kamil
22.02.2023 12:48
Herkim jahyllyga başyn soksa-da,
Akylly gürlände ýüzün buksa-da,
Zehin çüýrese-de köne bukjada,
Bäbek öwrenmäne höwesli dogýar,
Serediñ adamlar diýmek umyt bar.

Käsi suw ýerine ganlar içse-de
Maýsalar biçýän dek umyt biçse-de
Gözleñ ýaşy gurap, mähir ýitse-de
Bäbejik doganda gözýaşly dogýar,
Diýmek mähir hakynda-da umyt bar.

Goý ýaltalar ýatsa çüýräpler ýatsyn
Maksatsyz gämiler batmasa nätsin
Dilegim maksatlar zähmedi tapsyn
Ýykylsa ýatmaýa dyrjaşýa turýar
Sebäp balañ ädiminde umyt bar.

Ýygnap bilýän aldygyndan ýygnasa
Açgözlükden kiselere sygmasa
Paýlaşmak ýar bolmasa-da nygmata
Çaga elde baryn paýlaşyp bilýär
Paýlaşmaklyk barada-da umyt bar

Bir gün şygar bolsa dillerde ýalan
Diñe şondan galsa beýige galan
Ynamyñ janyna uly howp salan
Ýalany çagalar bizden öwrenýär
Öwretmesek hakykata umyt bar

Öýke kine ýüreklerde ornasa
Jigi doganyna duzak gurnasa
Bagyşlamak ýat bolsa-da gursaga
Çagajyk hemmäni bagyşlap bilýär
Kinäni ýok etjek rehme umyt bar

Ýaran Allamyradow
15
61
yakup allabayew
22 Fewral 2023
👍👍👍👍👍
Perishdejik
22 Fewral 2023
Ýykylsa ýatmaýa dyrjaşýa turyar...👍🏻
CcRaZy Girls
22 Fewral 2023
Yalany chagalar bizden owrenyar:)💖 Chagajyk Hemmani bagyshlap bilyar:)😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.