jerka
28.08.2023 17:57
Içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol (Oçerk)

Içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol. Örän täsin we uniwersal ideýa. Bu edaýany men öz gowy görýän kitaplarymyň birinde eşitdim. Adamzat öz içinde hiç bir zady gizläp saklap bilenok. Daşky dünýä bilen sen içki dünýäň üznüksiz bagly. Eger seň içiňde ahy-tupan gopýan bolsa, diýmek seň daşyňda hem ahy tupan gopýar. Geçen tomus biz Garagumyň jümmüşinde bir hepde bolup gaýtdyk, we men ömrümde birinji gezek çöl halky bilen tanyşdym. Aman aga atly bir ýaşuly agzyny ýumman:
 
–Bu ýerde hiç zat ýok, bizde hiç zat ýok, – diýip gygyrýardy.
 
Gumda düýe-çaly ýok, agaran süzmesi ýok, keçeler ýok, gurt ýok, garaz çölde hiç zat ýok. Aman agadan näme sorasaň, şol zat hem ýok. A men bolsa pikirlenýärdim, adamzadyň gazanan ähli bähbitlerinden alysda bolup, şeýle çölde ýaşamak üçin adam näme günä etmeli? Hiç hili günä etmek zerur däl, bar zat zemin ýaly köne kanuna görä ýöreýär, eger seň içiňde çöl bolsa, daşyňda hem çöl.   Içleri çöl adamlar, mundan 100 ýyl öň, sowetlaryň döwründe öz emlägini hiç kime dözmän öz kalplaryny çöle öwürdiler, inede netijesi, içiňdäki çöl daşyňa çykdy.
Seň içki pikiriňde näme bolsa, seň çagalaryň daşky pikirinde hem şol. Islendik adamyň içki pikirini biljek bolsaň, oň çagalarynyň özüni alyp barşyna seredäýiň. Çagaň daşky pikiri, oň kakasynyň içki pikiri. Senden dünýä inýän çagalar seň içki dünýäňi daşyna çöwürýärler, sen içiňdäki bar syry aýan edýärler. Men özüm çaga wagtym erbetdim, belki hem gedemdim, men hiç kimden hakymy gidirmeli däldim, sähel giden hak meni diýseň köseýärdi. Men real durmuşda gaýtawul berip bilmesem, hyýalymda elmydama urşýärdym, dawwalaşýardym. Bilemok näme üçin ýadymda galdy, ýöne näme üçindir döwlet magazynlarda meň hakymy iýseler maňa agyr degýärdi. Ol döwürler bolsa hak iýmek däp dessur ýalydy. Öz hakymy sorap bilmän, men öz özümi ejizlikde aýyplap, öz özümi köseýärdim. Ruslaryň diýşi ýaly \"Gordost“ diýen zat maňa gün bermeýän bolmagy mümkindi? Nädip meň hakymy iýmegi milt etdiler? Dogrysy Gordost diýen zat hiç haçan gowluga eltenok. Bolýan zatlar üçin men hiç bir satyjy bilen hiç haçan dawwalaşmadym, dawwalaryň barsy meň kellämiň içinde bolup geçýärdi. Indem 25 ýyldan soň meň içki dünýäm daşyna hökman çöwrülmelidi. Her bir adam öz pikirlerini fiziki dünýäde göräýmeli. Eger ýalňyşmasam DOWZAH şol prinsip boýunça gurulan. Içinde dowzah ýok adamyň, hiç haçan daşynda dowzah gurup bolmaýar. Içki dünýä bilen daşky dünýä hökman gabat geläýmeli. Kyýamatdan soň, her bir dowzaha girýän adam, ol ýerik meýletin, aýdym sazly girmeli. Men temadan daşlaşdym, ýeri bolýar. 25 ýyldan soň meň öz gyzym, meň içimdäki  ähli pikirleri daşyma alyp çykdy. Häli 9 ýaşynda men ony dükana göýbermegi gorkýan. Sebäbi oňa bar bir kile pamidor alyp gel diýseň, gyzym saýlap alýan pamidorlarynyň ýekeme ýeke göbeklerini we baldaklaryny goparyp soň terezä goýýar. Näme üçin beýle edýän diýip sorasaň welin, iýmeýän zadymyz üçin näme üçin pul töläli diýýär. Meň ençeme ýyllap içimde gizlän pikirlerim ahyrsoňy daşyma çykdy we meň hyýalymdaky hiç wagt hiç kimden hakyny gidermeýän adam indi real dünýäde, ol meň gyzym. Men hemişe kiçi wagtym şeýle adam bolmagy höwes edýärdim, indem welin Beýik Ýaradyjynyň Beýik oýny. Öz özüň bilen ýakyndan tanyş, ýa-da üçiňde näme bolsada, daşyňda hem şol.
18
123
jerka
27.08.2023 15:46
Şowludyr ädimiň, daş ýarar bagtyň,
Dileginden dertler sowular geçer.
Düşün, bu dünýäde iň hezil wagtyň,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Mydam jan sözüni goşar adyňa,
Garramak, ulalmak düşmez ýadyňa,
Mundan başga näme gerek adama,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Märekäň märeke, toýuň toý bolar,
Sanawda sanlysyň öýüň öý bolar,
Ýeke özi müň dostuňa taý bolar,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Alaja bag dokar, dilegidir ol,
Goraglysyň, galkan ýüregidir oň,
Hakyň ýere gonan melegidir ol,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Seň üçin ýaşaýar özünden ilki,
Ýylgyrşyň ýaz bolar, gülkiňem gülki,
Şundan uly bagt ýokduram belki,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Ejeň bar, gadymdan galmaýar dogum,
Ejesiz gözleriň uçguny öçer,
Her ýaşda bolsaňda, bal gyz, jan ogul,
Törüňi dolduryp otyrsa ejeň,

