kamil
26.02.2023 22:12
Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.

Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat.
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi,
Gidýänler gelýänden has köpelýärdi,
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada.
Emma Söýgi diýen jadyly zada
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyň,
Heniz gyz wagtyň.

Diýerdim: «Geregim, çen boldy, oýlan!
Ähli boýdaşlaryň başlary boglan...»
Sen diýerdiň: «Garrap
barýarmyň, oglan?
Äwmäň öz wagty bar,
Sabryň öz wagty!»

Boýnuňdan gelerdi jeňneliň, ysy,
Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy,
Demiňden kükärdi müň gülüň ysy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim,
Çabyrap başlanda demiňe demim,
Näz bilen iterdiň: «Hany edebiň?
Söýgi bulaşmazmy
Edep az wagty?..»

Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap,
Leb gadagan wagty – olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat:
Hasap ýitýän eken
Dyzba-dyz wagtyň.

Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat?
(Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat!)
Gursagmyň üstünde gürsülläp gursak,
Keteniň içinde
Gyzyl köz wagtyň.

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle.
Ýaňja-da guşlukdy, bolupdyr öýle,
Sen diýdiň: «Pylan jan, gaýdaly öýe,
Ýigdiň öz wagty bar,
Gyzyň öz wagty».

Şo mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem toraňňy urup dur perwaz
«Aşyklar, ýene-de sabr ediň biraz,
Görmändim saýamyň
Beýle ýaz wagtyn!»

Derýa hem seslendi: «Etmäň ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziň kimin birek-birege mätäç
Görüpdim ne derýa,
Ne tekiz wagtym».

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: «Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne weli gyşa galaýma, ýigit,
Miwe ýetişdimi –
Ýygna güýz wagty!»

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gyşa galmazlyga edipdik wada.
Ýa sen sada bolduň ýa-da men sada,
Birden tupan gopdy Dünýäň ýaz wagty.

Bilmedim, nämäniň hesibi boldy,
Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy.
Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Atdylar maşyna. Ses etdiň aglap.
Topuldym. Çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap,
Gök kürtelem bolsaň,
Entek gyz wagtyň...

Bir gujak alynsaç, bir gujak çokul,
Üç gujak örümsaç, on gujak akyl –
Şunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiň gözlerimden Daňyň saz wagty.

...Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň.
Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň...
Şonda men diýipdim: «Sen bagtly bolsaň,
Hem-ä meniň bagtym,
Hemem öz bagtyň».

Şo bada ýüzüňde göründi ünji.
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji,
Soň gaçdy dördünji onsoň bäşinji...
Şoldy iň mert wagtyň,
Iň ejiz wagtyň...

«Içerde otursam – ýüregim gysýar.
Daşa çyksam – asman
depämden basýar».
Şu goşgyň, henizem bagrymy kesýär,
Tas şahyr bolupdyň
Çuwalgyz wagtyň.

Tas şahyr, bolupdyň.
Borduňam, belkem.
Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiň.
Sowaşdym kem-kem,
Şonda-da kuwwat sen
Her ýalňyz wagtym...

Kim bolsa-da saňa sataşan kişi,
Çagalaň bagtyna sag bolsun başy.
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy.
Gijä öwrülmezmi
Oň gündiz wagty?

Çümdürse eliňe ýekeje tiken,
Şol tiken müň bolup bagryma çöker.
(Şygryma düşüner yşk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer
Öz eziz wagtyn).

Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz.
Dogsa-da ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriň
Iň tämiz wagty...

...Arada aýlandym Tejen ýerlerne,
Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne,
Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe,
Geçirdim bir gije,
Bir gündiz wagtym.

Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde,
Toraňňy hem otyr öňki ýerinde,
Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde.
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden –
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.



Kerim Gurbannepesow.
15
94
kamil
24.02.2023 21:57
\"Birkemsiz gözel ýok\" diýenmişinler,

Belki, şol gözelem däldir birkemsiz,

Belki, iş edende ýokdur usuly,

Belki-de, özüni söýýändir çensiz.


