king_tm
16.06.2023 14:32

Watikan şäheri, bilşiňiz ýaly Rimiň çäginde ýerleşýän we dünýäde resmi taýdan ykrar edilen iň kiçi döwletidir. Watikan şäheri Italiýa bilen baglanyşykly bolup, döwlet dolandyrylyşy obsolýut teokratik monarhiýa, döwlet baştutany Rim Papasydyr. Meýdany 0,44 km we ilaty 825 adam. Watikanyň girdejisi bütin dünýädäki katolikleriň haýyr-sahawatlarynyň hasabyna hereket edýar. Ilatyň aglaba bölegi ruhanylar derejesine eýe bolup, Rim papasynyň hökümetiniň agzalarydyr, işçiler (bagbanlar, garawullar we ş.m.), adatça Italiýanyň raýatlarydyr.

2-Monako

3-Nauru

4-Tuwalu

5-San Marino

27
283
king_tm
14.06.2023 13:33

Halkymyzyň arasynda palawy köp ýyllar mundan ozal Lukman Hekim oýlap tapypdyr diýen gürrüň bar. Lukman Hekim bu nahara “Palaw aş” diýip at beripdir. Onuň her bir harpy palawa goşulýan önümleriň atlaryny aňladýar. Geliň, bu harplar bilen gysgaça tanyş bolalyň:

P— “pyýaz” sogan

A—“aýez” käşir

L—“lahm” et

O—“oliýa” ýag

W—“wet” duz

 

A— “ab” suw

Ş—“şaly” tüwi


Bu sözler şol döwürde ulanylan şiwe sözleridir. Ibn Sina palawy derman hökmünde döredip, bedeninde çiş dörän Buhara hökümdaryny bejeripdir we ony aýaga galdyrypdyr.

44
712
king_tm
12.06.2023 22:52
Af­ri­ka yk­ly­my­nyň iň gü­nor­ta bur­nun­da (Umyt burny) ýer­leş­ýän bu şä­her Ýo­han­nes­burg­dan soň ýur­duň iň köp ilat­ly şä­heri ha­sap­lan­ýar. 2 müň 461 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän Keýp­ta­un şä­he­ri­niň 4 mil­li­on 710 müň ila­ty bar.
Şä­he­ri­ň meş­hur ýer­le­ri:
«Stol» da­gy. Şä­he­riň ny­şa­ny bo­lan bu da­gyň be­ýik­li­gi 1600 metr bo­lup, üs­tü­niň te­kiz­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 4-5 sa­gat­ py­ýa­da ýöräp, da­gyň de­pe­si­ne çy­kyp, şä­he­ri syn­lap bol­ýar. «Stol» da­gy 1857-nji ýyl­da mil­li ýa­dy­gär­lik hök­mün­de yg­lan edil­ýär.
25
149
king_tm
11.06.2023 23:09

Dünýäde iň uly haýwanlar süýdemdirijilere degişlidir. Olaryň iň äpedi gök kitdir. Onuň uzynlygy 33 metre, agramy 150 tonna barabardyr. Täze doglan kitiň uzynlygy 8 metre, agramy 6 tonna ýetýär.


Gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň arasynda iň ulusy Afrikada ýaşaýan pildir. Onuň agramy 6 tonna, beýikligi 4 tonna ýetýär, uzynlygy bolsa 4,5 metrdir.


Iň uly ýerde-suwda ýaşaýan jandar salamandradyr. Uzynlygy 1,5 metr. (130 ýyl ýaşaýar


Iň uly ýylan Günorta Amerikada ýaşaýan suw Gömülgenidir. Onuň uzynlygy 10-15 metre ýetýär. Günorta Aziýada ýaşaýan anakondanyň uzynlygy 10 metr, agramy 500 kg ýetýär.

