ilova
04.03.2024 22:08
Kimsenin senin yanında görünmesine güvenme. Karşına geçmesi için bir adım, düşman olması için bir lafın yeter.

Sadi Şirazi
28
62
ilova
03.03.2024 19:50
Ol gämi uludy, taryp ederden,
Obada bäs gelip biljek göwrümde.
Şondan-da ulurak söýgi döräpdi,
Amerika barýan gaýgyň böwründe.

Gyz oglansyz asla oňup bilenok,
Ýigidem o ýarsyz edenok takat.
Aşyk-magşuklara buýsanýan ýaly,
Titanik ýüzýärdi, deňizde rahat.

Rahatlyk bozuldy, deşildi gämi,
Edilen arzuwlar sönüp başlady.
Ilki bagta, soň ajala öwrülen.
Gämi köpler bilen çümüp başlady.

Ýigit halas etdi,
Gyzy,
Söýgüsin,
Özüniň kysmatyn düýpden unudyp.
Beýik Titanigi ýuwudan deňiz,
Başarmady çyn söýgüni yuwudyp.

2013
Kerim Hallyýew
28
33
ilova
03.03.2024 09:06
Pasyl çalşygynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

2. Pasyl çalşygynda öz burnuňyzyň hem-de çagalaryňyzyň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

3. Ýaz paslynyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli we witamin C – askorbin turşusyna baý önümler (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri) bilen iýmitlenmeli.

4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Munuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl. Howany tämizletmek üçin üzärlik tütetmeli.

5. Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem aram-aram içmeli. Gyzyl burçdaky fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde örän peýdalydyr.

6. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň! Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine degişlidir. Çünki antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy peýdalanylmaly. Olary özbaşdak ulanmak dürli gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.

7. Elleriňizi elmydama arassa ýagdaýda saklaň we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwuň! Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň!

8. Sepgitde bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň!

9. Kömelekdir gök önümleri iýeniňizde, gigiýeniki talaplary berjaý etmegi unutmaň!

10. Iýmit zäherlenmeleriňdir ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, azyk önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý ediň! Demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini paslyň yssy günlerinde iýmekden saklanyň! Iýmekçi bolsaňyz, onda olary söwda merkezlerinden satyn alyň! Öý şertlerinde olary talabalaýyk saklaň we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy unutmaň!

11. Ýaz paslynda her bir günüň şemally, ýagmyrly, salkyn we yssy bolup bilmegini we howanyň derejesiniň üýtgäp durmagyny nazara alyp, ýaz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň!

12. Ýaz paslynda dürli mör-möjekleriň tebigatda janlanýandygyny nazara alyp, olaryň çakmagyndan goranmagyňyzy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
"Türkmen sporty" gazeti
28
22
ilova
29.02.2024 20:02
ÝAŞ ÖLÜM. . (Bolan waka ). .


Şol gün agşam aralardy, iñrik ýañy garalyp ugrapdy, howlymyza Döwlet belgisi Mary welaýatyna degişli bolan bir maşyn gelip girdi, menem,

