ilhano_va
12.02.2024 23:37
Gerek däl. Ötägit. Özüň aklama,
Barybir öz pikirlemden dänmerin.
Meň duýgulam barmaz seniň aklyňa,
Keseki doldurar dolmadyk ýeriň.
"O dünýede hökman duşarys!" diýme,
Şu dünýede gören görgim azmy nä.
Sen zerarly şine ýardy beýnimde
Saňa duşanymdan soňky bar günä.
Ynsap, behişt hakda gürrüň otardyň,
Göz aýlap gördüňmi ylahy ylma?
Gitdiň.
Men maňlaýym tutdum oturdym,
Şol ýerde bir maňlaýyma ýazylma.
Ýogsa How enäniň edenin edip,
Ýene meni düşürersiň şu ýere.
Menem Adam ýaly, ugruňa gidip
Haýyrly pikirlem çalşaryn şere.
Şonuň üçin duşma dagy-duwara,
Sen bar bolsaň jennet maňa haramdyr.
Derdim hakda gürlärin men suwara,
Her setirim ruhumdaky ýaramdyr.
Ýaşa, ýaýna, adamlardan ýaşynma,
Ýaşa dünýäň gowuz ýerin dolduryp.
Hyrydarlaň kän bolsa-da daşyňda,
Menem seni gazanmandym ýol urup.
Eýýup ruhum sabyr eder bar günlem,
Men özümi hiç beladan goramok.
Söýýänimi subut etmändim, indem
Ýigrenýänim üçin ötünç soramok.
Seýitmyrat Geldiýew
19
40
ilhano_va
12.02.2024 19:51
Tylla saçlaryny ýaýdy ikindi,
Seň ýoluňa şo-ol garadym oturdym.
Bu durmuş düýş bolup duýulmaz indi,
Sen ýene kalbyma şowhun getirdiň.
Häzir başga birin salsa-da ýada
Şapaga boýalan galňas köýnegiň,
Gowsy sen barlygyn aňma dünýäde
Öň bir köýüp, soň ýene-de söýmegiň.
Saçlarmy ýat elleň sypanyn duýup,
Diýäýme: “Baryny gürrüň bersene,
Menden öňem birin söýdüňmi?” diýip,
Soraýma, soraýma, ýalbarýan saňa.
Duýulmasyz zatlar duýulman galsyn,
Soralmasyz zatlar galsyn soralman.
Nämä geregi bar bir şowsuzlygy
Ýene-de bir gaýtaladyp ar almaň.
Arzuwly günlerden gürrüň açaly,
Ynan bagtlydygňa, ýürekden söý sen.
Aýdylmasyz zatlaň ýitsin açary,
Bilinmän galýan zat azmy nä eýsem?!
Atajan Annaberdiýew
22
32
ilhano_va
12.02.2024 13:58
Galaýyn men senden umydym üzüp.
Çyk-da git, bes maňa batmasaň gama,
Çyg düşen gije deý gözleriň süzüp.
Göreçleňde görüp durkam aç-açan,
Nämä gerek nadyllygyň gizlemek.
Düşün, bagtsyz üçin giç däl hiç haçan
Bu durmuşdan öz bagtyňy gözlemek.
Giç däl,
Giç däl şindi, kükregin gerip,
Çoýunjak tapylar öçmedik oda.
Çykalga tapýarkaň galma süllerip,
Däl ahyr bu ykbal çykgynsyz ada.
Görmesem-de indi zülpüň ýaýanyň,
Ýaýar zülplerini çyrpynýan üzüm.
Nämä örteneýin, nämä ýanaýyn
Seň bagtly boljagňa ýetýärkä gözüm.
Öz şatlygyn gözlän tapar, dilberim,
Dogulýan ýok hasrat üçin, gam üçin.
Ýok, men seni gamda goýup bilmerin
Öz bagtly bolmagym, şatlygym üçin.
Duşuşygam, aýralygam bizden öň
Bolupdyr,
bolupdyr söýmek-söýülmek.
Şatlygyna şatlanmak bor özgeleň,
Bor özgeleň hasratyna gyýylmak.
Atajan Annaberdiýew
23
101
ilhano_va
12.02.2024 00:41
Hoş gal, ters täleýim, durma duwlanyp,
Hoş gal, ýeriň dört künjüni sermänim.
Hoş gal, dünýäň gap bilinde towlanyp,
Ýere-göge ýerleşmedik armanym.
Bu başy sämedip, gaýyşyp arkan,
Hoş gal, ýaşyl düzüm, porhan bolanym.
Çaga wagtym sallançakda ýatyrkam,
Ýassygmyň teýinde Gurhan bolanym.
Hoş gal, biweç söýgüm, giç gelen güýzüm,
Men giderin galar sende yhlasym.
Nazaryňdan awunaryn ezizim,
Damagyny çalan günüm yhlasyň.
Hoş gal, garyp şemal, hünübirýanym,
Ediber saparyň Zeminde dowam.
Özümem bilemok nirä barýanym.
Hoş gal, gözi ýollarymda bendiwan.
Şähribossan Geldimammedova
20
35
ilhano_va
11.02.2024 20:11
Sensiz gije tüm görünýar,
Maña Günüñ şuglasy pes.
