Halkymyzyň arasynda palawy köp ýyllar mundan ozal Lukman Hekim oýlap tapypdyr diýen gürrüň bar. Lukman Hekim bu nahara “Palaw aş” diýip at beripdir. Onuň her bir harpy palawa goşulýan önümleriň atlaryny aňladýar. Geliň, bu harplar bilen gysgaça tanyş bolalyň:
P— “pyýaz” sogan
A—“aýez” käşir
L—“lahm” et
O—“oliýa” ýag
W—“wet” duz
A— “ab” suw
Ş—“şaly” tüwi
Bu sözler şol döwürde ulanylan şiwe sözleridir. Ibn Sina palawy derman hökmünde döredip, bedeninde çiş dörän Buhara hökümdaryny bejeripdir we ony aýaga galdyrypdyr.