----Kimkä bu maşyn,
diýip, maşyna tarap ýöräp ugradym, ynha maşynyñ içinden Mukam düşüp, olam maña tarap ýöräp ýanyma geldi, menem oña,
----Mukamjan eýgilikmi, duşuşmadyñyzmy?!
diýsem,
----Çary, men-ä, etmesiz iş edendirin, ol gyzy alyp gaçyp geldim,
diýip, öñümde ýylgyryp durdy, menem,
----Aý borla Mukamjan, boljak iş bolansoñ näme etjek, düşür gyzy maşyndan, getir öýe sal,
diýip, ikisinem öýe salyp, getiren şofýorada ýol puluny berip ugratdyk, şeýdip ikisini öýe salyp, ejeme bolan işleri düşündirdim, ejemem gyzyñ kellesine ýaglyk atyp içki otaga ýerleşdirdi.
Indi habary kimden al, Mukamyñ kakasy bilen enesinden al, bulara nähili duýdyrmaly, şu alada meñ beýnimde höküm sürýärdi, sebäbi Mukamyñ kakasy, öñden bäri Mukama tabşyryp ýördi,
----Kimiñ gyzy bilen halaşsañ aýt, guda baryp alyp berjek, özüñe ýakmajak zady başga kişä etme, eger biriniñ gyzyny alyp gaçaýsañ, ikiñizem öýe salman,
diýip, kän gezek aýdypdy, menem şoñ üçin bu habary Mukamyñ kakasyna baryp aýtmaga az hem bolsa çekinmän durmadym, onda-da ýüregmi daşa baglap Mukamyñ kakasynyñ ýanyna baryp, bolan işleri bolşy ýaly aýtdym, aýdanymam şoldy welin, birhili ýüzüni küşşerdip, gaharlanyp, haýbat bilen,
----Bäh, her zat etdi, meñ diýenimi etmedow, aýt şol bigaýrada, galan ömrüne şu howla "Kakam bar" diýip, aýagyny ädäýmesin,
diýip, gahar-gazaba gaplanypdy, menem,
----Ýazgytdyr-da daýy, Allam mañlaýña näme ýazan bolsa, şonam görmeli borsuñda,
diýsem,
----Siz Allany nä bilýäñiz, zady nä bilýäñiz, barhow, senem indi işiñ bilen bol,
diýip, menem çykaryp kowup goýberdi.
Şeýlelik bilen, men Mukamyñ kakasynyñ ýanyndan dolanyp öýe gelsem, öýde bolýan zatlara düşünip bilmän galdym, öýe girenimem şoldy, Mukam iki elini ýüzüne tutup, aglap, ylgap daşaryk çykyp gitdi, men Mukamyñ kakasynyñ ýanyna aýtmaga gidemde, ejemem baryp enesine aýdyp, enesini öýe alyp gelen eken, ynha enesem öýde özünden gidip ýatyr, ejem aldygyndan ýüzüne suw sepip otyr, içki otagda gyzyñ aglaýan sesi eşdilip dur, bu bolýan zatlara geñ galyp, düşünip bilmän ejemiñ ýüzüne seretsem, ejemiñ ýüzünde-de gan-pet galmandyr, ak tam ýaly ap-ak bolupdyr, ahyr durup bilmän ejeme bakyp,
----Eje, nämeler bolup ýör, düşünip bilmän galdym-la,
diýsem,
----Bar oglum, maşyn tutup gelde, gyzy öýlerne ugrat,
----Näme üçin ugratmaly eje?!
diýsem,
----Oglum, şu wagt soragyñy bes etde, meñ diýenimi et,
diýip, ýüzüme erbet gaharly seretdi, men henize çenli ejemiñ beýle gaharly seredenini görmändim,
----Bor eje, häzir,
diýip, öýden çykyp gitdim, iki jaý añrymyzda, Tejen-Mary aralygynda ýolagçy gatnadyp ýören taksi maşyn sürýän goñşym bardy, şulara baryp, myhmanymyñ barlygyny, şony Mary şäherine äkitmelidigini aýtsam,
----Bor Çary, taýyn bolsa häzir ýigrim minutdan barýan,
diýensoñ, menem ýene öýe dolanyp geldim, ejem ýüzüme seredip,
----Maşyn gördüñmi oglum,
----Howa eje, häzir gelýär,
diýsem, ejem gyzyñ oturan içki otagyna girip, gyza birzatlar diýýärdi, men doly eştmedim.
Mukamyñ enesem özüne gelipdir, olam gyzyñ ýanynda eken, ynha-da maşyn geldi, ejem gyzy maşyna mündirip, şofýorada ýol puluny berip, Mary şäherine äkitmegini haýyşt etdi, şofýoram,
----Bor goñşy, arkaýyn bol, diýen ýerine eltip düşürerin,
diýip, hoşlaşyp, howlydan çykyp gitdi.
Şeýdip gyzy ugradanymyzdan soñ, men ejemden bu bolýan zatlaryñ sebäbini soradym, ejem bu zatlaryñ sebäbini maña aýdanam şoldy, ejem heniz sözüni soñlamanka, üstümden gaýnan suw guýulan ýaly bolup, gözlem garañkylap, essim aýylyp, özümden gidere geldim, asyl ol gyz bir wagtky, gundakda bäbek wagty giden, Mukamjanyñ öz jigisi bolup çyksa nätjek.
Gör bu bolýan zatlary, adam pahyr ölmese her-hili zatlar bilen garşylaşjak eken, şol bolan zatlara häzir-häzirem ynanyp bilemok, şol gije Mukamjanyñ aglap öýden çykyp gidişi, Mukamjany iñ soñky gezek görüşim boldy, gyzy öýlerine ugradanymyzdan soñ, Mukamjan ýadyma düşüp, Mukamjany gözlemäge başladym, obañ içinde uzak gije gözledim, dost-ýarlarmyzyñ ählisiniñ öýüne baryp sorap çykdym, obañ içinde baryp biläýjek ýeri bolsa soraşdyrdym,"Gördüm-bildim"diýen ýok, näme etjegimi bilmän, daña golaý öýe dolanyp geldim, ejem bilen Mukamjanyñ enesi, ýatman maña garaşyp oturan ekenler, öýe girsem, ikisem meñ ýüzüme seredip durşyna, ejem söze başlady,
----Oglum, Mukamy tapmadyñmy?
----Ýok eje, men-ä, hiç ýerden tapmadym, obañ içinde baraýjak ýeri bolsa sorap çykdym, hiç ýerde ýok,
----Beh, nirä gitdikä oglum, belki bu gün özi bir ýerlerden çykaýsady-da,
----Çykar eje,
diýip, sözümi soñlap daş çykdym, Mukamjanyñ aladasy gitdigiçe üstümden basyp ýere siñdirip barýardy.
Howa gowy agaryp gün dogup ugrapdy, mal-garalañ ot-iýmini berip, ertirlik edinip, ýene köçä çykdym, Mukamjan bir ýerlerden çykyp geläýjek ýalydy, köçäñ gyrasynda şol pikir edip oturşyma, gün al-asmana galypdy, agşam ýatmamsoñ, kelläm agyryp ýarylara gelipdi, ol barmana"Öýe gireýin"diýip, ýerimden turanymam şoldy,
----Aý inim, biraz aýak çeksene,
diýip, ses geldi, seretsem, obamyzyñ çekene sygyrlarny bakýan Aman agady, oñ bolup gelşini birhili halamadym.
----Salawmaleýkim Aman aga!!!
----Waleýkim inim, gowumy ýagdaýlarñyz?
----Hudaýa şükür Aman aga, gowy, özüñem gowumy?
----Wah men gowula inim, men-ä, bir habar bilen geldim, kynam bolsa aýtmasam-a, bolmaz.
----Näme habar Aman aga, eýgilikmi?
----Eýgiligä däl inim, ýañy sygyrlary sürüp obañ ilersindäki şor kanalyñ köpürsine bardym welin, köpriñ aşagynda sallanyp duran adam jesedini gördüm,"Kimk-ä bu bende"diýip, ýanyna barsam, bu goñşyñ Myradyñ ogly,
diýenini bilýän, şondan soñ, duran ýerimde ýykylyp özümden gidipdirin, sygyr çopan Aman aga göterip öýe salypdyr, ejem daga hemme zady bolşy ýaly aýdypdyr, gidip Mukamjanyñ jesedini
getiripdirler, Mukamlañ öýüne goñşy-golamlañ bary üýşüpdir, menem özüme gelip çete geçip otyryn, ýüregim doñup gidipdir, näçe aglajak bolýan, aglap bilemok, Mukamjan meñ çagalykdan bile önüp-ösen dostumdy, biz diñe dost däl, dogan ýaly bolup gidipdik.
Şol gün dogan-garyndaş, dost-ýar, gelmeli adamlañ bary gelipdi.
Şeýdip Mukamjany, soñky ýoluna salyp jaýlap geldik, şondan soñ ejem meni bir gyra çagyryp,
----Oglum, Mukamjanyñ Marydäki gullukdaşyna jañ etsene, ol gyzdan habar tutsynla, ol bir öýüne bardymyka,
----Bor eje, häzir jañ edip soraýaryn,
diýip, telefonymdan Mukamjanyñ Marydäki gullukdaşynyñ telefon belgisini tapyp, jañ edip sorasam, ol gyzam geçen agşam özüni otlap ýogalypdyr.
Şeýdip iki sany ýaş ömri ýok eden bu zalym pelek, gör näçe ýaş ömürleñ soñuna çykdy.
Mähriban agzalar, men bu wakany şu ýerde tamamlap, bizden umydygär ýatan, ähli bendeleñ ruhlaryna doga-dileg etmegiñizi sizden haýyşt etýän, galybersede, Mukamjanyñ dilinden, şu goşgy setirlerni size ýetirmegi makul bildim.

