"AŞ DOST"
Dostlamyñ içinden serim aýlasam.
Aş dostlary çyn dostlary saýlasam.
Çyn dostlarym bilen toýum toýlasam.
Allam aş dostlary ýoldaş etmâwer.
Jüwim dolsa kölegâm deý yzymda.
Âhli wagt âhli ýerde ýanymda.
Göýâ dogan kimin dyzy dyzymda.
Allam aş dostlary ýoldaş etmâwer.
Gelip saçagymdan halal nan iýýân.
Arkamdan gürlâpde ýüzime gülýân.
Müñ dürli hilelâp maña al salýan.
Allam aş dostlary ýoldaş etmâwer.
Beýgelsem dost diýip elimi gysýan.
Törimden nan iýip saçaga gusýan.
Pese düşsem gatnaşygyny kesýân.
Allam aş dostlary ýoldaş etmawer.
Şahyr aýdar dost saýlañda bek bolgun.
Çyn dostuñy sylamakda pâk bolgun.
Ýola gitseñ ýoldaşyñ aş dost bolsa.
Ýol we ýoldaşyñdan derrew ýok bolgun.
@vtor:Kakajan Nazarow.