ilhano_va
09.01.2024 23:05
Örän köp ýazýarys Söýgi aýdymyn.
Söýgiň ezýetini çeken-de ýazýar,
Çekmedik-de ýazýar. Ine şeýdibem
Müňlerçe setirler gazete çozýar,
Radio çozýar,
ekrana çozýar.

Posadan öl-myžžyk mawy ekranlar.
Mawy ekranlaryň zolaklaryndan
Posalar
şeýle bir
süýnüp akýarlar –

Gojalar utanyp, öýden çykýarlar.
Gelinler gyzaryp, ýere bakýarlar.
Gyzlar uýaljyrap, ýüzün bukýarlar.
Eneler gulagna pagta çykýarlar.

Eý, Söýgi! Ýollaryň kyndy-la seniň.
Onsuzam lezzetiň kändi-le seniň.
Maňlaýyň, gabagyň, ýaňagyň, agzyň
Batgalyk tokaýa döndi-le seniň...

Söýginiň ugrunda käkelemek bar,
Ah çekmek bar, elin owkalamak bar.

Saçyny, çokulny sypalamak bar.
Görküni, akylny apalamak bar.

Kino, teatra, parka gitmek bar.
Ýagyşda taýmak bar, jorka gitmek bar.

Ýene-de turmak bar, jak-jaklamak bar.
Bilinden ýuwaşja gujaklamak bar...

Eý, Söýgi! Ýollaryň köpdi-le seniň.
Birdenkä ýüregiň gopdy-la seniň.

Şeýle aýdymlary diňlän juwanlar,
Bagda nädip otyr gyzar-öýlänler!

Dodaklaryn goýup birek-birege,
Meňzeşip otyrlar goşa soraga.

Barýar gapdalyndan çal saçly aýal,
Emma dikelenok ol goşa sowal.

Barýar gapdalyndan çagaly ene.
Soraglar has beter gyslyşýar ýene.

Barýar gapdalyndan ak sakgal ata.
Şapbyldyň owazy güýjeýär gaýta.

Bir elinde kitap, birinde goşgy,
Şahyr geçip barýar wasp edip yşgy.

Ýene bir şapbyldy... Gyňralýar şahyr.
Olar diýýär: «Özüň öwredýäň ahyr!..»

...Posadan öl-myžžyk mawy ekranlar.
Ekranlara sygman, baga çykýarlar.

Gije däl, ýagtyda geçýär synaglar.
Bükülişip otyr
Goşa soraglar...

Kerim Gurbannepesow
23
75
ilhano_va
09.01.2024 19:27
Öýkünme

Poeziýa şäriklik, göwni tämizlik –
Mähir-muhebbetiň bollugyndadyr.
Şuwlap geçer gider gelinlik-gyzlar,
Megerem, aslynyň ýelligindendir.

Haşal tutaýmaka gatnaw ýodasyn,
Ýaşlyk ýitirmesin ýaşlyk kadasyn!
Diller gepläp däl-de, öpüp ýadasyn!
Posa – Erem bagyň mellegindedir!

Şahyrlar şahyrdan uzaklaşsalar,
Diňe hoş söz bilen gezekleşseler,
Gaýbana «okaşyp» gujaklaşsalar –
Eýýäm ýürekleriň ölmegindendir.

Ulumsyzlyk meňzär – gyşdaky kölgä,
Pähimlilik meňzär – tomusky jülgä,
Serwi geçirmese bergidir-alga –
Çynaryň üstünden güldügindendir.

Şahyr şahyr bolmaz wezipe bilen.
Şygyr şygyr bolmaz sahyna bilen...
Şägirt görüşmese halypa bilen –
Halypaň halypa däldigindendir.

Säwlik bilen giden dolansa yza,
Bizem garşysynda çökerdik dyza.
Myhman gel, myhman gel,
myhman gel duza,
Bu – seniň gyt, duzuň bollugyndandyr.

Öýküniş goşgusy şuň bilen tamam...
Indiki öz goşgym: salam G. Salam!
«G» harpyn ýazamda – köp zat ýatlaýan:
Bu – pelegiň nika gyýmagyndandyr.

Pelek nikasyna bolmazmyş çäre.
Diňe bir çäre bar: öwrülme köre!
Bu – heniz bedende joşýarka şire –
Bal bolup dammaly diýmegindendir.

Pelek öz nikasyn gyýdymy telek, –
Garşysyna diňe şol çäre gerek.
Ýogsa ýuwaş-ýuwaş sokur bor ýürek,
Bu – müňläp asyryň synagyndandyr.