Dostlar ölmezimden owal
Aýdaýyn tutup ýakamy
Ýañy iki ýaşymdekäm
Bolup geçen bir wakany.

Enem-atam durmuş ýoly
Sebäp bilen azaşypdyr
Gizlemäýin men sizden
Bir-birinden aýrylşypdyr.

Kakam meni alyp galsa
Ejem uýamy alypdyr
Şeýdip ejem Mara gidip
Atasy öýünde bolupdyr.

Ondan bäri aý-aýlanyp
Ýyllar geçipdir ädimläp
Iki ýyllyk Watanymyñ
Geldim gullugyn tamamlap.

Bir gün öýde ýatan çagym
Mary ilinden gullukdaşym
Geldi diýdi"Toý tutýan
Bargyn mähriban ýoldaşym."

Toý sähedi ýetip geldi
Höwes bilen Mara bardym
Täze gelne şaýat boljak
Gözel gyza göwün berdim.

Dura bilmän söz iberdim
Toýun tutýan ýoldaşymdan
Ol perizat añan eken
Söýýänimi meñ bolşumdan.

Şondan bäri ýüreklermiz
Wadalaşyp-halaşyp
Gezip ýörüs pynhan ýerde
Bäş-üç günden duşuşyp.

Alyp gaçdym ahyrynda
Söýgümiziñ wagty doldy
Bilmezlikde edenlerme
Ýaş ömürim ahyr boldy.

Töwellaçy ibermäge
Gyz añyrsyn sorap ýekän
Aýdyp berdi ýedi arkasyn
Dostlarym öz uýam eken.

Eý Allajan bu ahwalyñ
Bendelerñe neneñ dözýäñ
Ýalbarýaryn geçir günäm
Günäm üçin janym berýän.

Iki metrjik ýüp bilen
Mukamjan janyna dözdi
Ol uýasy şol gijede
Öz-özüni otlap öldi.

SOÑY.
39
422
ilova
28.02.2024 20:20
Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka?

2. Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.

3. Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli.

4. Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi gora.

5. Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň ýazmak gerek.

6. Saňa edilmek islemedik zadyňy, başga birine etme.

7. Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.

8. Dilden gelen elden gelse – çyn gedaý patyşa bolar.

9. Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek hem ömür sürmegi başarmaýan köp.

10. Daşy deşen, suwuň güýji däl-de, damjalaryň yzgiderligidir.

11. Garny açlardan has hem kalby açlara gynanýaryn.

12. Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler.

13. Ýalan at ýaly gider, hakykat ýöräp, ýöne wagtynda ýetişer.

14. Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly ogurlatsaň kemeler.

15. Ýaman diýdi – başda ýagşydym menem!
33
73
ilova
28.02.2024 08:48
Iki sany oglan kiçilikden dost eken. Olaryñ biri baý, beýlekisi bolsa garyp yaşaýan eken. Ýöne şonda-da olar biri-birini sylap, hormatlap gezipdirler. Bir gün baý öz söýgülisi bilen aýlanyp ýörkä, bir nätanyş oglan baýyň söýgülusine lak atypdyr. Düşünişmezlik sebäpli baý ony öldüripdir we yz ýany bu ýere miliseler üýşüp başlapdyr. Baý näme etjegini bilmän, garyp dostuna jaň edipdir we ýagdaýny düşündiripdir. Garyp: " Garaş barýan " diýip, telefony goyupdyr we göni baýyň ýanyna gelipdir. Baý oglan öz garyp dostuna bu jenaýaty öz boýnuna almagyny haýyşt edip ýalbarypdyr. Garyp öz dostunyn ýüzünden geçip bilmän hemme zady öz boýnuna alypdyr. Ol garyp 25 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Biraz tussaglykda bolup, gaçyp gaýdýar. Ol gelşine öz öýüne-de barman, göni baý dostunyň öýüne gelip, gapyny kakýar. Baý gapyny açýar we öz garyp dostuny görüp :"-Bar git, bu ýerde näme işläp ýörsüň?! " diýip, kowup goýberipdir. Garyp sesini çykarman, baýyň ýüzüne seredipdir we göni yzyna öwrülip ýöräp gidipdir. Bu garyp näme üçin baýyň beýle edenine düşünmän, duralga gelip, kellesini tutup oturupdyr. Az wagtdan bu duralga eli ullakan gara sumkaly bir ýaşuly adam gelip, garybyň gapdalynda oturupdyr. Awtobus gelende ol ýaşuly bu awtobusa münüp gidipdir, emma ol ýaşuly öz sumkasyny duralgada ýadyndan çykaryp gidipdir.Garyp bu sumkanyň eýesi gelip alyp gider diýip, gijä çenli duralgada sumkany garawullap oturupdyr, emma eýesi gelmändir, ahyry garyp sumkany açyp görse içi doly pul eken. Garyp bu pullary özüne alypdyr we ol pullara maşyn, jaý başgada hemme zat edinipdir. Köp wagt geçmänkä, günleriň birinde ýaňky garybyň öýüne bir daýza gelipdir we özüni hyzmatkär edip almagyny sorapdyr. Garyp muňa razy bolupdyr. Ýaňky daýza bu garyba öz ogly ýaly seredipdir. Günlerde bir gün garyp uly magazindan eli goşly çykyp gelýärkä, bir owadan gyza gözi düşüpdir, ol gyz hem garyby görüp, aljyrap elindäki zatlarny yere gaçyrypdyr. Garyp öz goşlaryny goyup, bu gyza kömek edipdir. Ol gyz garybyň ýüzüne şeýlebir mähirli, şeýle mylaýym seredipdir welin, garyp ol gyza aşyk bolupdyr. Ol bu gyz bilen tanşypdyr. Bular birnäçe wagt söýşenlerinden soň, toý tutmak kararyna gelipdirler. Ol garyp uludan toý tutupdyr we toýuna öz baý dostunam çagyrypdyr. Baý hem bu toýa gelipdir. Bu toý şeýlebir uludan tutulupdyr, toýa gelen hemme myhmanlar şeýle uludan tutulýan toya haýran galypdyrlar. Toý şatlykly-şowhunly dowam edýär, Ähli kişi toýy gutlapdyr, toý gutlamak gezegi baý dostuna düşüpdir. Baý eline mikrofony alyp, gutlagny şeýle başlapdyr:
-Gadyrly dostum toýuň gutly bolsun! Ýöne meniň saňa aýtmaly zerur zatlarym bar. Bilýäňmi biz nähili dostduk?..Bilýäňmi dost men bir adam öldürdim, sen şonda meň ýerime 25 ýyl azatlykdan mahrum bolduň.Meni şeýle dereje sylanyň üçin hemişe janyň sag bolsun dostjan! Bilýäňmi sen tussaglykdan gaçyp, meň öýüme geleniňde men seni kowup goýberdim,sebäbi şol wagt öýde miliseler we prokuratoranyň işgärleri bardy, olar seni gözläp yördüler.Bilýäňmi şondan soň sen tussaglykdan gaçanyň üçin polisiýa işgärleri seni gözlemediler, sebäbi men bu işi yapdyrdym. Bilýäňmi sen duralgada otyrkaň bir ýaşuly sumka goyup gitdi, ol meň kakam. Bilýäňmi seň öýüňe bir aýal hyzmatkär bolmak üçin gelipdi, ol meň mähriban ejem.Bilýäňmi dost seň şu wagtky öýlenýän gyzyň meň gyz jigim. Men saňa ömrümde iň ýakynlarymy berdim. Bagtly bol dost!!!

