täjir aldy ýanymy,
Ony utmaga çalyşdym.
Galan ömrümiň ýaryny
Kagyzdyr syýa çalyşdym.

Ýüz öwürdi ezizlerim,
Içimi dökdüm ýatlara.
Meni heniz-henizlerem
Ýakýar şol ajy ýatlama.

Men dünýäni düzetjekdim,
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim,
Bolmady.
Soňam giç boldy.

Orazgylyç Çaryýew.
17
37
kizz
15.01.2024 16:03
15 sekuntda özüňizi barlaň!


Krokodil synagy – häzirki wagtda sosial mediýada has giňden ýaýran optiki illýuziýa synaglarynyň sanawyna goşuldy. Kim krokodili 15 sekuntda tapsa, onda ol adam zehinli hasaplanýar. Bu synag köp sanly sosial media ulanyjylary tarapyndan paýlaşyldy.

Optiki illýuziýa synagynyň jogabyny 15 sekuntda tapmaly. Bilermenleriň pikirine görä, 10-dan diňe 2 adam suratdaky krokodili 15 sekuntda tapypdyr.

A siz krokodili näçe sekuntda taparsyňyz?!

Ýokardaky paýlaşylan surat köldür. Ýaşyl we gök reňkleri bilen reňklenen bu suratda bir krokodil gizlin.  Suraty synladyňyzmy, krokodili gördüňizmi?

Gözegçilik ukyby gowy we IQ synaglarynda ökde diýýänler krokodili 15 sekuntda tapýarlar.
20
278
kizz
06.01.2024 00:11
▪️Iň garyp kişi sabyrsyz kişidir.

▪️Ähli zat sabyr bilen wagta aýan.

▪️Hakyky güýç wagt bilen sabry birleşdirmegi başarmakdyr.

▪️Sabyr bilen yhlasyň birleşen ýerinde güýç döreýär.

▪️Sabyr güli hemmelerde deň açylmaz.

▪️Eger dünýäde ähli zat diňe gowulyk bolan bolsa, onda sabyr öwrenilmän galardy.

▪️Sabyrsyz kişiler hemişe iki esse garaşmaly bolýandyrlar.

▪️Sabyr — ajy, miwesi — süýji.

▪️Iň kyn hünär bolçulykda sabyr etmegi oňarmakdyr.
24
45
kizz
05.01.2024 14:03
Dost
23
70
kizz
05.01.2024 09:44
Rumydan 13 hikmet.

1. Akyllydan gelen jepa nadandan gelen wepadan ýagşydyr.

2. Günüň şöhlesi zibile düşse hem zaýalanmaýar, çünki ol nurdur.

3. Sabyr—ynsany maksadyna iň tiz alyp barýan ýol görkezijidir.

4. Şahmatda pyýada ýola çykyp, soňunda  wezir  bolýar.

5. Ýagşy dosty baryň aýna mätäçligi ýokdur.

6. Her dil-köňüliň perdesidir. Perde hereketlendimi, syrlar açylar.

7. Aýyň gijä sabyr etmegi, ony ýagtylandyrýar. Gülüň tikene sabyr etmegi, güle ýakymly ys berýär.

8. Dil gazanyň gapagyna meňzeýär. Gymyldap ysy ýaýradymy içinde näme bişýänini hem bilersiň.

9. Umyt—howpsyz ýoluň başlangyjydyr.

10. Ynsanlardaky gözellik —ýüzdür, ýüzdäki gözellik bolsa—gözdür. Emma, ynsany ynsan edýän —onuň dilinden çykýan sözdür.

11. Hakyky dostlar gol bilen göz ýalydyrlar. Gol agyrsa, göz aglaýar, göz aglanda, gol ony süpürýär.

12. Durmuşda üstünlik gazanmak üçin üç zat gerek: üns, düzgün-tertip we hereket.

13. Yşyk saçmagyň üçin öňürti ýanmagyň gerek.
22
64