kirpi_
15.11.2023 10:39

MENİŇ BİR...


Meniň bir aýdymym bar,

Aýdylsada diňlenmeýän,

Özümden başgaň hiňlenmeýän.


Meniň bir ýolum bar,

Gideni getirmeýän,

Ýakynyňa ýetirmeýän.


Meniň yşgym bar, ýanyp

Küllerinden dogulmaýan.

Ýöne başymdan sowulmaýan.


Meniň bir arzuwym bar,

Hiç haçan hasyl bolmaýan,

Ýöne solmaýan.


Meniň bir öýüm bar,

Penjiresinde guşlar saýramaýan,

Üçeginden tümlik aýrylmaýan.


Meniň bir özüm bar,

Hiç haçan tanalmaýan,

Ýitirseň tapylmaýan.


Aýsapar EMELOWA

28
64
kirpi_
14.11.2023 15:52

Biz ynsan, biwepalygyň miweleri. Adam ata we How enäniň ýalňyşlygynyň, puşmanlygynyň, wyždan azabynyň mirasdüşerleri biz. Şonuň üçinem bu dünýä hiç öwrenişip bilmedik. Hemişe biwepalyk etdik oňa, elbetde olam bize wepaly bolmady!

Biz bu dünýä her dürli lakamlar dakdyk: "Ýalançy", "Loly"...

Belki olam bize şeýle göz bilen seredýándir, kim bilýär...

Ol aýbyny biziň üstümize atdy, bizem ony günäkarledik.

Bir tapawudymyz: biz bu dünýä gelmegimiziň asyl sebäbini unutdyk emma dünýä unutmady. Ol bizi her gün synagdan geçirmegini dowam edýär.

Ynsanyň synagy heniz jennetde wagty başlady. Gadagan edilen miwäni iýdiler. Olar dünýä jeza çekmek üçin geldimi? Synagdan geçmek üçinmi? Ynsan oglunyň synagy haçan başlady? Kabyl Abyly öldüren günümi? Bahyllyk, gysgançlyk, ýigrenç, kine, gahar-gazap we şularyň soňunda ýüze çykýan wyždan azaby, puşmanlyk...

Megerem ynsan ogly bu duýgular bilen şol gün tanyşdy we hiç haçan aýrylmadylar. Olar bize-de miras galdy. Belki şonuň üçin käbir adamlar biynjalyk ýaşaýarlar. Olar özlerine nämäniň ynjalyk bermeýänini bilmän ölüp gidýärler. Ölüm sebäpleri— ýürek sanjysy. Belki ol bize miras galan wyždan azabynyň sanjysydyr, kim bilýär.

A, onda söýgi bilen nähili tanyşdy ynsan ogly? Dogrysy meň bu barada hiç hili pikirim ýok. Dogrudanam nädip ilkinji sapar aşyk boldy ynsan? Pikirlenýän... Belki söýgi bize bu dünýäniň berýän lezzetleriniň biridir, olam synagyň bir bölegidir?

Dogry, dünýäniň bize hödürleýän lezzetleri köp zady unutmagymyza sebäp bolýar. Ol biziň başymyzy aýlaýar. Ýöne şol lezzetler sebäpli ýitirenlerimizi yzyna aýlap bilenok. Onuñ islegem şol-da aslynda. Özüniň bize berýän lezzetleriniň ýerine biziň iň gymmatly, gadryly zatlarymyzy almak. Meselem: Ynanç, iman, ynsap, adamçylyk...

Biz adamlary dürli toparlara bölýäris. Owadan, betgelşik, baý, garyp, akylly, jahyl... Ýogsam bular ynsany ynsandan tapawutlandyrmaly zatlaram däl ýaly. Ynsany tapawutlandyrmak ynsana mahsus zatmy eýsem? Biziň üçin şeýledir belki, ýogsa özümiz ýaly ynsanlaryñ döreden kanunlaryna, däp-dessurlaryna boýun egip ýaşarmydyk?

Ynsan hiç haçanam bütin bolmady. Hemişe egsikdi. Oňa hiç zat ýetmedi. Hemişe has köp isledi. Nebsine gul boldy.

Ine, şeýdibem dünýä gelmegimiziň asyl sebäbini unutdy.

Emma dünýä unutmady.


Aýsapar EMELOWA

23
55
kirpi_
13.11.2023 08:19

Sen asmanda,

A, men bolsa zeminde,

Aramyzda atmosfera diwary,

Onuň aňyrsyndan sesiň eşidilýär,

Sen gülýärsiň:

"Men beýikde, sen pesde"

He-e-e-ý, nadan, işigaýdan!

Sered-ä Allanyň edýän işine,

Ol topragy pes edipdir,

Asmany beýik,

...üýtgeşik bir tebigaty gurupdyr,

Seret asman näçe beýik bolsa-da,

Barbir ýüzi ýere garap durandyr.

Toprak pes däl,

Toprak—pespäl!

Biz şol pespällikden döremedikmi?

Unudyp toprakdan döränligmizi,

Her gün oň üstünden ýöremedikmi?

Toprak şeýle pespäl bolmadyk bolsa,

Özünden döräni depä göterip,

Ýene öz üstünde ýöredermidi?

Ynsan beýikligiň guly däl bolsa,

Nebisi gözüni kör edermidi?

Şol gözlermiz bilen asmana bakyp,

Ömür boýy beýikligi söýýäris,

Soňam hiç zat bolmadyk deý,

Utanman,

Topragyň gujagyna girýäris.


***


Agaýunus däl men, däl aslym otdan,

Ummany joşduran suw perisem däl,

Aslym nurdan dörän melegem däl men,

Ýedi gatly asman öýümem däl meň.

Men ynsan perzendi,

Kemli bir gul men,

Belki, il gözünde tikenli gül men,

Belki, deňi däldirin ýerdäkileriň,

Emma perisem däldirin ertekileriň,

Keşdämdäki hünjimem jadyly däldir,

Her gülemde bägüllerem açylmaz,

Ýedi sany erkek dogan gala:m däl,

Ýekeje syrdaşym birje galamdyr,

Ynsanlyga laýyk edýän her işi,

Men topraga mahsus,

Toprak perisi,

Men zemine mahsus,

Aşyk dünýäme,

Bärde kanunlar bar, boýun egmeli,

Bärde dessurlar bar, uýmaly kemsiz,

Bärde dertlerimiz bar heniz çekmeli,

Emma şükür Alla, goýmady emsiz.

Ýersiz däldir bu dünýäniň kadasy,

Adalaty egrelse-de döwülmez,

Ýigrenilýän bolsaň bardyr sebäbi,

Öwülýänler ýersiz-ýere öwülmez,

Arasynda bardyr töhmetsöýerem,

Bardyr zähmetsöýerem,

Ýamanlyga hormat goýýanlaram bar,

Ýagşylygy has beter söýýänlerem bar,

Sözlerden göwnüňde tagt gurýanlar bar,

Sözler bilen şol tagty ýykýanlaram bar,

Şular bilen bardyr zeminiň özi,

Bular bu dünýäniň sag hem çep gözi.

Menem bar,

Zemine mahsus, topraga aşyk,

Topraga baglydyr meniň her demim,

Şonuň üçin elmydama ýerde men!


(Toprak—pespällige uýýan beýiklik,

Belki toprak şonsy bilen beýikdir!)


Aýsapar EMELOWA

26
58