Çeşme: Internet sahypalary
32
88
ilova
27.02.2024 19:21
Bir gün öýdäkiler, Begenji öýermek barada gürrüňi gozgadylar. Begenjiň öz halaşýan gyzy bar eken. Aýdyşyna görä «Kakasy bir edaraň başlygy, üç oguldan soň ýeke gyzy, söýgülenip saklanan gyz». Begenjiň ýüzünden asyl gyzyň özüni däl, olaryň baýlygyna höwäs etýänligi mese mälim bildirip durdy.
Gudaçylyga gidilip, galyň geçirildi. Şatlyk şowhun bilen toý dabarasyny tutdular. Menem öz ornumda ýigit ýeňňe derejesini alsamda, gaýynym bilen Begenje ýüz beremakdym.
Kyrk günläp gelin sülmüredi. Sylanlar çörege çagyrdy. Geline iş buýuranam bolmady. Körpe gelinlik derejäni artykmajy bilen görkezdiler. Arasynda gaýnym bilen gidip, bazara aýlanýardylar. Gelibem ýanymda " Gaýnym täze ony alyp berdi, muny alyp berdi» diýip, öwünip aýtýan wagtlary kändi. Başdan meniň düşen ýagdaýymy bilipdir. Ýürek awamadan geçen şol barada bolgusuz gürrüňlerini köpeldip başlady. Şu öýde derejämiň pesdigini pursat tapdygy duýdurup durýardy.
Bir tomusyň güni. Yssydan adam hem gowurlyp barýardy. Aşhanada agşamlyk naharyň ugruna çykdym. Ýanyma eltim, Selbi geldi. O diýip, bu diýip birzatlar gürrüň beryärdi. Diňleýän ýaly bolup, öz işim bilen gümra bolup otyrdym. Palaw ataransoň, käşirleri inçe dograp bir gyrada goýupdym. Gelip, olary iýmäne durdy:
-Wah, seniňem gara günüň şeyle-dä. Sen etýäň, men edeniň işiň miwesin ýygnaýan. Şu öýde köne ulanyjy ýaly bolup ýörsüň
Bu sözleri eştdip beýnime gan çogdy. Ol maňa gysgaça «Sen meniň gyrnagym» diýip durdy. Eýsem mende muňa düşünmez ýaly beýni ýokmy?! Elimdäki pyçagy alyp edil damagyna çalaýasym gelýärdi. Ýöne bu ýönekeý aýtmak, beýdip bolmajagyna aňym ýetip durdy. Soňra ýalan ýylgyrşym edip:
-Waheý eltibaý, seniň habaryň ýokdy öýtýän. Sen meniň könämiň eýesi ahyryn.
Bu sözleri eştden Selbiň ýüzi gyzaryp, gahardan çogdy. Ol meniň näme diýjek bolýanyma gowy düşündi. Gözün alardyp «Içim gysýar bärde» diýip gitdi. Sessizje gidenine begensemde bir tarapdan bir zadyň boljagyny aňýardym. Sebäbi Selbiň ary hiç hili ýerde ýatmaly däldi. Ähli adamlar onuň yzynda diýenin edip gezmelidiler. Bu ýagdaýa beýlekiler allansa-da, men ähli zada düşünýärdim.
Begenç işden geldi. Agşamlyk naharam sowduk. Öz jaýymda Daýanjyň eşiklerini ütükläp otyrdym. Gürsäp gapyny uryp Begenç girip gaýtdy. Gapyň agzynda Selbi gözlerin oýnadyp durdy. Eýýäm ýagdaýy aňdym. Begenç elini haýbatlandyryp:
-Eeý, köçäň aýaly. Sen meniň gelnime könemi diýersiň, Hä! Oňa el galdyrmana eliň nädip barýar- diýip, ýaňyrak öçürlen ütügi aýama basyp, ütügi ýere zyňdy. Elimi elinden çekip alyp:
+Selbä el galdyrylmanyny menem, Selbem, Allatagalada bilýär. Sen diňe ýalanlara ynanyp ýören gurjak. Siz gurjak.
-Sen diliňden galasyň gelýär öýtýän -diýip, öňe tarap atyldy. Gorkyp yza nädip tesenimem bilmän galdym. Onýança-da ýakasyndan ýapyşan Daýanç, gapa süýräp çykardy. Birzat ederinden gorkyp yzyndan bardym. «Aýalyň eden işini bilýäňmi?!» diýip, Begenç gygyrýardy. Gapyny ýüzüne ýapyp kowup, göýberdi.
Selbi Begenji gowy gepden doldurypdyr. Hatda etmedik işimem etdi diýipdir. Daýanjyň Begenje gaharlydygyny ýüzünden aňyp bolýardy. Doganlaryň arasy açyldy.
Derrew Daýanç türkmenleriň emin edip, elime duzly şerebäni basdy. Bir wagtlykça awysyny bilmändirin. Şol wagt ötüp jydar ýaly däldi.
Daýanja ähli bolan zatlary düşündirdim. Olam «Bolýar gynanma» diýip, göwunlik beryardi. Daýanç " Häzir gelerin» diýip gitdi. Çykanam şoldy welin gaýynenem yz ýanyndan geldi."Sen şerraý, albassy. Ahyryn ýüreginde galan aryňy aldyňmy. Iki doganyňam arasyn açdyň. Dogan bolup biri-birlerine el galdyrypdyrlar. Içiň gülip durandyr, hä. Dogman geçen ýerçeken» diýip, agzyna gelenini söwüp gitdi. Gapyda duran Selbä «Ýör gyzym, aglama. Ýaraşarlar» diýip, äkitdi. Görnüşe görä, Selbi gaýynenemem gepden dolduryp özüni akja jüýje edipdir. Eger gaýynymada ses çykaran bolsam, onda bu öýüň soňy nämelere barjaklaklygy belli däl.
