ilhano_va
29.12.2023 14:15
Alyslara gitmek isleýarin men,
Howaly ýerlere, belent ýerlere.
Bir şygyr... Bir şygyr ýazmak islegim,
Meñzäp duran dolanaýly Güýzlere.

Bahar degresinde gül pyşyrdysy
Şygrym bilen ýetsin sõzlerim saña.
Meniñ armanlarym, hem ahwallarym
Zyýarat eýlesin gezen baglaryña.

mahal saçyny sypalan şemal
Gijäniñ gatyndan çyk, maña gaýt sen!
Derýañ boýundaky iñ soñky tal hem
Kyrk gije derdimi suwlara aýtsyn..

Derýanyñ boýuny syryp barýaryn,
Derýalaryñ bõlünip şahalara-
Aýrylýan ýerlerini yzlap barýaryn,
Howaly ýerlere, ýagty jaýlara.

Şeydip uzak menzillere aşaryn,
Belki çeken hasratlarym soñlanar.
Kalbym nar dek ýarsam ýetermi-ganym
Birje şygryñ damaryndan aýlanyp?!. .
20
30
ilhano_va
29.12.2023 11:12
Kalbyň hiç aram tapmasa,
Bu durmuş gülüp bakmasa,
Seni bagra basa-basa,
Bagytly etjek
Men bardyryn.

Basmasyn seni gaýgylar,
Wagt emdir tiz aýrylar,
Söýüp artygyň,aýbyňam,
Bagtly etjek
Men bardyryn.

Seň göwnüňi artyk saýyp,
Bu yşkymy dünýä ýaýyp,
Ähli zady bir ýan goýup,
Bagytly etjek
Men bardyryn.

Gaç durmuşyň agysyndan,
Bol şatlygyň arasynda,
Bu ýollaryň ahyrynda,
Bagytly etjek
Men bardyryn.
23
36
ilhano_va
29.12.2023 01:37
Ýadymda,şol günem şu günki ýaly,
Dolan aý asmanda nurun saçýardy.
Garagol ýyldyzlar gözlerin gyrpyp,
Biri ýansa beýlekisi öçýärdi.

Ýadymda,gelipdiñ şonda kenara,
Oýnadyp şemala gara saçlarñy.
Ýadymda,synlapdym aý yşygynda,
Mawy gözleriñi, gara gaşlarñy.

Uzaklardan gelýän şagallañ sesi,
Seni tiskindirdi,atdy gujagma.
Diýdiñ "-ogurlarlar şagallar meni,
Meni ýetirmezler şagallar saña.

Men göwünlik berdim,köşeşdiñ kem-kem,
Diýdim şagal näme? arslanyñ barka.
Şagal nämedigne düşindim soñ-soñ,
Bir şagaljyk saña,öýlenip durka.

Ýadymda, o günleñ bary ýadymda,
Aý aýlanyp,ençe ýyllar geçsede.
Duşuşuk ýerimiz,suw kenaryna,
Käte gidip,dönip gaýdýan geçmişe.

Edil düýnjik, ýolum düşdi kenara,
Dolan aýyñ keşbi,ýene gülýärdi.
Aşyk ýigidiñ gujagynda bir gözel,
Uzaklardan şagal sesi gelýärdi.


Wepa Nuryýew
25
38
ilhano_va
28.12.2023 22:40
Maña şol gurjagy diñdiren gerek.
Gerek wagty gyra çekilip däl-de,
Durmuşda meñ bilen deñ duran gerek.

Saña nesihatçy, dana gerek däl,
Seniñ õz akylyñ özüñe ýetik.
Duýguçylam däl sen, sähel zat üçin,
Ýõreñok sussypes gam-gussa batyp.

Saña takyk däl zat gyzykly hem däl,
Men bolsa olary has artyk sõýýän.
Neneñ sungat bolup galyp bor meger,
Düşnüksiz zatlaryñ lezzetin duýman?!

Hereketi söýýäñ, gaýnap dur ganyñ
Maña seniñ joşgunyñdan ýetenok.
Käte bir-birekden sowaşan bolýas
Bilýäsem barybir karar ýetenok.

Diñe öz düşünjäñ, pikiriñ dogry-
Käte hakykaty diñlemä derek.
Gõräýmäge biziñ dünýämiz aýry,
Şonda-da sen maña, men saña gerek.


Meňli Aşyrowa
22
30
ilhano_va
28.12.2023 19:20
Ol gün gözleriñde göründi gözýaş,
Çala başyñ atyp, hoşlaşdyñ gitdiñ.
Ana, şondan bärem görüşmän gelýäs,
Meñ ýüregmi özüñ bilen äkitdiñ.
Aradan aý-ýyllar geçse-de telim,
Ýatlap pursatlary iñkis gitdim.
Indi meñ hiç zada baranok elim,
Meñ ýüregmi özüñ bilen äkitdiñ.
Çekýän indi aýralygyñ derdini,
Pikir derýasynda gark boldum - ýitdim.
Ykbal bize şeýle bagty berdimi,
Meñ ýüregmi özüñ bilen äkitdiñ.
31
49
ilhano_va
28.12.2023 16:17
Söýýän seni gizlemäge mejal ýok,
Söýýän seni,ýok dymmagyň hajaty.
Öz-özümi ele alyp bilemok,
Ýüregimiň seni küýsän halaty.

Söýýän seni,geçip hany-manymdan,
Jylawyny çekdirenok yşkymyz.
Ýykylyp-ýumrulýar sähel salymda,
Görüşmesek göwün atly köşgümiz.

Gaýdyp berip bildiň höwes-hyjuwlam,
Niçiksi başartdy buzatlar saňa?!
Ynanmazdym şundan az salym ozal
"Sen söýüp bilersiň"diýseler maňa.

