ilhano_va
31.08.2024 23:30
Hiç kim bilen gürleşemok ejejan,
Saga gitjek bolýan,çekýâler çepe.
Galdyrjagam ýok ýykylsam ýere,
Ûstümi kakyp men ýanyňa bararyn.
17
119
ilhano_va
29.08.2024 22:06
Bu dünýä täzeden gelesim gelýär,
Ýüregimi alaçsyzlyk bürende.
Sen meni gaýtadan ýene bir dogur,
Çöldäki ak çägeleriň üstünde,
hem taşlap gaýt meni möjek sürenne.

Ene möjek eýe çyksyn, goý, maňa,
Öwretsin awuňy kakyp almagy,
Ýamana diş çarhlamagy öwretsin.
Depe aşýan keýikleriň yzyndan,
Süýneýin Togrulyň peýkamy ýaly,
Awuň kowup almak – döwletdir.
Ýalaw ýaly dişlem bolsun ýaragym,
Hem ýiti pyçak dek dyrnakly penjäm.

Guýruk gapmak üçin girsem agyla,
Öňde köpek,
(güýji-kuwwaty mençe),
Çopan tüpeňine arka diremän,
Dikleşse,
⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀goý, meniň läşimi sersin,
Al-hiläni gyra goýsa, eger-de,
Ýogsa, ýol bersin!

Guýrukda dawam bar,
Men çölüň ogly,
⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀sähra meň öýüm,
Şunda dünýä inip, ýaşasym gelýär,
Ýüregimi gaplap alanda dowul.
...Çöldäki ak çägeleriň üstünde,
Sen meni gaýtadan ýene bir dogur,
hem taşlap gaýt meni möjek sürenne...

Jumageldi Mûlkiyev
12
188
ilhano_va
26.08.2024 20:22
Ýalňyşlarymyň ôzenini yzlasam,
Awtor diýip,adym bilen gol çykdy.
16
105
ilhano_va
26.08.2024 13:42
Özümi synlardym garagyň bolsam,
Başyňy sypardym daragyň bolsam.
Agyr gün-aýlarda solan pursatym
Tämiz gülkülerňe kalbymy ezdim.
Eger-de ýylgyrşyň bolan bolsadym,
Seni goýup, hiç bir ýana gitmezdim.

Bagtyň bolan bolsam agyr günlerde,
Ýylgyraryň ýaly “gyjyklardym” men.
Köýnegiň bolsadym, dep edip derdim,
Egniňde hemişe gujaklardym men.

Seň ýöreýän köçäň bolan bolsadym,
Kalbymy açardym (basmaga çemli),
Ýöne äkitmez-de asmana çenli,
Seň öňüňden hiç bir ýana sowulman,
Sypap aýna ýaly köwüşleriňden
Seni öz öýmüze getirerdim men...

@Seýran Seyitmammedov
15
39
ilhano_va
23.08.2024 00:31
Seni her däliniň çyny bilen aýdan sözlerinden gözledim.
Özümi ýitirmezlik üçin gözledim.
Şol gün sen başgadyň,
Soň tanamadym seni.

Çagasyz bir otagda galmak ýaly
Ýürek ezijidi dymmalygyň,
Dymmaklygyň.
Eýsem şoňa aşyk dälmidim men,
Sessizligiň jogap dälmidi maňa?!

Ýüregimden maňa ýer bölüp berdiň.
Mynasyp a:tlar berip arşa däl,
Ýüregime göterdim.
Tapmadymam salgy beren ýeriňden.
Soň ulaldym,
Uýaldym.
Köňlüm bolsa nikap geýdi demirden.

Dymyp jogap bereňde ölenimi däl-de
Ýaşaýanlygymy gördüler minnetsiz.
Eýse ömrüm sensiz pytran, nätaraş.
Seni bilmän gelenok hiç ýaşasym,
Eý, nätanyş,
Nätanyş!

Rahat Şyhyyev
14
44
ilhano_va
21.08.2024 10:50
Salam✋
13
265
ilhano_va
20.08.2024 18:07
Zenan diýmek - eneňdir,
Ýary gije ýatandyr,
Daň saz berse dogandyr,
Aňzaklarda doňandyr,
Hor - zar etmejek bolup,
Gije - gündiz eňendir,
Sebäbi, ol eneňdir.

Zenan diýmek - uýaňdyr,
Ýúzúň nury, tuwagy,
Utanjyňdyr, haýaňdyr,
Ýagşy günde begenjiň,
Kyn gúnúňde söýäňdir,
Saňa geljek belanyň,
Öňüňdäki gaýaňdyr,
Sebäbi, ol uýaňdyr.

Zenan diýmek - ýaryňdyr,
Ömürlik ýanýoldaşyň,
Baýlygyňdyr, baryňdyr,
Alawlaýan ojagyň,
Namysyňdyr, aryňdyr,
Keşgiňi deň çekişýän,
Ýakyn howandaryňdyr,
Sebäbi, ol ýaryňdyr.

Zenan diýmek - gyzyňdyr,
Teşne kalbyň gandyrjak,
Aýdymyňdyr, sazyňdyr,
Ömre şatlyk getirjek,
Gül - gunçaly ýazyňdyr,
Ogul bilen deň durjak,
Dowamyňdyr, yzyňdyr,
Sebäbi, ol gyzyňdyr.

Zenan diýmek - dünýedir,
Adamzada dowamdyr,
Gelip - gidýän demiňdir,
Sorup alýan howaňdyr,
Zenan başy dik bolsa,
Ýaşaýşa gúwäňdir.
Ondan gymmat zat bolmaz,
Tumaryňdyr, dogaňdyr.
Çünki zenan - ýaryňdyr.
Çünki zenan - gyzyňdyr.
Çünki zenan - uýaňdyr.
Çünki zenan - ENEŇDIR.

Gurt Nazliyev
13
64
ilhano_va
19.08.2024 23:01
Salam gic ýağşy hemmejâňize. Şeyle sowaly size beresim gelli!
Bir haýwan bolmak şansyňyz bolsady haýsy haýwan bolmak islârdiňiz???
21
443
ilhano_va
19.08.2024 16:33
Bir gün beni fark etdiğinde,beni farketmenin,benim için fark etmicegini,fark edeceksin. . .

Oguz Ataý. . .
12
64
ilhano_va
19.08.2024 00:08
Salam giç yagsy hemmajäňize.Şu gun size şeyle sowal beresim gelli.
Geçmişde ýa-da ýakyn wagtda bir zenanyň ya-da bir oglanyň ýa -da islendik bir adamyň göwnune degip, göwnûne degeniňiz ûçin ökûnip gördünizmi???
18
238