jerka
27.08.2023 15:46
Şowludyr ädimiň, daş ýarar bagtyň,
Dileginden dertler sowular geçer.
Düşün, bu dünýäde iň hezil wagtyň,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Mydam jan sözüni goşar adyňa,
Garramak, ulalmak düşmez ýadyňa,
Mundan başga näme gerek adama,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Märekäň märeke, toýuň toý bolar,
Sanawda sanlysyň öýüň öý bolar,
Ýeke özi müň dostuňa taý bolar,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Alaja bag dokar, dilegidir ol,
Goraglysyň, galkan ýüregidir oň,
Hakyň ýere gonan melegidir ol,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Seň üçin ýaşaýar özünden ilki,
Ýylgyrşyň ýaz bolar, gülkiňem gülki,
Şundan uly bagt ýokduram belki,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Ejeň bar, gadymdan galmaýar dogum,
Ejesiz gözleriň uçguny öçer,
Her ýaşda bolsaňda, bal gyz, jan ogul,
Törüňi dolduryp otyrsa ejeň,

Ömrüňi çolardyp gitmesin hijem,
Dünýäňi dolduryp otursyn ejeň!
18
50
garik
27 Awgust 2023
👍
jerka
27 Awgust 2023
@moonlight, Howwa, Gülşirin Hanowanyñ goşgusy
moonlight
27 Awgust 2023
Ýalñyşmasam awtory Gülşürin Hanowa bolmaly
spokkiyew
27 Awgust 2023
2580
27 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
shiraly
27 Awgust 2023
🙂👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.