ilova
10.10.2023 16:23

Posuň tegmilini islendik matadan aýryp bolar. Munuň üçin bir bölejik limon dolanan hasany ýa-da sorguç kagyzyny tegmil galan ýere goýup, ütük bilen çalarak basmak gerek. Sakgyç ýelmeşen geýimden ony aýyrmak üçin, geýimi sowadyja salyp, sakgyç gataýança garaşmak gerek. Soňra geýimi sowadyjydan çykaryp, silkişdiräýmeli. Eger çorbanyň duzy artyk düşen bolsa, gyrgyçdan geçirilen 2-3 sany kartoşkany hasa dolap, çorbada gaýnadyň. Eger gök önümleriň çaltrak bişerini isleýän bolsaňyz, onda ilki olary gaty duzlanmadyk suwda biraz saklamak gerek. Täze sajy ilki ýag bilen gyzdyryp, soňra oňa duz sürtmeli. Eger saja biraz duz sepeleseň, ýagyň syçramasy az bolar. Eger açar gulpda kynlyk bilen towlanýan bolsa, onda açara mum ýa-da sabyn çalmak gerek. Sirkäniň ergini (1 bulgur suwa 1 çemçesi sirke) penjire we ýüz görülýän aýnalardaky tegmilleri aýyrýar, zer çaýylan, agaçdan ýasalan çarçuwalara öwüşgin berýär, wannany, nowajygy (rakowinany), syrçaly pitini arassalamaga kömek edýär.

19
52
ilova
09.10.2023 20:53

Her bir adamyň barmak yzlarynyň meňzeş bolmaýşy ýaly dil yzlary hem meňzeş däldir.

Kagyz pul – pikir edilişi ýaly kagyzdan däl-de pagtadan ýasalýar.

Ilkinji ýerasty geçelge (tunel) 1km uzynlygynda bolupdyr we mundan 4 müň ýyl öň Yrakda Fyrat deňziniň aşagyndan geçipdir.

Dünýäde 2000-e ýakyn millet we 3000-e ýakyn dil bar.

Angliýaly Tomas Korne 207 ýyl ýaşapdyr.

Üzüm mikrotolkun peçde atylýar.

Adamlar ýylda azyndan 1460 düýş görýärler.

Arybal hiç-haçan zaýalanmaýar

Bir kilogram limonda bir kilogram ýertudanasyndakydan köp şeker bar.

35
172
ilova
08.10.2023 18:56

Sene-mene


Aýaly ony siltenjiremeli itekläp ukudan oýardy-da, bada-badam bir wagtyň özünde hem zeýrenjiräp, hem igenip başlady:

-Ýene-de gijäň bir wagtyna çenli entäp ýörsüň. Bizem yzyňda seniň nirede näme işläp ýörendigiňi bilmän uly alada galýarys. Iň bolmanda: “pylan ýerde eglenjekdirin, sagat pylançada-da öýe geljekdirin” diýip jaň etseňem, biz görgüliler, arkaýyn bolardyk. Bu günem-ä, hanha, ýarygijeden soň yzyňa köwlendiň...

Şol barmana-da aýalynyň golundaky bäbek goh-galmagala oýanyp, aglap başlady.

Öňem zoraýakdan uklan ol, nägilelik bilen gözüni açalak-ýumalak edip, ukunyň arasynda:

-Bolýa-how, bolýa...Bes et-dä, şumat. Hanha, çaganam oýardyň. Menem ertir ir bilen işe gitmel-ä!-diýip hüňürdäp, diwardaky sagada tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. Otagyň alagaraňkylygynda sagady zordan gördi. Üç bolup on bäş minut geçipdir. Birdenem aýalynyň tekjede duran suratyna onuň gözi düşdi. Suratyň daşy gara reňkli çarçuwalydy. Onuň güpbe ýadyna düşdi. Aýalynyň ýaş üstünden bäbejigi bilen aýrylanyna üç ýyl bolup geçipdi ahyry.

Ol henizem goly jägildeýän bäbekli halyna özüne ýazgaryjy garap duran gelnine seredip, saçlarynyň “jyt-jyt” edip agarýandygyny duýdy...

30
109
ilova
06.10.2023 11:59

Suratdaky keşpler


Bir adam tokaýda azaşypdyr. Ol kän wagtlap ters aýlanandan soňra, ahyryn iňrik garalanda bir külbäniň üstünden barypdyr. Külbede hiç kim ýok bolansoň, ol geçip ýatmagy ýüregine düwüpdir. Ol diwarlardan asylgy haýsydyr bir adamlaryň suratlaryna seredip, uzak wagtlap uklap bilmändir. Sebäbi onuň göwnüne bolmasa suratlardaky keşpler oňa eýmenç nazar bilen garaýan ýaly bolup durupdyr. Ahyrsoň ol juda ýadawdygy sebäpli, nädip irkileninem duýman galypdyr. Irden ony Günüň ýiti ýagtysy ýüzüne düşüp oýarypdyr. Onuň gözüni açyp ilkinji gören zadam, külbäniň diwarlarynda ýekeje-de surat ýok ekeni. Agşamky suratlardyr öýdeniniň hemmesi penjire ekeni.

23
101
ilova
05.10.2023 11:11

Biznes motiwasiýa: öz biznesiňi gurmasaň, ömrüň ötinçä budilnik gurmaly bolarsyň.