*Şahyryň öz ýazyşy ýaly çap edilýär.

Kerim Gurbannepesow
16
48
ilhano_va
09.01.2024 15:51
Biri saňa diýipdir:
«Samsygyrak bolmaly!»
«Akyllyrak bolmaly!»
diýipdir ýene biri.
Ikisini aýdan hem
– şygyr älemniň şiri.
Şirleriň ikisi-de
kimdigini bilipdir:
Sende ikisem ýeterlik
Dünýä döräli bari...

Wraç diýdi
Üç hili dolulyk bolup biler:
Birine – gözüň gider,
Birine – gülkiň tutar,
Birine – haýpyň geler.

Oýlandym:
Şahyrlyk hem şoň ýaly bolup biler:
Birine – gözüň gider,
Birine – gülkiň tutar.
Birine – haýpyň geler.

Kerim Gurbannepesow
23
76
ilhano_va
09.01.2024 11:45
Bu, elbetde, biziň üçin gülküli,
Ýöne şeýle zadyň bolanlygy hak.
«Aýal adammyşmy ýa-da dälmişmi?»
Diýen gün tertipli uly bir ýygnak
Bolanmyş bir çak.

Turupdyr şeýle bir uly galmagal,
Galmagal tasdanam ýazanmyş urşa,
Birisi diýipdir: «Beýle zat bolmaz!»
Biri: «Bolar!» diýip çykypdyr garşy.

Birisi sorapdyr: «Nämüçin bolmaz?»
Beýleki sorapdyr: «Nämüçin bolar?»
Gurhandan, injilden mysal getirip,
Üç gije, üç gündiz gepläpdir olar.

Ahyry bir Sesiň köplügi bilen
Aýalyň haýryna çözlüpdir sowal:
Adam hataryna geçipdir aýal...
Şol ýekeje Sesem bolmadyk bolsa,
Onda neneň-niçik aýylganç ykbal
Mynçgardyka seni, eý, sahujemal?

Ol Ses
täleýiňi üýtgetmese-de,
Megerem öňkiňe ýüz esse agyr
Dertlerden gorandyr... Şol ýeke Sese
Minnetdarlyk üçin ýazyldy şygyr.

Kerim Gurbannepesow
19
58
ilhano_va
09.01.2024 00:19
Ýylgyrdyň, kakyldy köňlümiň tary,
Tapylmady derdim aýtmagyň täri,
Ýüregime, talaň salalyň bäri,
Goňşy golamlaňdan özümi bukup,
Otyryn ýene men, gapyňa bakyp.

Hemä has ýakyn men, hemde has uzak,
Nebisim sabryma, kän gurýar duzak,
Keşbiňi görmäge ýekeje gezek ,
Geldim men, nijeme ýodalar söküp,
Otyryn ýenede gapyňa bakyp.

Bilemedim, aýaklam saňa getirdi,
Aý jemalyň görsem, maňa ýeterdi,
Sensiz, ýeke günüm neneň öterdi,
Gije, ýyldyzlara derdimi döküp,
Otyryn ýene men, gapyňa bakyp.

Sen bilýänem dälsiň, seni söýýänim,
Meniň ýaly, söýäýsin her söýýänem,
Bir gün meňki boljagyňy duýýaryn,
Begendiräý, senem öýüňden çykyp,
Otyryn ýene men, gapyňa bakyp.

Gel, diýip çykjagňa bermediň wada,
Ýatlama suratyň, ýetmedi dada,
Öz-özümi atyp hijranly oda,
Göreçlermi, ýeke nokada dikip,
Otyryn ýene men, gapyňa bakyp.

Şükür Allam, seni maňa duşurdy,
Ýüregmizde, juwan söýgi joş urdy,
Maksadymyz, myradyna gowşurdy,
Wagtam, suw deýin gitdsede akyp,
Ýene kän oturdym, gapyňa bakyp.

Ömrüň, günlerini samandeý sowrup,
Kynçylyklar, bizi bilmedi aýryp,
Bu gün, eziz adyň aýdyma öwrüp,
Ilkinji söýgümi döşüme dakyp,
Ýaşap ýörün, seniň gözlerňe bakyp.

Süleýman Tekayew
20
46
ilhano_va
08.01.2024 22:50
«Meniň, nä işimmiş bu zatlar!» diýýäs.
Ol ýalňyşýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol ýaňraýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol aldaýar. Diýýäs: «Meni aldanok,
Illeri aldaýar, Meniň nä işim!»