Sag bol ykbal,saňa,sylanyň üçin,
Söýgüsiz ýüregiň urmany ýagşy.
Eger gözlem ýary görmejek bolsa
Görmäni ýagşy.
29
32
ilhano_va
28.12.2023 09:54
Eger söýgiň köýen bolsa elenme,
Gam-gussa-da senden alysda galsyn.
Oýlanyp gör, dostum, ýeri gelende,
Belkem, sen söýgiňe mynasyp dälsiň.

Düýn Leýli deý söýen bolsa ol eger
Gyzlyk ejabynyň çäginden geçip,
Niçik bu gün öz bagtyny terk eder,
Söýgüsinden geçip
Hem senden geçip.

Biwepa saýma sen,
saýma bigäne,
Ýazgarma, belkem, ol seni tanandyr.
Söýgüsne degmäniň üçin biçäre
Gijeler ah çekip ýalňyz ýanýandyr.

Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar,
Olarda günä ýok söýgüden özge.
Düýn söýen gyz
bu gün seni ýigrense,
Onüň sebäbini özüňden gözle!
19
36
ilhano_va
28.12.2023 01:13
Sen hakda bir zatlar ýazasym gelýär,
Ýöne näme üçindir titreýär elim.
Sözleriň içinden üýtgeşigini
Seniň üçin gözleýändir meň dilim.

Uzyn gije pyşyrdaşyp Aý bilen
Söhbet edip garşyladym ak daňy.
Seniň bilen bagtlydym men hemişe
Seniň bilen ýokdur şatlygmyň çeni.

Säheriň çygynda keşbiň görünýär,
Bagtymyň bagrynda yşgyň görünýär,
Menden az wagtlyk daşlaşan wagtyň,
Ýüregimde uly boşluk görünýär.

Ýörejek ýolumyz soňsuz bolmasyn,
Goý, bagta ýetirsin şol ýollar bizi.
Apalap durmuşyň kyn günlerinde,
Goldaly hemişe bir- birimizi.

Sensiň meniň ýylgyrşymyň awtory,
Sen söýgimiň hem bagtymyň eýesi.
Hyýalymda, düýşümde hem oýumda,
Sensiň meň kalbymyň ýalňyz söýesi...
18
47
ilhano_va
27.12.2023 23:14
Salam. . .
Öwrenmeli programmanyň agzalary. . . Myhmanlary. . . . Hemmaňizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn. Goý 2024_nji ýyl size bagt,rysgal, döwlet,saglyk,agzybirlik, söýgi,getirsin. . . 2023_nji ýylda ýetmedik arzuwlaryňyza 2024_nji ýylda ýetiň. . .
❄️Täze ýylyňyz gutly bolsun ❄️

🐬
By: Köwser. . .
34
112
ilhano_va
27.12.2023 18:18
Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.
Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.
Şeýdip endik etdik aglamazlyga.
Şeýdip endik etdik aldamazlyga.
Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».
Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».
Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,
Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»

Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň,
Garaja gyl bilen basyrlar döşüň».
«Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler.
Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler.
«Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,
Döşüňe mynasyp bolgul!» diýdiler.

Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?»
Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!»
«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler,
Çyn şägirt
ondanam gyt zat!» diýdiler.
«Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler,
Gomalar şägirdiň galpy!» diýdiler.
«Galp şägirtden boluň hüşgär!»
«Emer-de,
emjegňi dişlär!» diýdiler.

Ýene-de diýdiler: «Ulamy-kiçä,
Öljegňi bilseň-de, ýalbarma kişä!»

«Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler.
Onuňam adyna dilber diýdiler.
«Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler,
Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler.

«Ýene iki merde ýalbarmak bolar –
Diýdiler – ene hem atadyr olar».
«Ataňa ýalbarsaň – galkynar ruhy».
«Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy»,
«Kim etse şolara tagzym – diýdiler,
Işi rowaç, ýaşy uzyn!» diýdiler.

...Ene kän edepleň tutdular adyn.
Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!»
«Gabanma zehiniň ezelligini!»
«Gabanma öz joraň gözelligini!»
«Gabanma öz äriň gerçekligini!»
«Gabanma öz gelniň alçaklygyny!.
Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban,
Diňe oýnaklatsa...
gözlerin gaban!»

Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!»
«O nämüçin?» diýip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň,
Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün –
Aýal
är ojagyn saklar – diýdiler,
Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler.
«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,
Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.

«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler,
Bu babatda pesdir entek!» diýdiler.
«Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly,
Gözlerin ýumdumy eziz aýaly –
Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler,
Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.

...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.
Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat.
Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler,
Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler.
Kyn hem bolsa,
Şudur wesýet – diýdiler.
Diňe kyn zat –
Şol mukaddes! – diýdiler.

* * *
Gum hem özi üçin hasyl berenok,
Suw hem özi üçin berenok tagty.
Bulut hem öz-özün ýuwundyranok,
Gün hem özi üçin saçanok ýagty.
Hemmesiniň aladasy-gaýgysy –
Biri-biriniň bagty.

Hemmesi-de biri-birine aşyk.
Birisi suw berýär, beýlekisi nur.
Birisi gül açsa, beýleki joşup
Gülleriň üstünden seçelenip dur.

Birisi süpürse ýapragyň çygyn,
Beýleki şol çygdan ýasaýar bulut.
Ýene-de şol çygdan ýasalan bulut.
Dagdan aşak inýär bir derýa bolup.

Ýene-de derýadan döreýär bulut.
Ýene-de buludy ýaýradýar şemal.
Şeýdibem hemmesi bir hemra bolup,
Biri-birisine berýärler kemal.
Elmydama al sen şolardan mysal,
Hem mydama bol sen şolara mysal,
Ynsan.

Kerim Gurbannepesow
23
32