Ömrüňi çolardyp gitmesin hijem,
Dünýäňi dolduryp otursyn ejeň!
18
52
jerka
26.08.2023 14:23
Birini seviyorsan bunu ona göstermek, söylemekten daha iyidir. Birini sevmeyi birakirsan bunu ona söylemek, göstermekten daha iyidir.



Karen Salmansohn🖋
23
88
jerka
25.08.2023 00:35
Suratdaky pişigi kim tapyp bilerkä 👀
20
371
jerka
23.08.2023 15:36
* 𝘉𝘦𝘯 𝘩𝘦𝘳 𝘻𝘢𝘮𝘢𝘯 𝘤𝘰𝘬 𝘴𝘦𝘷𝘮𝘦𝘯𝘪𝘯 𝘺𝘦𝘵𝘦𝘤𝘦𝘨𝘪𝘯𝘪 𝘥𝘶sunurdi𝘮. S𝘪𝘻𝘦 𝘤𝘰𝘬 𝘴𝘦𝘷𝘮𝘦𝘯𝘪𝘯 𝘺𝘦𝘵𝘮𝘦𝘥𝘪𝘨𝘪 𝘣𝘪𝘳 𝘺𝘦𝘳𝘥𝘦𝘯 𝘺𝘢𝘻𝘪𝘺𝘰𝘳𝘶𝘮 𝘴i𝘮𝘥𝘪.

* 𝐁𝐚𝐳𝐞𝐧 ölürsü𝐧 𝐯𝐞 𝐛𝐮𝐧𝐮 𝐭𝐞𝐤 𝐬𝐞𝐧 𝐛𝐢𝐥𝐢𝐫𝐬𝐢𝐧...

* ᴛᴇsᴀᴅüғᴇɴ ʙɪʀɪʏʟᴇ ᴛᴀɴışıᴘ ʜᴀʏᴀᴛıᴍıɴ ᴅᴇɢɪşᴍᴇsɪ ʟᴀᴢıᴍ.

* ɢᴇʀçᴇᴋ ʜɪsʟᴇʀ ʏᴀɴʟış ɪɴsᴀɴʟᴀʀᴀ ᴅᴇɴᴋ ɢᴇʟᴅɪ ➴

* ᴍᴇɴᴛᴀʟ ᴏʟᴀʀᴀᴋ ᴏ ᴋᴀᴅᴀʀ ʏᴏʀᴜʟᴅᴜᴍ ᴋɪ ᴅüᴍᴅüᴢ ʙɪʀ sᴀᴋɪɴʟɪᴋ ɪsᴛɪʏᴏʀᴜᴍ. ʏıᴋıᴄı ᴋᴀᴠɢᴀʟᴀʀı ᴅᴇɢɪʟ ᴋᴏɴᴜşᴀʙɪʟᴍᴇʏɪ, ɢüʀüʟᴛüʟü ᴇɢʟᴇɴᴄᴇʟᴇʀɪ ᴅᴇɢɪʟ ᴅᴇ sᴇᴠᴅɪᴋʟᴇʀɪᴍʟᴇ ᴋᴇɴᴅɪ ʜᴀʟɪᴍɪᴢᴅᴇ ᴏᴛᴜʀᴜᴘ söʜʙᴇᴛ ᴇᴅᴇʙɪʟᴍᴇʏɪ ɪsᴛɪʏᴏʀᴜᴍ. ᴋɪᴍsᴇɴɪɴ ᴋɪᴍsᴇʏɪ şüᴘʜᴇʏᴇ ᴅüşüʀᴍᴇᴅɪɢɪ sıʀᴛ sıʀᴛᴀ ᴠᴇʀɪʟᴇɴ ᴋüçüᴋ çᴇᴠʀᴇʟɪ ʙɪʀ ʜᴀʏᴀᴛ ɪsᴛɪʏᴏʀᴜᴍ.

* ʜᴀʏᴀᴛ ɪşᴛᴇ ʏüᴢü ɢüʟsüɴ ᴅɪʏᴇ ᴜɢʀᴀşᴛıɢıɴ ɪɴsᴀɴıɴ sᴇɴɪ ᴀɢʟᴀᴛᴛıɢıɴᴀ şᴀʜɪᴛ ᴏʟᴜʏᴏʀsᴜɴ.

