kizz
20.01.2024 12:43
Garyplyk we baýlyk


Garyplykdyr Baýlyk ikisi bir adamyň ýanyna gelip, oňa:

— Biziň haýsymyz has owadan? — diýen sowal bilen ýüzlenipdirler.

Bu sowal ýaňky adamy alada goýupdyr. “Eger Garyplyk owadan diýsem, Baýlyk menden öýkelär-de, meni terk eder. Baýlyk owadan diýsem bolsa, Garyplyk menden gaty görer hem-de maňa ejir berer” diýip oýlanypdyr. Soňra bolsa ýagdaýdan çykalga tapmak üçin olara şeýle teklip edipdir:

— Siz bir duran ýeriňizde dursaňyz, men belli bir karara gelip bilmeýärin. Gowusy, siz eýläk-beýläk ýöräň!

Garyplyk bilen Baýlyk onuň aýdany bilen bolupdyrlar. Olary içgin synlap oturan adam ahyrsoňy belli bir netijä gelip, şeýle diýipdir:

— Sen, Garyplyk, aňyrlygyna giden wagtyňda arka tarapyňdan örän owadan görünýäň. Baýlyk, sen bolsa, bärligine gelýän wagtyň örän ajaýyp.
23
92
wisnu
22 Yanwar 2024
Baylyk bu yoneky baylykdyr. Namcun adamlar bylyk diye. Baylyk bu gara baylykdyr. Baylyk sen olsenem baylyk dure .
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.