Bir iki günden soň Daýanç dogany bilenem arasyny düzledi. Bu wakany ýapypdylar. Ýöne men ýapmadym. Töhmet bilen gören günüm göz öňümden gidenak. Elimde-de ýanygyň yzy galdy. Ol hem wagtal-wagtal ýatladyp durýardy.
Wagt geçip dur. Selbiniň gep gürrüňleri köpelýärdi. Begenji inni özüne ýoldaş däl gul edipdi. Selbi gaýynyny ýamanlaýan wagty Begenç gelip, ejesine gygyrardy. Gaýynym hem Selbiň ýagdaýyna soňabaka düşünip başlady. Ejesi Begenje Selbiň ýagdaýyny düşündirdigiçe, Begenç özüne jogap bererdide giderdi. Soňabaka Selbi bezenip-beslenip, Begenç işden gelýänçä bir ýerlere giderdi. Bu ýagdaý aram-aram gaýtalansa günaşa ýagdaýyna geldi. Telefonda gürleşmelerem köpeldi. Begenji özüne doly ýagdaýda öwürensoň biziň ýanymyzda arkaýyn gymyldaýardy.
Bir gün Selbi uzakly gün telefonda gürleşdi. Begenjiň gelerinden habary ýokdy. Begenç Selbiniň şady horram sesine diňşirgenip, otagynyň gapysynyň agzynda durdy. Diýýän sözlerini eştdip Begenjiň gany çogdy. Kürsäp girip, Selbiniň bokurdagyna ýapyşdy. «Sen şeýdermiň, hä. Sen maňa şeýdermiň" diýip, içine depdi. Selbi agyr urga jydaman, agzyndan gan getirdi. Iki üç depimden soň, Selbiniň ýagdaýy has beter agyrlaşdy. Geplemek aňyrda dursun, bedenini götermäne ysgyny ýokdy. Begenç " Almytyň şudy» diýip, daşaryk çykdy. Gaýnym bilen men baryp Selbiniň ýüz gözüni ýuwduk. Içini daňyp, owkalap bir azyrak bolsa-da özüne getirdik. Şol ýagdaýda «Siz aýtdyňyz gerek görübilmedikler. Etjek işime serediň indi, durmuşuňyzy burnuňyzdan getirderin» diýip, haýbat atýardy. Öz ýanymdan «Bu hiç haçanam düzelmeýä» diýerdim. Bir günden soň gowy ozüne geldi. Bizden habarsyz goşlaryny jemläp bir ýere gidipdir. «Ýa atasy öýüne ýa-da ikinji ýoldaşyna» diýip, pikir etýärdik.
Agşamara Begenç işden gelensoň, haýady dürsüldäp birileri kakdy. Baryp açsam Selbiniň agalary. Garşy tarapa menini itip, «Begenç, nirde sen Begenç. Özüňe erkek diýip, bir naçara eliň ýetýän bolsa gel men saňa erkekligi görkezeýin» diýip gygyrdylar. Eýýäm düşünipdik. Selbi öýe gidip ähli zady aýdypdyr. Begenç gelenem şoldy welin, üýşüp üstüne çozdular. Begenç ýekelenip hiçisine güýji ýetmedi. Daýanjam görüneberanakdy. Gaýynenemem «Beýtmäň balamy» diýip, dyzyna çöküp ýalbardy. «Sen şeýdip içine depermiň. Şeýdibem urarmyň» diýip, oglanlaram Begenji urardy. Ahyryn Begenç bar güýjün toplap, töňňäň üstüne duran paltany ylgap baryp aldy. «Geläýmäň» diýip, paltasy bilen haýbat atyp durdy. Olar ýanyna ylgap baryp, biri paltany aljak boldy birem Begenji urjak… Hana şol ýagdaýda ýalňyşlyk bilen urjak bolan oglany, Begenç böwründen paltany geçirdi. Çapylan oglanyň birden çygyrmasy gulagymyzda ýaňlandy. Gören ýagdaýymyza gözümiziň gorkyşyna elimiz titräp, başymyz aýlandy. Gaýynym «Waý Allam» diýip, özünden gitdi. Iki dogan bolsa, «Agamm» diýip, çapylan oglany tutdular. Ylgap maşyna salyp, hassahana alyp gitdiler. Men hassahana jaň edip, lukman çagyrtdym. Gaýyneneme seretdirtdim. Begenç hem gözün gorkyzyp, doňňara daş ýaly howlyň ortasynda gymyldaman otyrdy.
Şol wagt hem haýatdan täze adamlar geldi. Çykyp görsem polisiýa işgärleri. «Alladurdyýew Begenç biziň bilen gelmeli» diýip, Begenjiň eline zynjyr dakdylar. Gaýynym bilen men derrew daşaryk çykdyk.
Elindäkini görüp, öz elimiň aýasynda galan ýara seretdim. Zynjyram görüp ýylgyrdym. Begenjiň meni görenini bildim. Onuň soňky sözleri "Bagyşla, Läle" bolupdy.
Ejesi hem polisiýa işgärleriniň dyzyna çöküp ýalbardy. Şol pursatlary gören gözlerim ýylgyrýardy. Içimdàki gam gussam azygyp, sowady.
Begenji "Aýala el galdyranlygy üçin we adamy ýaralanlygy üçin" azatlykdan boşatdylar. Ejesi hem indi meniň yzymda kökenek. Selbem ikinji ärine gaçyp gidipdi.
Men wagtynda sessizlik bilen ykbalyma kaýyl bolup gezipdim. Gör neneňsi agyrdy, şol ýagdaý. Ýüregimde bitmez ýara bolup galarmyka öýdüpdim. Asyl-ha ýürekdàki arymy, bu pany olardan aldy.