A sen welin, ýöräp barýaň şadyýan,

Göni bakyp adamlaryň ýüzüne.

Tur, otur sen, kitap oka, suw daşa,

Sen mydam ýeke-täk meniň gözüme.


Sen gözel däl, sen köpleriň biri sen,

Sen gözel däl, sen ömrümiň ykbaly.

Bolubersin gözelleriň ýetmezi,

Sen gözel däl, kemçiligiň bor ýaly.
14
92
kamil
23.02.2023 00:08
Dünÿäniñ iñ meşhur iki jümlesi: • I love you. • Made in China. Ikisinede garantiýa yok!😜
18
117
kamil
22.02.2023 12:48
Herkim jahyllyga başyn soksa-da,
Akylly gürlände ýüzün buksa-da,
Zehin çüýrese-de köne bukjada,
Bäbek öwrenmäne höwesli dogýar,
Serediñ adamlar diýmek umyt bar.

Käsi suw ýerine ganlar içse-de
Maýsalar biçýän dek umyt biçse-de
Gözleñ ýaşy gurap, mähir ýitse-de
Bäbejik doganda gözýaşly dogýar,
Diýmek mähir hakynda-da umyt bar.

Goý ýaltalar ýatsa çüýräpler ýatsyn
Maksatsyz gämiler batmasa nätsin
Dilegim maksatlar zähmedi tapsyn
Ýykylsa ýatmaýa dyrjaşýa turýar
Sebäp balañ ädiminde umyt bar.

Ýygnap bilýän aldygyndan ýygnasa
Açgözlükden kiselere sygmasa
Paýlaşmak ýar bolmasa-da nygmata
Çaga elde baryn paýlaşyp bilýär
Paýlaşmaklyk barada-da umyt bar

Bir gün şygar bolsa dillerde ýalan
Diñe şondan galsa beýige galan
Ynamyñ janyna uly howp salan
Ýalany çagalar bizden öwrenýär
Öwretmesek hakykata umyt bar

Öýke kine ýüreklerde ornasa
Jigi doganyna duzak gurnasa
Bagyşlamak ýat bolsa-da gursaga
Çagajyk hemmäni bagyşlap bilýär
Kinäni ýok etjek rehme umyt bar

Ýaran Allamyradow
15
61
kamil
21.02.2023 21:35
¤ Ýer ýüzünde seniň ömrüňi berip biljek azyndan iki adamyň bardyr.
¤ Azyndan 13 adam seni bolşuň ýaly gowy görýär.
¤ Kimdir biriniň seni ýigrenmeginiň belki-de ýeke-täk sebäbi onuň ýönekeýje saňa meňzemek isleýänligidir.
¤ Seniň ýylgyryşyň seni ýigrenýän adamy hem ýylgyrdyp biler.
¤ Her gije kimdir biri uklamazdan ozal, sen barada pikirlenýär.
¤ Kimdir biri ücin sen ähli zat.
¤ Hatda sen durmuşyňda iň uly ýalňyşlygy goýbereniňde hem, munuň bilen bir gowulyk gelýändir.
¤ Haçanda durmuş senden ýüzüni sowanda sen oňa başga tarapdan seret. ( Iň gowusy öňüne geçip ýene ýüzüne seret).
¤ Hemişe ýadyňda sakla, durmuş saňa ýene bir şans berse, seniňki başa barar.
¤ Durmuş irdenine ökünmeler bilen oýanmak üçin örän gysga.
¤ Şonuň üçin saňa dogry garaýan (düşünýän) ynsanlary söý, muny etmeýäni ýatdan çykar, we ähli zadyň bir sebäpden başa barjagyna ynan.
¤ Eger saňa mümkinçilik (şans) dörese-ony al! Eger ol şans seniň bütin ömrüňi üýygedýän bolsa-oňa ýol ber!
¤ Hiç kim onuň aňsat boljagyny aýtmady. Ýöne ol şoňa degýär!
18
92
kamil
19.02.2023 18:25
Siziň şowsuzlyklaryňyz, aladalaryňyz "ertir" sözüni köp ulanyşyňyza proporsionaldyr.
12
90