ilhano_va
28.09.2024 11:17
Ýalñyz goýsa, ýaryñ ýedi ýat bolup,
Sowaýarmy içiñ, serpeñde şerap?
Hasratyñ paýlaşýañ ýanyma gelip,
Hamala, Kaýysdan hallaryñ harap.

Ömrüne şatlygy, söýgüni, bagty,
Gelende şol gözel getiren ýaly.
Çolarypdyr daşy aýralyk wagty,
Barja umydynam ýitiren ýaly.

Aýralyk,
Men ony tanaýan öñem,
Eziz Wälidämden edipdi jyda.
Jigilem soraýar:" Atamdyr, enem
nirde?.. Biz olary küýseýäs juda!"

Üç sany doganmyñ başynda hossar,
Aladasyn edýän çyrpynyp herýan.
Şowlulygam özün asmandan asýar,
Şir bolup, başymy dik tutup barýan.

Pelek ýykylaýsañ ýeñsäñden deper,
Söýere wagtam ýok, güzeran işden.
Kakasynyñ pulna şa bolsa köpler,
Jigimiñ ýylgyrşyn görýärin düýşde.

Yşk derdi öldürmez, heder edere,
Başyñ daşdan gaty, gelersiñ üstün.
Göreşsiz-sahnany taşlap gidere,
Durmuş saña çeper film däl, dostum
18
201
timm
3 Oktýabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
okyyjy
29 Sentýabr 2024
@ideallider, @Islam_Atayew, Bolýa bir agza ýalňyş hereket edipdir. Agzalar tarapyndanam, adminler tarapyndanam ýazgaryldy we jeza berildi. Gepi rezin ýaly süýdirip otyrmak hökmanmy sizçe?
okyyjy
29 Sentýabr 2024
@Islam_Atayew, @ideallider, Salam dostlar, ikiňizem aňly-düşünjeli adamlar, uruş dawany ulaldyp otyrman gaýta tersine ony basmarlap aradan aýyrmalydygyny bilýäňiz.
ideallider
29 Sentýabr 2024
@ilhano_va, halan adamymyzyň iňbir erbet söz-hereketleri hem bize gül bolup, ýigrenen adamymyzyň bolsa iň-bir ajaýyp hereketleri bolsa bize kesgir-tiken bolup görüner. Bu şeýlemi?
ideallider
29 Sentýabr 2024
@Islam_Atayew, diýmek men @ilhano_va, agzanyň derejesine görüplik edýändä?! Ine soradym?
flowers_
28 Sentýabr 2024
@Islam_Atayew, hehe bolýa(saña name diyyañdä😁, bolýa, bolýa)
ilhano_va
28 Sentýabr 2024
@ideallider, siz değişip diyyan bolsanyz menem degiserdim yöne godek sözler ulanyanyz. Olam mana erbet degya. Tankytlar yalam men awtory dal ol goşgyn şoň üçin tankytlar hemise açykdyry
flowers_
28 Sentýabr 2024
@Islam_Atayew, bu agzañ içi garalyk etmegi üçin name sebäp bolup biler meselem?
ideallider
28 Sentýabr 2024
Özüň şahyr öýdýän, anyk bilemok. Şahyr diýmäge hakym ýok. Şeýlelikde sen iň bärkisi degişmelere çydaňok, kesgir-tankytlara duşsaň nähili bolýarkaň?🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.