*****


You Tube-da hezil edip reklama görjek bolýan welin, arasyna kino giräýýär-dä…


*****


Kiçi zatlara begenip ýaşamagy öwrenmeli. Meselem: aýlyk.


*****


Uborka etmegiň yzgiderligi:

Tekjeleri süpürmek.

Köne suratlary tapmak we 3 sagatlap görmek.

Ýadap, goýbolsun etmek.


*****


Öýe täze gap-gaçlary almaly. Ýa-da öňküleri ýuwmaly.


*****


Gyzlar bilen üýşenimizde “Buýruk ýa-da hakykat” oýnadyk. Gyzykly bolsun diýip “buýruk” saýladym. Öýüňe git diýdiler. Gaty agyr degdi…


*****


Şu durmuşyň maňa beren yekeje plýus zady bar, olam gan toparym.

31
347
ilova
04.10.2023 08:07

Gerekli onumler:

1 chay chemchesi sheker.

1 chay chemchesi mekgejoven uny.

1 sany yumurtgan agy.

Tayyarlanylshy:

Yokardaky aydylanlary yzygiderlilikde 1 gaba garmaly.Garyndyny yuzun tuyli boleklerne chalyn.

Yuzunizdaki yapgynyn guramagna garashyn .Guran maskany usullyk bilen chekip,yuzunizi arassalan.Hepde-de 3 gezek chalsanyz yuzunizdaki tuylerin ayrylandygyny gorersiniz.

20
64
ilova
29.09.2023 19:54

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,


Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.


Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,


Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.


*****


Kaka uly bolmak aňsat däl eken,


Durmuşyň agramy asylýar çepden.


Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,


Dik başyny egip basylýar gepden.


*****


Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,


Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.


Şolaryň öňünde aşak egilýär,


Zalym duşmanlara egmedik başym.


*****


Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,


Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.


Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,


Kaka uly bolmak aňsat däl eken.


*****


Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,


Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.


Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,


Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim

25
35
ilova
28.09.2023 06:40

Adamlar alty duýgynyň kömegi bilen töwerekdäki giňişlik hakda maglumat alýarlar. Olar: gulak, göz, deri, dil, burun we westibulýar apparat.

Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragynyň görüş organlary bilen baglanyşykly keselleri bar.

Artykmaç iýmitlenmek eşidişe ýaramaz täsir edýär.

Adamlar gaty iýmitiň tagamyny diňe tüýkülik bilen täsir eden soň duýýarlar.

Dünýä ilatynyň 2% iniň ys alyş synasy ösmedik.

Adam bir zady eşitmek islese sag gulagyny sesiň çeşmesine geçirýär, hatda iki gulagy deň eşidýänem bolsa.

Ys almak duýgusyny ýitiren adamlar jynsy isleglerini hem ýitirýärler.

Mawy gözli adamlaryň hemmesi, takmynan, 6000 ýyl ozal bedeninde üýtgän gen dörän şol bir ata-babadan gelip çykypdyr.

Adamyň gözi 10 million ýyla çenli reňk saýgaryp bilýär.

Adam beýnisiniň maglumatlary gaýtadan işlemek ukuby örän ýokarydyr. Şonuň üçin adamlaryň belli bir pursatda duýýan zatlarynyň hemmesi, aslynda, durmuşynyň öňki pursatyna degişlidir.

Adamyň gözüniň retinasy dünýäni tersine görýär, soňra beýni ony tersine öwrüp şekillendirýär.

Düşünjeli ýaşda görejini ýitiren adamlar ukusynda dünýäni görmegi dowam etdirýärler. Doglan wagtyndan kör bolan adamlar umuman düýş görmeýärler.

Täze doglan bäbekler, takmynan, 40 sm aralykdaky zatlary tapawutlandyrýarlar.

Gara gözli adamlaryň köpüsi Türkiýe we Portugaliýada ýaşaýarlar.

Statistiki hasaplamalara görä, ortaça aýallar bir ýylda 50 gezek, erkek adamlar bolsa 7 gezek aglaýarlar.

Pagta çigidiniň nädogry peýdalanylmagy sebäpli her ýylda 300 müňden gowrak adam eşdişini ýitirýär.

Gök gözli adamlar goňur gözli adamlara seredende, garaňkyda gowy görýärler.

Tagam bilmek ukuby çagada dogulmazdan öň emele gelip başlaýar.

Adamyň dili 5000 tagamy duýup bilýär.

19
38
ilova
26.09.2023 18:29

Bu gunem otyryn yuregim gysyp

Kellede pikir kan, yuzlerim asyk

Shol diyen zatlaryn bagryma basyp

Bu alys yerlerden yazyaryn eje



Ulaldy perzendin,chagalyk yitip

Kakdylar egnime,doshumden itip

Arkamdan chyn bilen gybatym edip

Yuzume yalandan gulyaler eje



Gechirdim,alachsyz ya-da alachly

Diymedim yash kichi ya uly yashly

Parhy yok"gynachsyz"ya-da "gynachly"

Durmushdan govnumi bolyaler eje



Agramam galmady soz diyen zatda

Unutdym,berenlen yuzlerem yatda

Juvin puldan doly bolmasa,hat-da

Dostlarnam yuz ovrup bilyaler eje

21
46
ilova
23.09.2023 20:43

Angliyada yuzuni uytgetmek boyuncha yarysh gechirildi.

Sen yenishi kime bererdin🤔😁

18
64