Soňy

Awtory: Babaýewa Sofiýa
28
299
ilova
27.02.2024 15:43
Ne "Turdyňmy" diýip, soramana adam geldi ne-de salamlaşdyrmak üçin alyp gitmäne adam.
Kürtede-de ýadapdym, çykaryp bir gyrada goýdum. Adaty öý eşikleriniň birini geýip, ýaglyk bilen bürendim. Günortan golaýlady. Öýüň içine aýlanybersem gelşiksizdi. Çykalgasyz ýagdaýda boljak zatlara garaşmakdan başga alaç ýokdy.
Ahyrynam gapy açyldy. Ýaşynyp, başymy aşak egip oturdym. Begenje ýa ulyrak birine garaşan bolsam, bir ýetişenje gyzjagaz gelip, "Naharyň gelneje" diýip, saçak ýazdy-da gitdi. Nahara-da hiç hili işdäm ýokdy. Düşen ýagdaýyma diňe aglaýardym. "Wah eje, men nirelere düşdim beÿle" diýip, nalap-nalap göz ýaşymy dökdüm.
Iki sagatdan soň ýene-de şojagaz gyz gelip, saçagy ýygnap, alyp gitdi. "Iýmänsiňem" diýmedi, ýene birzadam. Agşamlygam edil şeýle boldy. Men diňe dört diwaryň bir gyrasynda ýeke özüm aglaýardym. Menini ne eştden bar, ne-de menden habar alýar.
Gije barha golaýlaşýardy. Asmanda ýyldyzlar ak patraga dönüp, altyn ýalagam parlaýardylar. Äpişgeden daşaryk seretsem, imisalalyk hiç kim ýok. "Heý bir toý edersiňle, märeke ertesi günem bolmazmy?! diýip, gaýyn öýe käýinýärdim.
Gapynyň açyljakdygyny duýdum. Derrew ýerime geçip oturdym. Begenç gelipdi. Begenji görüp näler begendim. Ýalňyzlyk, agyň içinde geçiren bir günümi onyň gelmesi bilen unudaýdym.
Arman Begenjiň eden hereketi, bu şatlygymam elimden alypdy. Ol geldi-de, bir gyradaky duran sandygyň üstündäki düşegi alyp ýere ýazdy. Ýöne ol düşegem ýeke adamlykdy. Özüni ýere berip, uka gitdi.
Onuň eden hereketini görüp, dilim tutuldy. Edil şol wagt näme edip näme goýjagymy bilemakdym. Ýer dyrmalap agladym. Aglabam ýatyp galypdyryn.
Irden Begençden ir turupdym. Entegem sabyr käsem püre pür dolmandy. Inniki etýän hereketlerine üns bermekdi.
Begenjem menden soň, kän eglenmän turdy. Düşegini öňki ýerine galdyryp daş çykdy. Ýuwunup gelipdir hemem eli saçakly. "Ertirlik etjek öýtýän" diýip, pikirlendim. Saçagyň başyna oturanam şoldy welin, menem baryp saçak başynda oturdym. Ses-seda çykanak, öz bolşuna otyrdy.
Käsäni "Çaý guýup beräý" diýen şekilinde uzatdym. Ýüzümede seretmedi. Arkaýyn hiç zat ýok ýaly iýip-içip otyr. Şol bolşuma gözümden bir hünji gaçdy. Gahardanam çoýup durdym. Begenjiň meni görmezlikden gelişine jydap bolar ýaly däldi.
Elimdäki käsäni gaharyma ýere zyňdym. Halyň üsti bolansoň döwülmedi. Begenjem kellesini käsäň düşen ýerine öwürdi. Soňam "Näme etseň, şony et" diýýän şeklinde kellesini başga ýana sowup çaýyny içjek boldy. Gaharyma ýaňy bir agzyna ýetiren çaýly käsäni elim bilen kakyp göýberdim. Begenç ýene käsäniň düşen ýerine seredip, töwhir galdyryp turmak bilen boldy. Halys iň soňunda bu sessizligi men pozdym:
-Begenç- diýip, agyly sesim gaharlandym.Olam ady tutulýana meňzeş däl, çykyp gidip barýardy. Gapa ýetmen-kä, öňüni sakladym:
-Begenç, dogrym aýdaýyn. Şu bolýan zatlara näme diýip, näme goýjagymy bilemak. Akyl ýetirip bilemak. Hany bile etýän arzuwlarymyz? Hany sen meni ömürboýy bagtly etjekdiň-ä. Inni bu boluş näme. Ýa şeýle bela mende aryň galdymy. Näme eden bolsam bagyşla, bolmanda bu bolýan zatlaryň sebäbin aýt. Näme üçin beýle sen- diýip, aglap-aglap ýere çökdüm. Begenç aýdanlarymy diňläp, çykyp gitdi.
Meniň indi hiç hili alajym ýokdy. "Kime aýdaýyn derdimi. Kim maňa kömek berer. Ejeme aýtsama ýaňy bardyň, eýýämden bu gepiň näme? diýip, ol maňa käýer. Gaýnyma aýtsamam ýaşmakly, Wiii ýogsa-da, toýdan soň hiç kim ýanyma gelmedi. Onda olaryňam Begenjiň meniň ýanyma gelmedigini bilýän bolmalylar. Ufffff, Allam! Nämeler bolýar?!" diýip, öz özüme nalynýardym.
Ýerimden turyp, özüme timar berdim. Ýaşynyp daşaryk çykdym. Görsem, gaýynenem bir ýerlerden gelýärdi. Meni görüp: "Waý gelinjan" diýip, gujaklady. Görnüşe görä, onuň zatdan habary bardy. Ýogsam "Bu çaka çenlä, çykman näme etdiň?" diýip, soramazdymy?!
Wagtam geçip durdy. Gaýynenem öýüň içini, düzgünlerini öwredip, öýe öwrenşdirip başlady. Begenjiň bolsa, şol bolşy. Gaýynym ol barada hiç hili dil ýaranakdy. Menem inni onuň özüne görä bolup, barlygymy bildirtjek bolup, gezemakdym. Şeýtdirip, toýdan soň bäş günümiz geçip gitdi.
Şol gün, ýazyň howasynyň boljakdygy bildirtýärdi. Howa şemally sowujagy bardy. Gögüň güpürdisi bilen hem ýagşyň ýagjagy mese-mälim bolup durdy.
"Ýagyş ýagsa daşardaky eşikler ezilmesin" diýip, eşikleri ýygnamaga durdum. Ýagşam guýup başlady. Howa garalyp başyňa apy-tupan turar diýen şekilinde gögem öran gaty sesli güpürdeýärdi. Hakykatdan hem haýady açan adamy görüp, başyma apy-tupan turdy...