Görünmeli ýerde görünmese-de,
Görünmesiz ýere irinmese-de,
Goýalmaly ýaşda goýalmasa-da,
Uýalmaly ýaşda uýalmasa-da,
Ýene-de diýýäris: «Goýalman geçsin,
Goý, uýalman geçsin. Meniň nä işim!»

...Ol bolsa:
«Hemme zat meniň öz işim,
Nädemde illeriň nä işi?» diýip,
Maýkasyny çermäp göbegne çenli,
Dyzyndan geçmeýän jalbaryn geýip,
Edil dik garşyňda kofehanada,
Çigit çakyp otyr hüžžerdip döşün.
Sen bolsa diýýärsiň: «Goý, daş gemirsin,
Goý, ýalaňaç gezsin,
Meniň nä işim!»

...Ol ogurlyk edýär. «Meniň nä işim,–
Diýýärsiň – wagt geler, jezasyn çeker».
Ol myjabat ýapýar. «Meniň nä işim, –
Diýýärsiň – hakykat lowurdap çykar»,

Emma jezasynyň gelýänçä wagty,
Lowurdap çykýança hakykatymyz –
Juda çökder düşýär parhlylygymyz.
Juda gymmat düşýär kanagatymyz.

...Ol adamyň eden etmişi uly.
Ol-a ilden bezgek, il ondan bezgek.
Ýygnakda şol hakda sowal goýulýar,
Ýetýär geplemäge saňa-da gezek.

Sen onuň kimdigne bolsaň-da belet,
Ýa çekinip, ýa-da hormatlap ýaşyn,
Geplemek deregne aşak seredýäň:
«Goý, iller geplesin,
Meniň nä işim!»

Soň bir gün düşülýär seniň üstüňden,
Ýaňky gezek alyp hemmeden ozal,
Kiçijik günäli göreçleriňe
Eýmenç ýigrenç bilen aýlaýar nazar

Hem diýýär: «Günäsi juda ullakan.
Jenaýatkär. Suda bermeli işin!»
Sen bolsa şondan soň bilip galýarsyň
Niçiksi zat eken –
«Meniň nä işim!»

...Sen uly aýlykly ullakan işçi.
Emma pul diýleniň üýşüp ýatanyn
Göreňok sen. Nika ýüzükden başga
Ne-hä kümüşiň bar, ne-de altynyň.

Başga biri bolsa haram bagtynyň
Ugrunda hallanlap, otuzki dişin
Ýonduryp, gyzyldan gapladyp otyr.
Sen ýene-de diýýäň: «Menin nä işim!»

Altyn dişli kişi gün-günden azýar,
Ili hem azdyrýar. Güjeňläp dişin,
Bir ajap maşgalaň başyn aýlaýar.
Sen ýene diýýärsiň: «Meniň nä işim!

Aýlasa aýlasyn. Maňa degenok...»
Ol bolsa kem-kemden gaýşardyp döşün,
Seniň duluňa-da ätläp başlaýar.
Soň weli diýeňok:
«Meniň nä işim!»

Gurhanda: «Magşarda gopup harasat,
Asman-ýer çöwrüljek!» diýilýämişin.
Ýer çöwrülmez. Birden çöwrüläýse-de,
Ýeri çöwürjek zat:
«Meniň nä işim!»

Kerim Gurbannepesow
25
79
ilhano_va
08.01.2024 19:04
«Çüýrük dünýe!» diýýärler.
Bu niçiksi çüýrük sen?
Ýaşmagyňy sypyr-da,
Bir baksana bärik sen.

Syrdy Dünýe ýaşmagyn.
Tegelek ýüz açyldy.
Alkymdan nur saçylsa,
Dodakdan bal saçyldy.

Gözüm gamaşyp gitdi.
Ýüzüniň ýalkymyndan.
Sypadym maňlaýyndan,
Ysgadym alkymyndan.

«Çüýrük dünýe!» diýýärler.
Beýle-de çüýrük bormy?
Çüýrügi ysgap bormy?
Çüýrügi sorup bormy?

Gül ekeni durşuna!
Bal ekeni durşuna!
...Hemmämizi hopba edip
Öz togalak gerşine,

Ölçäp
kimiň Ýalana,
Çyna şärikligini,
Dünýäň özi seçip barýar.
Kimiň çuýrükligini.