* ᴋᴀғᴀᴍı ᴅɪɴʟᴇᴍᴇᴋ ᴅᴇɢɪʟ sᴜsᴛᴜʀᴍᴀᴋ ɪsᴛɪʏᴏʀᴜᴍ.

* ɪsᴛᴇɴᴍᴇᴅɪɢɪᴍɪ ʜɪssᴇᴛᴛɪɢɪᴍᴅᴇ ᴛᴏᴢᴜᴍᴜ ʙıʀᴀᴋᴍᴀʏᴀɴ ʙɪʀ ɪɴsᴀɴᴅıᴍ. sᴇɴᴅᴇ ᴋᴀʟᴍᴀᴋ ɪçɪɴ ᴋᴇɴᴅɪ ɢᴜʀᴜʀᴜᴍᴀ ɪʜᴀɴᴇᴛ ᴇᴛᴛɪᴍ.

* sᴀɴᴀ ʏᴀᴢᴀᴍıʏᴏʀᴜᴍ ᴀᴍᴀ ʙᴜʀᴀʏᴀ ʏᴀᴢıʏᴏʀᴜᴍ \\\\\\\"şɪᴍᴅɪ ʏᴏᴋsᴜɴ ᴀᴍᴀ ɪʏɪ ᴋɪ ᴠᴀʀᴅıɴ\\\\\\\"

* ʙɪʀᴅᴇ ʙᴜ ʏᴀᴢᴅıᴋʟᴀʀıᴍı ᴏᴋᴜᴍᴀᴢᴍısıɴ ᴋᴇɴᴅɪɴᴇ ʏᴀᴢıʟᴍış ᴏʟᴅᴜɢ̆ᴜɴᴜ ʙɪʟᴍᴇᴅᴇɴ. 🥀

* sᴇɴ şɪᴍᴅɪ ᴋᴇɴᴅɪɴᴇ ʙᴇɴ ᴅᴏɢ̆ʀᴜ ᴏʟᴀɴı ʏᴀᴘᴛıᴍ ғᴀʟᴀɴ ᴅᴀ ᴅɪʏᴏʀsᴜɴᴅᴜʀ.

* ᴜ̈ᴢᴜ̈ʟᴜ̈ɴᴄᴇ ʏᴀʟɴıᴢ ʜɪssᴇᴅɪɴᴄᴇ
ᴋɪᴍᴇ ɢɪᴅɪʏᴏʀsᴜɴᴜᴢ ʙᴇɴ
ᴀᴢ ᴏ̈ɴᴄᴇ ʙᴏ̈ʏʟᴇ ʙɪ ʏᴇʀɪᴍ
ᴏʟᴍᴀᴅıɢ̆ɴı ғᴀʀᴋ ᴇᴛᴛɪᴍ

* ʙᴀᴢᴇɴ ᴏʟᴍᴀʏᴀᴄᴀɢ̆ıɴı ʙɪʟɪʀsɪɴ
ᴀᴍᴀ ᴏʟsᴜɴ ɪsᴛᴇʀsɪɴ,
ᴏʟᴍᴀᴅı ᴅᴇʀsɪɴ ᴀᴍᴀ ʜᴀʟᴀ ᴏʟsᴜɴ
ɪsᴛᴇʀsɪɴ, ɪɴsᴀɴıᴢ ɪşᴛᴇ ɪsᴛɪʏᴏʀᴜᴢ.

* ᴇşɪᴍ ᴏʟᴀᴄᴀᴋ ᴋɪşɪ
ɴᴀsıʟ ᴅᴜᴀ ᴇᴅɪʏᴏʀsᴀ ᴀʀᴛıᴋ
ᴋɪᴍsᴇʏʟᴇ ɢᴏ̈ʀᴜ̈şᴍᴜ̈ʏᴏʀ, ᴋᴏɴᴜşᴍᴜʏᴏʀ, ᴛᴀɴışᴀᴍıʏᴏʀᴜᴍ ʙɪʟᴇ.

* sᴇɴɪ ʜᴇʀ ɢᴜ̈ɴ ɢᴏ̈ʀᴇɴʟᴇʀɪɴ
şᴀɴsıɴᴅᴀɴ ɪsᴛɪʏᴏʀᴜᴍ.

* ᴜᴍᴀʀıᴍ ʜᴀʏᴀᴛıᴍ
ʙᴀɴᴀ ғᴀʀᴋ ᴇᴛᴛɪʀᴍᴇᴅᴇɴ
ɪʏɪ ʙɪʀ ʏᴇʀᴇ ɢɪᴅɪʏᴏʀᴅᴜʀ
ᴛᴇᴋ ᴛᴇᴍᴇɴɴɪᴍ ʙᴜ
10
33
jerka
22.08.2023 12:19

Obanyñ bir koçesinde çukur bar we ol çukura gunde 4, 5 adam gacyp yaralanyar eken. bir gun oban 3 sany ýaşulusy maslahat edyar. 1nji " çukuryñ yanynda tiz komek goyalyñ, kim gaçsa bolnisa yetisdirsin", 2nji " çukuryn yanyndan bolnisa guralyñ", 3nji " biraz kellanizi işlediñ çukury gömeliñ, bolnisañ yanyndan gazalyñ".

21
239