Sen hakda bir zatlar ýazasym gelýär,
Ýöne näme üçindir titreýär elim.
Sözleriň içinden üýtgeşigini
Seniň üçin gözleýändir meň dilim.
Uzyn gije pyşyrdaşyp Aý bilen
Söhbet edip garşyladym ak daňy.
Seniň bilen bagtlydym men hemişe
Seniň bilen ýokdur şatlygmyň çeni.
Säheriň çygynda keşbiň görünýär,
Bagtymyň bagrynda yşgyň görünýär,
Menden az wagtlyk daşlaşan wagtyň,
Ýüregimde uly boşluk görünýär.
Ýörejek ýolumyz soňsuz bolmasyn,
Goý, bagta ýetirsin şol ýollar bizi.
Apalap durmuşyň kyn günlerinde,
Goldaly hemişe bir- birimizi.
Sensiň meniň ýylgyrşymyň awtory,
Sen söýgimiň hem bagtymyň eýesi.
Hyýalymda, düýşümde hem oýumda,
Sensiň meň kalbymyň ýalňyz söýesi...