Kerim Gurbannepesow
21
39
ilhano_va
08.01.2024 15:29
Elbrusa

Misli gosörküçli ak maýa menzes,
Çöküp otyrsyn sen milliard ýyl bäri.
Meger seni
gadym, gadym bir mahal
Çökerip so ýerde bir merdin biri,
«Garasgyn, garasgyn gelýänçäm!» diýip,
Okun-ýaýyn alyp, girendir jene.
Galkanyny alyp, sowduny geýip,
Halkyn bagty üçin gidendir öne.

Emma ýetip bilmän ýenisli dana.
Danyn gujagynda bolandyr gurban.
Sen bolsa «Ol hökman gelmeli!» diýip,
Sunça asyr bäri ýerinden turman,
Otyrsyn ol merdin ýoluna bakyp...
Donupdyr üstünde asyrlan gary.
Bu garry dünýänin tüssesi, posy,
Çany, toty, ysy, gussasy – bary
Tagmasyn bassa-da örküçlerine,
Ýorkasyn basmandyr göreçlerine.
Diri saýat bolup ynsan oglunyn
Haýyr islerine, ser islerine,
Tämizligin kiri.
Haýyryn seri
Ýenjegine bolan ynanjyn bilen,
Otyrsyn öz eýän ýoluna garap,
Adam mertligine buýsanjyn bilen.

Birden ötägitsen ýerinden turup,
Ol gerçek so demde geläýjek ýaly,
Sol bakyp otyrsyn eýän ýoluna,
Garasyp otyrsyn merde wepaly,
Ýadapsyň,
Suwsapsyň,
Ajygypsyň sen.
Örküçleriň egsik, ýüz-gözüň tutuk.
Emma «Garaş!» diýen iň bir aýylganç,
Iň mähirli sözüň sarpasyn tutup,
«Hökman geler!» diýip, sähere bakýaň,
Ýene gijä bakýaň, ýene-de daňa...

Mertlige ynanjyň, dosta wepanyň
Baş nusgasy bolup göründiň maňa.


Kerim Gurbannepesow
22
33
ilhano_va
08.01.2024 12:11
Ol adam kurortda sataşdy maňa,
Nazarkerde adam. Nurana adam.
Bir jaýda bir aýy bile geçirdik,
Bir aýlap dem aldyk menzeş howadan.

Çuňluk alan ýaly düýpsüz derýadan,
Gözi çuňdy. Içi durşuna nurdy.
Uklap ýatyrka-da ol nuruň mähri
Gabagnyň daşyndan lowurdap durdy.

Gözleri-de jomart. Eli-de jomart.
Jomartdy ýüregi. Jomartdy dili.
Ýöne öz bitiren hyzmaty hakda
Bir agyz gepletjek bolaýsaň weli,
Çekip almalydy her bir sözüni...
Pyýada geçipdir Ýewropaň çölün,
Aýagyn goýupdyr Dunaý boýunda,
Şpreý jeňňelinde jaýlapdyr elin.

...Ýene bile barýas bagyň içinden.
Men aýakly barýan, olam pişekli.
Bir maral deňimden ozup geçende,
Birden iki ädim öňe düşmekçi
Boldum-da, ýene-de endamym dyglap,
Goňşymyň deňine çekildim kem-kem.
...Şeýle gerçek kişi güýje mätäçkä,
Adam öz güýjünden utanjak eken.

Bir gün buýsanç bilen gözýaşyn gizläp,
Öz durmuşy hakda açdy ol gürrüň.
Üç ogly bar eken. Üçüsini hem
Faşistler bir dardan asypdyr bir gün.

Azowyň ýanynda, Don jeňňelinde
Dereksiz ýitipdir ýene bir gyzy.
Kempirem ölüpdir. Indi bir öýde
Dört diwar içinde ýalňyz bir özi.

Soň menden sorady: «Näçe çagaň bar?»
Diýdim: «Esliräk bar, üç sany ogul,
Şonçaragam gyz bar. Iň tokarjamyz
Mekdepden attestat getirjek şu ýyl...»

Diňleýär, guwanýar. Ýene soraýar.
Men bolsa düşnüksiz ýygrylyp kem-kem.
...Şeýle ajap adam bagta mätäçkä,
Adam öz bagtyndan utanjak eken.

Kerim Gurbannepesow
19
48
ilhano_va
08.01.2024 00:49
Ve kitabın sonu şöyle bitiyordu. . .
Ol ilk gördüğü sevdiği, tanıdığı insan değildi artık.
Seven ýanilmiş,sevilen ýabancilaşmişti. . .
23
44