Dowamy bar...
32
126
ilova
26.02.2024 09:07
+Läle- diýip, adymy tutmasyndan, birzadyň bolanlygyny aňdym.
-Dur, demiňe dürse. Näme boldy?
+Läläm, garaşylan günümiz geldi.
-Açyk aýtsana, näme boldy?
+Öýdäkilere aýtdym, ertirki dynç günde size barjaklar.
Dogurdanam, köpden bäri şu güne garaşypdyk. Gelnejemem öňden ähli zady bilensoň arkaýyn, ertir geljekdiklerini aýtdym. Olam "Gelibersinler! ejeňe-de, agaňa-da özüm aýdaryn" diýip, razylyk berdi. Habary göni telefonda garaşyp duran Begenje ýetirdim...
...Garaşylan gün geldi. Köplük bolup Begenjiň ejesi, daýzadyr, ýeňňeleri geldiler. Öýdäkilerem habarly bolansoňlar, sözlerin ýykyp durmadylar. Guda bolundy.
Toý aladasy başlady. Inni öňküsi ýaly, Begenç bilen habarlaşmana elimem ýetenakdy. Olam "Öýümiziň daşy içini abatlaýarys, elim ýetenak" diýip, kän bir jaň edip barmazdy. Toýa bäş gün galanda Begenç jaň etdi. Alyp:
-Alo- diýenimem şoldy welin,
+Bagyşla janym...
-Bagyşlamy?! Näme üçin, saglykmy?
+Mmmmm...- diýip, pikire batyp durdy.
-Gürlesene, näme boldy?
+Aý ýöne diýäýdim
-Ýöne ýere adam bagyşla diýenoga.
+Janym, geleňde gowy düşündireýin.
-Ýok, şuwagt düşündir. Näme üçin bagyşlamaly?.
Aňyrdan güpür-tapyrdylap, biri Begenji çagyrýardy. "Gyssagly gel bol" diýip, gününe goýmady. Begenjem:
+Bolýar, Läle soň gürleşip bilsem gürleşeris ýogsam toýda görüşeris-diýip, meniň hoşlaşmagyma-da garaşman öçürip göýberdi.
Men "Bagyşla" sözüne gorkyp başlasam-da, "Geleňde düşündirerin" diýmesi içimi rahatlatýardy.
Bäş günem toý aladalary bilen geçip gitdi. Uz lybasly keteni köýnegimi geýip, beýleki gyzlardan saýlanypdym. Käbämem alnymdan öpüp, patasyny beripdi. Märekedir-myhmanlar esasanam men gelinalyjynyñ gelerine garaşýan. "Gelinalyjy gelýär" diýip, jigim buşlanda, ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar. Şatlykdanmy, gaýgydanmy?! hiç hili şol duýga düşünip bilmedim.
Gülzar ýanyma gelip, Begenjiň jaň edip durandygyny aýtdy. Özem bir gezek däl, ep-esli jaň edipdir. Hatda şol wagtam jaň edip dur. Bägül bu ýagdaýy oýna salyp, "Begençdir-dä, görüp otyrsaň bol basymrak mün maşyna, maşynyň içinde otyryp ýadadym" diýip jaň etýàndir, diýmesi birazyrak bolsa-da içimi ýeňletdi. Sebäbi şol wagta gaýgy hasratdan içim ot alyp barýardy. Begenjiň ýeňňelerine "Alyp gitmäň meni" diýip, möňňürip aglasym gelýärdi.
Kürtäni başyma atyp, gelinalyjy maşyna mündürdiler. Maşynda Begenç oturan eken. Ýöne näme üçindir maňa gep goşaýanak. Ýaňy zol-zol jaň etýän oglan, hiç zat bolmadyk ýaly bolup otyr. Gelinalyjy ugrap, öýümizden daşlaşdyk. Näçe uzak daşlaşdykça, şonça-da içim gysyp aglaýardym. Esasy içimi iýýän zadam, aglap oturmamy görse-de, Begenç koşeşdiriji söz aýdaýyn diýenokdy. Ondana geçipdiris, asyl-ha habaram atanokdy. Şol bolşy, hamala ýedi ýat biriniň ýanynda oturan ýaly.
Şol bolup gidişimeze-de, Balkanabada geldik. Köp jübütde bolşy ýaly surat üçinem, aýlanmak üçinem hiç ýere barmadyk. Gelinalyjy göni Begençleriň öýüne bardy. Bu ýagdaýa men sesim çykarmany gelşiksiz gördüm, sebäbi maşynyň öňünde adatdaky ýaly ýigit ýeňňe otyrdy.
Däp boýunça menini garşy aldylar. Soňam gijeki toýa taýynlyk görüp başladyk. Wagtam boldy, gijeki toýam başlady. Uly-kiçi märeke bary üýşüpdir. Begenjiň dostlaram arasynda gelip, bizi tansa goşýar. Tansda-da Begenç meniň ýanymda bolup, bile tans oýnamady. Hökman dostlarynyň toparyna girip, oýnaýardy. Bu ýagdaý diýseň meni kemsindirýärdi. Iň esasy erbet bolan ýerim hem, biz iller ýaly süýjülik tortyny kesmedik. Gülzar sebäbini ýigitýeňňesinde soranda hem, "Oglanyň özi gyza aýtmagy ýatdan çykarandyr" diýip, göýberipdir. Begenje özüm aýtsam hem, hiç hili menini diňlemedi.
Toýdan soňky "Guşak çözdürme" däp dessurynam şatlyk şowalaň bilen sowdyk. Menini Begenjiň jaýyna saldylar. Sabyrly bolup garaşyp otyrdym. Ne gelýän bar, ne gitýän. Sagat dört boldy. Hiç kimem gelenok. Bir gyrada kürtämiñ aşagynda ýatyp galdym.
Äpişgeden düşýän ýagtylyk bilen, säher gözümi açypdyryn. Begenjem gije hiç hili gelmändir. Bolýan zatlara bir tarapdan akyl ýetirmäne çalyşsam, birtarapdanam inniki boljak däp dessurlary alada etýärdim. Eger öýdäkiler Begenjiň gelmedigini bilmeýän bolsalar, ne gözel adym garalanjak. Gaýgy edip, gaýgy edip günortan boldy. Ne "Turdyňmy" diýip, soramana adam geldi ne-de salamlaşdyrmak üçin alyp gitmäne
27
