kakajannazarow
24.08.2022 10:48

"AŞ DOST"
Dostlamyñ içinden serim aýlasam.
Aş dostlary çyn dostlary saýlasam.
Çyn dostlarym bilen toýum toýlasam.
Allam aş dostlary ýoldaş etmâwer.

Jüwim dolsa kölegâm deý yzymda.
Âhli wagt âhli ýerde ýanymda.
Göýâ dogan kimin dyzy dyzymda.
Allam aş dostlary ýoldaş etmâwer.

Gelip saçagymdan halal nan iýýân.
Arkamdan gürlâpde ýüzime gülýân.
Müñ dürli hilelâp maña al salýan.
Allam aş dostlary ýoldaş etmâwer.

Beýgelsem dost diýip elimi gysýan.
Törimden nan iýip saçaga gusýan.
Pese düşsem gatnaşygyny kesýân.
Allam aş dostlary ýoldaş etmawer.

Şahyr aýdar dost saýlañda bek bolgun.
Çyn dostuñy sylamakda pâk bolgun.
Ýola gitseñ ýoldaşyñ aş dost bolsa.
Ýol we ýoldaşyñdan derrew ýok bolgun.
@vtor:Kakajan Nazarow.
12
70
kakajannazarow
kakajannazarow
23.08.2022 11:44
Dostlar! Bu günki post goýmak gezegimde "Erkekmi ýa-da zenanmy hakykatdan söýýâr"Bu yerde menin öz pikirimi aýdyp geçjek.Eger-de göwniñize ýaramasa dislike goýsañyz düşünerin.Göwniñize
kakajannazarow
kakajannazarow
22.08.2022 12:33
"DILEGIM" Ýeri gögi ýaradan bardyr size dilegim. Namart bilen gaýykda döwilmesin küregim. Arkamdan gürleseler eştsin meniñ gulagym. Bu 5 günlik panyda şudur meniñ dilegim. Köñil bersem bir
kakajannazarow
kakajannazarow
21.08.2022 10:14
"SYR" Eý allahym diñle arzy halymy. Syrymy açypdym ýakyn dostuma. Dost diýenim bilmedi öz parzyny. Pikirlenman çykdy menin kastyma.. Dost diýenim duşman boldy öñimde. Gizleýân syrymy paç
kakajannazarow
kakajannazarow
20.08.2022 01:29
"Zenan gargyşy" Zenanlar ýaşaýşyñ owadan nagşy, Jana derman boliar ajaýyp gülşi, Zenan göwnin alyp aglatma dostum! Tutansoñ baýnytmaz Zenan gargyşy!. Awtory:Kakajan Nazarow