kirpi_
15.11.2023 10:39

MENİŇ BİR...


Meniň bir aýdymym bar,

Aýdylsada diňlenmeýän,

Özümden başgaň hiňlenmeýän.


Meniň bir ýolum bar,

Gideni getirmeýän,

Ýakynyňa ýetirmeýän.


Meniň yşgym bar, ýanyp

Küllerinden dogulmaýan.

Ýöne başymdan sowulmaýan.


Meniň bir arzuwym bar,

Hiç haçan hasyl bolmaýan,

Ýöne solmaýan.


Meniň bir öýüm bar,

Penjiresinde guşlar saýramaýan,

Üçeginden tümlik aýrylmaýan.


Meniň bir özüm bar,

Hiç haçan tanalmaýan,

Ýitirseň tapylmaýan.


Aýsapar EMELOWA

28
62
ahgg
15 Noýabr 2023
Gowy goşgy awtormy sizmi? Başga bir goşgydan täsirlenip ýazylan ýaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.