20
194
king_tm
10.06.2023 22:36

Futbol dünýäde iň köp seredilýän we gyzyklanylýan sport görnüşidir.Futbol football sözünden döräpdir. Futbola türkmen dilinde aýak topy hem diyilyär. Futbolyň dörän ýurdy Angliýadyr. 1886-njy ýylda ilkinji topar (klub) döredilýär. Söweş esgerlerinden düzülen bu toparyň (klubyň) ady Arsenaldyr. Futbol boýunça Dünýä çempionaty her 4 ýylda bir gezek geçirilýär.

18
168
king_tm
09.06.2023 23:10

Eýsem dünýäde iň uzyn köpri nirede ýerleşýärkä? Maglumatlar onuň Danýan-Kunşan köprüsidigini tassyklaýarlar. Ol Pekin — Şanhaý ýokary tizlikli demir ýolunyň ugrunda 164 müň 800 metre uzaýar. Onuň ýerleşýän çägi Pekin bilen Nankiniň aralgyna düşýär. Aýdylmagyna görä, bu täsin köpriniň gurluşygyna 8,5 milliard dollar sarp edilipdir. Jemi 500 müň tonna polatdan 2,5 million kub metr betondan bina bolan bu ägirt uly desgany 2008-nji ýyl bilen 2010-njy ýyl aralgynda gurup, 2011-nji ýylyň 30-njy iýunynda ulanmaga beripdirler.

25
255
king_tm
08.06.2023 15:54
Portigaliýada dünýäniň iň garry it diýlip yglan edilen Bobi atly köpegiň ýakynda 31 ýaşy doldy. Ol 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda doguldy. Bobiň eýesi Leonel koşta itiň doglan günini giňden belledi, ol ýerde aýdym sazly çykyşlar boldy, medenýet sungat ussatlarnyň çykyşy, milli tanslar oýnaldy, hatda itiň hem tans edendigi bellenilýär. Ol agşamky guralan dabara dünýäniň ähli künjeginden 100-e golaý myhman gatnaşdy.
- Ol itiň uzak ýaşamagnyň syry rahat, şäherin gohundan uzakda ýaşaýandygy we iti hiç wagt daňman boýun ýüpsiz gezdirilýär.
24
292
king_tm
07.06.2023 05:04
-Gurbanlyga mal aljak bolsaňyz 🐏
-Habarlaşyň🤙
-Blokda bir topar mal ýatyr😁😝

Ependi:
Gyşyň sowuk bir gijesinde ýatyrka, Ependiniň ogly üşäpdir. Onsoň Ependini
oýaryp:
– Kaka, sowuk hem üşeýärmikä? – diýipdir.
– Ýok, oglum, sowuk üşeýän däldir – diýip, Ependi jogap beripdir.
Onda ogly:
– Üşemeýän bolsa, onda näme üçin ol meniň ýorganyma girýär? – diýipdir.

Bir gün Ependi namaza duranda köwşüni ogurlaýypdyrlar. Şol wagt bir adam
ondan:
– Namaza haýsy tarapa bakyp durmaly? – diýip sorapdyr. Ependi bolsa:
– Köwşüň nirede bolsa, şoňa seredip durubermeli – diýipdir.🤣
28
227
king_tm
06.06.2023 11:37
LVMH toparynyň prezidenti Bernard Arno, «Forbes Real Time» milliarderler sanawyna görä, «Amazonyň» esaslandyryjysy Jeff Bezosdan öňe geçip, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna çykdy. Arnonyň baýlygy bir günde 710 million dollar artyp, jemi 186,3 milliard dollara ýetdi.
Ikinji orunda Jeff Bezos (186 milliard dollar)
Üçünji ornunda Ilon Mask (147,3 milliard dollar)
Dördünji orunda Bill Geýts (125,5 milliard dollar)
Bäşinji orunda Mark Sukerberg (114,7 milliard dollar).
19
222
king_tm
05.06.2023 10:03
Günlerde bir gün adamlar Ependä:
– Ependi, seniň aýalyň öýme-öý ygyp ýör-le – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Allatagala şaýatdyr, eger ol ygyp ýören bolsa, biziň öýmüze-de gelerdi ahyryn –
diýip jogap beripdir.
18
101