Sene-mene
Aýaly ony siltenjiremeli itekläp ukudan oýardy-da, bada-badam bir wagtyň özünde hem zeýrenjiräp, hem igenip başlady:
-Ýene-de gijäň bir wagtyna çenli entäp ýörsüň. Bizem yzyňda seniň nirede näme işläp ýörendigiňi bilmän uly alada galýarys. Iň bolmanda: “pylan ýerde eglenjekdirin, sagat pylançada-da öýe geljekdirin” diýip jaň etseňem, biz görgüliler, arkaýyn bolardyk. Bu günem-ä, hanha, ýarygijeden soň yzyňa köwlendiň...
Şol barmana-da aýalynyň golundaky bäbek goh-galmagala oýanyp, aglap başlady.
Öňem zoraýakdan uklan ol, nägilelik bilen gözüni açalak-ýumalak edip, ukunyň arasynda:
-Bolýa-how, bolýa...Bes et-dä, şumat. Hanha, çaganam oýardyň. Menem ertir ir bilen işe gitmel-ä!-diýip hüňürdäp, diwardaky sagada tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. Otagyň alagaraňkylygynda sagady zordan gördi. Üç bolup on bäş minut geçipdir. Birdenem aýalynyň tekjede duran suratyna onuň gözi düşdi. Suratyň daşy gara reňkli çarçuwalydy. Onuň güpbe ýadyna düşdi. Aýalynyň ýaş üstünden bäbejigi bilen aýrylanyna üç ýyl bolup geçipdi ahyry.
Ol henizem goly jägildeýän bäbekli halyna özüne ýazgaryjy garap duran gelnine seredip, saçlarynyň “jyt-jyt” edip agarýandygyny duýdy...