Ýer ýüzüniñ bir ýerinde
Ýatlayansyñ, maña şol bes.
Beýle söýgä garyşmazlyk,
Belki günä, belki hebes.
Iñ esasy darykmazlyk.
Garaşýarsyñ, maña şol bes.
Şükür, sabrym kanagatym,
Maña umyt, arzuw, nepes.
Garrap seni tanamasam,
Sen tanarsyñ, maña şol bes.
Sen meniñ jadyly yşgym,
Ýaşamaga ýalñyz hõwes.
Sen diyip bar zatdan geçdim,
Söýýañ, söýýan. Maña şol bes.
Gülşirin Hanowa
20
32
ilhano_va
11.02.2024 17:09
Guşlar owazyn kesipdir, bilbiller bolupdyr sem,
Ýel togtapdyr ýer üstünde bolup seniň gurbanyň.
A, men bolsa özüñe däl, seniň Allaňa hemem,
Seni gundan garyp eneň ellerine gurbanam.
Sen aýdym aýt, men ýazmasam ýerleşmerin jahana,
Dost-ýarlar terk etdi bizi gamgyn kysmatdan aryp.
Bir şygrym bar olam munda ýaşamaga bahana,
Hemem eden günälerim ýuwmak üçin tutaryk.
Başga hiç zat galmady, göýäki bir gelmişek,
Bakýan tukat depelere, gözleýän ýiten ugrum.
Özümi diri sanardym, sesiň eşidip ölmüşem,
Heniz görüp ýetişmänkäm, Ezraýylyň, suduryn.
Men bir garyp agaç boldum, suwda bitip nahalym,
Köklerim deňze sygmaýar, leňňer atyp bir kysym.
Dostum, burnuňa gelýämi şygrym okan mahalyň,
Ýüregmiň atašy hem-de ýanyk kokusy.
Guşlar owazyn kesipdir, bilbiller bolupdyr sem,
Ýel togtapdyr ýer üstünde bolup seniň gurbanyň.
A, men ýene özüňe däl, seniň Allaňa hemem,
Seni gundan garyp enäň ellerine gurbanam!
Şähribossan Geldimammedowa
20
26
ilhano_va
11.02.2024 13:37
Ýoguny bar edip sowgatlyk üçin,
Bir ýigit alyp dur bir desse güli,
Söýgülsini begendirmek isläpdir,
Fewralyñ ondördi ,,söýgüller güni".
Gyradan syn etdim bolýan ahwala,
Däpmi bu, dessurmy pikrime sygman,
Girdim gül dükana gül almak üçin,
Jübümdäki barja pulumy ýygnap.
Şeýle bir begenýän, guş ýaly uçýan,
Söýgümi bir gyza duýdurmak üçin,
Yzyna hiç bir zat hantama-da däl,
Diñe ,,söýýän sözi" diýdirmek üçin.
Sowgady gowşurdym, gyz hem begendi,
Ysyny ysgady, sypalap güli,
Diýdi,, Ýigit asyl bir günlikmidi?,-
Durmuşda söýmek hem söýülmek güni"...
Baýram Bejidow
20
60
ilhano_va
09.02.2024 12:55
Aýyplaşmaň, hakykaty gözledim,
Ýalan, ýalan,
Ýadadym ýalanlardan,
Ol ýalan, bu ýanan,
Dowzaha zat galmady,
Durmuşdan ýananlardan.
Sen çilim däl, gussa çekýäň,
Şemal çekýär tüssäni.
Jennet gözläp sorap barmaz,
Agyr ýatan hassany.
Ol ygyp ýören çaga kim,
Kimkä onuň hossary.
Ýer horlandy halys dertden,
Derde goýup asmany.
Ýalan däl, dogruçyl ýazjak,
Diýseň eger dessany,
Otdan lagymlardan ýaňa,
Ne çykar galamlardan.
Ýalanlary dogrulajak,
Ýananlara ýanjak bolsaň,
Ýa-da hakykaty tapman,
Ýalan bilen oňjak bolsaň,
Aýak bilen gyzylda-da,
Durman gabra eňjek bolsaň,
Ýagşylyga "sag bol" diýip
Baryn ýere gömjek bolsa,
Goý, munda çyna ýanaly,
Aldanmaly ýalanlara,
Belki, onda dowzah ýokdur
Hakykata ýananlara.
24
42
ilhano_va
08.02.2024 15:27
Köp zat islemedim pany dünýeden,
Derdimiñ derdinden dumanly serim,
Uçmagy arzuwlan göwnümi güýmäp,
Maña symrug guşuñ ýelegni beriñ!.
Herne üzlen ýaly mähir damarym,
Gursagym gussaly, ýürek ýamaly,
Ykbalym süzenok ýagşy- ýamany,
Durmuşyñ süzgüçli elegni beriñ!.
Belki geçmişimde galsyn şol günler,
Eger gaýdyp gelse dörär düwünler,
Kanagadym synýar soñky döwürler,
Kalbyma sabyryñ çelegni beriñ!.
Herkim bir-biregi duzlaşyp barýar,
Geljek ýalan bilen sazlaşyp barýar,
Bu ýollar uzakmy?, azaşyp barýan,
Ýapyşyp ýöräre kelebni beriñ!...
Baýram Bejidow
29
45