ilova
03.03.2024 19:50
Ol gämi uludy, taryp ederden,
Obada bäs gelip biljek göwrümde.
Şondan-da ulurak söýgi döräpdi,
Amerika barýan gaýgyň böwründe.

Gyz oglansyz asla oňup bilenok,
Ýigidem o ýarsyz edenok takat.
Aşyk-magşuklara buýsanýan ýaly,
Titanik ýüzýärdi, deňizde rahat.

Rahatlyk bozuldy, deşildi gämi,
Edilen arzuwlar sönüp başlady.
Ilki bagta, soň ajala öwrülen.
Gämi köpler bilen çümüp başlady.

Ýigit halas etdi,
Gyzy,
Söýgüsin,
Özüniň kysmatyn düýpden unudyp.
Beýik Titanigi ýuwudan deňiz,
Başarmady çyn söýgüni yuwudyp.

2013
Kerim Hallyýew
28
33
ATOMIC
3 Mart 2024
Kerim Hallyň köp goşgysy gowy...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.