98
ilova
25.02.2024 10:42
Sakga durdym, yzyma öwürlip, "Näme boldy diýen şekilinde" seredip durdym.
-Läle, dogrysyny aýtsam sözümi nirden başlajagymy bilemak. Men seni ilkinji gezek göremde, göz çenime tutupdym. Merdandan seni soradym. Ilki başdan nädip habar atjagymy bilmedim. Seniň internet sahypalarynda gezýänligiňi bilenimdem soň, şol ýerlerde seni yzarlap başladym. Tanyşanymyzdan soň-a içim örän rahatlady. Seni ýakyndan tanamaga pursat boldy. Bu ýerlere gelmäge-de iş bahana, asyl seni görüp söz aýtmakdy. Men seni şol ilki günden halapdym, meniň sözümi alarmyň?!
Dogrusy men näme diýip, näme goýjagymy bilmän durun. Bu sözlere garaşýardymam welin, bular ýaly çalt däldi.
Sesimi çykarman öýe tarap ýöredim. Dymmagymy "Bolýar" diýen jogapdyr öýdüp, Begenç:
-Dymyp gitdiň welin, senem razy-da
Yzyma öwürlip birazyrak ýylgyryp durdum. Soňam başym ýaýkap öýe girip gitdim.
Köp pikirlendim, aslynda pikirlener ýaly zat ýokdy. Menem ony halaýardym. Onna-da kitaplarda, eserlerde okap, filmlerde-de görýärdim. Hatda durmuşda-da köp gabat gelýär. Gyz näzlenip oglanyň sabyryny ölçeýärdi. Menem bir müddet sözün almazlyga karar berdim.
Pikir ummanynda çümüp ýörkämem telefon jyňňyrda-dy. Açyp görsem Begenç jaň edip dur:
-Alo,
+Alo Läle
-How
+Bardyňmy sag aman
-Howwa, siz bardyňyzmy
+Howwala biz geldik.
-Hmm...
+Neme Läle
-Näme?!
+Men jogabymy alaýjakdym. Görnüşe görä sen "Bolýar" diýdiň öýtýän dymdyň welin.
-"Men saňa razy" diýip, aýtdymmy?
+Ýok
-Onna näme öz-özüňden birzatlar toslap tapýaň.
+Aýý men-ä...
-Bolýar onna hoş. Ýadaw men.
+Bolýar sag aman ýatyp tur. Men seni söýýän.
Söýgi sözün eştdip, şol gün-a tolgunjymdan ýatyp bilmesem näme?! Kellämde müň hyýal.
Ertesi gün dynç gün bolansoň, işe gitmedim. Daň säheri bilen örüp, ertirligiň ýanyna gyzgynjak çörek almana gitdim. Gapydan çykanymam şoldy welin, garşy tarapdan Begenç çykdy. Ol meniň gitjek ýerimi bilýärdi. Özüniňem ugrunyň şol tarapdalygyny aýdyp, yz ýanymdan ýöräberdi. Imisalalyk bolansoň aýak seslerem eştdilip dur. Begenjiň pyşyrdasam. Ol pyşyrdap
-Läle, bugün öýlän men Balkanabada ugraýan.
Bu sözleri gynandyryjy bolsa-da, bildirtmezden:
+Sag aman bar
-Gitmezden öñ arkaýynlanyp gidaýin diýän. Köp garaşdyrma-da, öýläne çenli jogabyň aýdaý.
Yzyma öwürlip:
+Jogabymy şuwagt aýtýan. "Ýok" men saňa razy däl.
Bu sözleri eştdip, Begenjiň ýüzi çökdi. Gowy habara garaşýanlygy bellidi.
-Onna göwnüňde biri barmy?
+Ýok, hiç kimem ýok.
-Onna näme. Sen meni tanaýaň-a. Bilýän senem meni halaýaň. Halamasaň ýüz bermezdiň. Sen hiç oglana ýüz bereňoga
+Saňa tanansoň ýüz berdim. Ýogsam...
-Meni tanapsyň şeýle gerek. Maňa belet. Men näme erbet oglanmy?
+Ýok, sen erbet oglan däl. Örän gowy oglan.
-Onna näme.
+Wagty gelende jogabymy aýdaryn
-Onna garaşmaly-da
+Howwa
-Bolýar garaşaryn. Sen gowy habaryň berseň bolýar.
Şu sözlerden soň, gark bolan ýüzem, göwnem açyldy. Deňimden ýörejek bolanda, "Il gün görer yzymdan ýöre" diýip, yzyrakdan ýöretdim. Her aýagyny ýere berende misli ýüregimiň üstünden urýan ýaly. Tolgunyp, ellerimi gysymlap derledip gitdim...
... Günler geçip dur. Begenjem öýüne gidenine iki aý doldy. Käwagt küýsän mahalym, seýilgähdäki bile düşen suratlary görüp, şol günleri ýatlaýan. Her gün diýen ýaly,Begenç menden habar alyp dur. Käteler Merdandan "Çaý içersiň" diýip, şokolatlary ugratýar. Işe alyp gidip arakesmede gyzlar bilen çaý içýaris.
Şol günem Begenjiň beren şokolatlary bilen çaý içip otyrys. Gülzar:
-A gyz, şu oglany kösänligiň ýetmedimi gy. Beýdip ýörseň, bir gün-ä gider.
+Aýtma şony- diýip, Bägülem gepe goşuldy.
Gyzlaryň bu sözleri birhili pikirimi üýtgetmäne sebäp boldy. Içimden "Dogurdanam, şugünler göwnüme bolmasa sowaýan ýalam. Birden bujagaz günümem elimden gidibermesin. Sözün almaly" diýen karara geldim. Şol wagtyň özünde-de, "Şo-ol gün beren soragyňy jogapsyz goýupdym. Men razy, seni ömürboýy söýmäne razy" diýip, söýgi hatymy ugratdym. Köp garaşdyrman entegem şol sözüniň arkasyndagyny aýtdy. Şondan soňam biziň söýgi hekaýamyz başlady...
... Günümizi ädimläp, wagtyň nädip geçeninem bilmedim. Bir ýarym ýylymyzy Begenç bilen meniň söýgi wakamyzdan ýygnadyk. Dynç güni gelinejem bilen bazarda aýlanyp ýördüm. Telefonyma jaň geldi açyp görsem Begenç jaň edip dur.
-Alo, Begenç
Aňyrdan Begenjiň dem alyş sesiniň ýokarydygy mälim bolup, eştdilip durdy. Howsalaly:
+Läle- diýip, adymy tutmasyndan, birzadyň bolanlygyny aňdym...

Dowamy bar...
29
153